Elektroenergetika: hyzmatdaşlygyň dünýä tejribesi | TDH
Ykdysadyýet

Elektroenergetika: hyzmatdaşlygyň dünýä tejribesi

опубликованно 08.04.2015 // 921 - просмотров
 

Şu günler paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Elektrik energiýasynyň halkara söwdasy hem-de elektrik energiýasyny satyn almak we satmak boýunça halkara şertnamalary” atly okuw maslahaty geçirilýär. Ol ABŞ-nyň halkara ösüş agentligi (USAID) tarapyndan guralyp, oňa Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Türkmenenergo” döwlet energetika korporasiýasynyň hünärmenleri gatnaşýarlar.

Elektroenergetika ulgamynda häzirki zaman dünýä tejribesi we halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary pikir alyşmalaryň meselesine öwrüldi. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler we halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmaga tarap ugruň alynmagy bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamyň çalt depginler bilen ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hem-de USAID birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanan netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly ähmiýet berýärler. Bu hyzmatdaşlyk soňky döwürde täze depgine eýe boldy.

Okuw maslahatynyň barşynda kuwwatlyklaryň ätiýaçlyk gorlary bolan ygtybarly elektroenergetika ulgamyny döreden we giňeltmegi dowam edýän Türkmenistanyň halkara energiýa howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmäge işjeň gatnaşmak bilen, elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermegi artdyrmaga taýýardygy bellenildi. Ýurduň eksport mümkinçilikleri täze kuwwatlyklary gurmak we bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň hem-de taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde has-da artýar.

Elektrik energiýasy bazarynyň kadalaşdyryjy-hukuk we ykdysady meselelerine hem-de bu ulgamyň hünärmenlerini — hukukçylary we bazary öwreniji ykdysatçylary taýýarlamak, dünýäniň energetika bazarlarynyň isleglerini öwrenmegiň we seljermegiň häzirki zaman usuly bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter