Azia­da — 2018-de dzýu­do we sam­bo bo­ýun­ça türk­men tür­gen­le­ri­niň çy­kyş­la­ry | TDH
Sport

Azia­da — 2018-de dzýu­do we sam­bo bo­ýun­ça türk­men tür­gen­le­ri­niň çy­kyş­la­ry

опубликованно 31.08.2018 // 910 - просмотров
 

XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry­nyň on üçün­ji gü­nün­de bi­ziň tür­gen­le­ri­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da dzýu­do bo­ýun­ça jem­leý­ji ýa­ryş­lar ge­çi­ril­di.

100 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­de Ba­tyr Ho­ja­mu­ham­me­do­wyň we 90 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram­da Te­jen Te­je­no­wyň çy­kyş­la­ry örän meň­zeş hä­si­ýe­te eýe bol­dy. 1/8 fi­nal­da il­deş­le­ri­miz bäs­deş­le­rin­den ýe­ňil­lik bi­len üs­tün çyk­dy­lar. B.Ho­ja­mu­ham­me­dow Hy­taý Taý­be­ýin­den bäs­de­şi­ni eý­ýäm 49-njy se­kunt­da ýe­ňip, dzýu­do — ip­pon­da iň ýo­ka­ry ba­ha­ny al­dy. Şeý­le hem bi­ziň beý­le­ki päl­wa­ny­my­zyň in­do­ne­zi­ýa­ly tür­gen bi­len tut­lu­şy­gy di­ňe 12 se­kunt çalt ta­mam­lan­dy.

Çär­ýek fi­nal ýa­ryş­la­ryn­da bi­je bo­ýun­ça türk­me­nis­tan­ly­la­ra Ýa­po­ni­ýa­dan Ken­ta­ro Iida we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan Gwak Don Han ýa­ly örän güýç­li — at­ly dzýu­do­çy­lar düş­di. Bi­ziň tür­gen­le­ri­mi­ziň tu­tan­ýer­li­li­gi­ne hem-de ýeň­şe bo­lan erk-is­le­gi­ne ga­ra­maz­dan, olara ýa­rym fi­na­la çyk­mak ba­şart­ma­dy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, tür­gen­le­ri­mi­ziň bäs­deş­le­ri­niň iki­si hem ne­ti­je­de Azi­ýa oýun­la­ry­nyň çem­pion­la­ry bol­du­lar. Bi­ziň il­deş­le­ri­miz B.Ho­ja­mu­ham­me­dow we T.Te­je­now hö­wes­len­di­ri­ji gö­reş­ler­de hem üs­tün­lik ga­za­nyp bil­me­di­ler.

Sam­bo bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ra hem ba­dal­ga be­ril­di. 48 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de Aý­na Za­ri­po­wa 1/8 fi­nal­da şow­suz­lyk­dan soň­ra ol bü­rünç me­dal ug­run­da gö­reş­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän ýa­ryş­la­ra gat­naş­ma­gy­ny do­wam et­di. Em­ma eý­ran­ly bäs­de­şi bi­len tut­lu­şyk hem bi­ziň tür­ge­ni­mi­ze üs­tün­lik ge­tir­me­di.

Er­tir bi­ziň il­deş­le­ri­miz sam­bo bo­ýun­ça jem­leý­ji bäs­le­şik­le­re gat­na­şar­lar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter