Birža täzelikleri 28-nji Mart | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri 28-nji Mart

опубликованно 28.03.2015 // 841 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Hytaýdan we Owganystandan gelen telekeçiler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar. Mundan başga-da maşyn gurluşygy üçin ätiýaçlyk şaýlary, arassalanan pagta ýagy we nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Täjigistan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 million 83 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 88 müň manatlykdan gowrak möçberde polipropilen (TNGIZT) satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter