Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

опубликованно 05.09.2018 // 1161 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň 2018-nji ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Ýaragly Güýçleriň ýakyn geljek üçin işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän edarasynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina bilen baglylykda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň öňünde goýlan möhüm wezipelere ünsi çekip, Ýaragly Güýçlerimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalaryny degişli derejede ýerine ýetirmegiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby bölümleriň dessin, söweşjeň we ykjam taýýarlygy bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, serkerdeler düzüminiň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow Içeri işler ministrliginiň ýylyň başyndan bäri düzgün bozmalaryň, awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde guralýan çäreler barada habar berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Içeri işler ministrliginiň ähli düzümleriniň sazlaşykly işlemegi üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady. Islendik düzgün bozmalaryň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri netijeli guramak meselelerine aýratyn üns bermek zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýollarynda medeniýetli alyp barmagy wagyz etmek, ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň onuň howpsuzlygy üçin şahsy jogapkärlidigini düşündirmek boýunça çäreleri bu edaranyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Goranmak ministri B.Gündogdyýew ministrlikde şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Goşunlaryň ähli kysymlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 27 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek harby ýörişe taýýarlyk meselesi hasabatyň esasyny düzdi.

Hormatly Prezidentimiz Goranmak ministrliginiň işini kämilleşdirmegiň harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadygyny belläp, goşunlaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz olaryň söweşjeň taýýarlygyny üpjün etmek, harby gullukçylaryň söweşjeň ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli okuw mekdeplerinde bilim, syýasy-terbiýeçilik, ylmy-tehniki we jemgyýetçilik işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny aýdyp, ministrligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan dabaralaryň aýrylmaz nyşanlarynyň biri bolup durýan harby ýörişe taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri aýratyn gözegçilikde saklamak gerek diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew hasabat döwründe häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda kazyýet işini guramak boýunça durmuşa geçirilen işler, edaranyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, görülýän toplumlaýyn çäreleriň türkmenistanlylaryň abadançylygyň bähbidine netijeli bolmalydygyny, olaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň takyk üpjün edilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Baş prokuror B.Atdaýew ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleri, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu edaranyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ýurdumyzda kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişine degişli derejede gözegçiligi amala aşyrmagy, prokuror işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreler görmegi tabşyrdy.

Mejlisiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz prokurorlary wezipä bellemek hem-de boşatmak hakynda degişli resminamalara gol çekdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew Türkmenistanyň serhedindäki ýagdaý hem-de ýolbaşçylyk edýän edarasynyň şu ýylyň geçen döwründe alyp baran işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem bu edaranyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmagyň barşy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýändigini belledi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan özygtyýarly döwlet hökmünde Harby doktrinanyň esasynda ýurdumyzyň ýokary goranyş ukybyny saklamak, milli goşunymyzy iň täze ýörite serişdeler, söweşjeň we beýleki tehnikalar bilen üpjün etmek maksady bilen özgertmeleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Belent Serkerdebaşymyz ata Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmegiň esasy talap bolup durýandygyny aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna gaýduwsyz serhetçileriň beden, taktika we söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmagy talap etdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow sekiz aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, gullugyň ýolbaşçysyndan edaranyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi, bu ulgama öňdebaryjy halkara tejribesini giňden ornaşdyrmagy talap etdi. Döwlet Baştutanymyz harytlary we ulag serişdelerini Türkmenistanyň gümrük serhedi arkaly geçirmegiň tertibini üpjün etmek meselelerini üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belläp, degişli işleri geçirmek boýunça şertleriň berjaý edilmegine berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Soňra adalat ministri B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň hereket edýän kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ýurdumyzyň goşulan halkara resminamalarynyň kadalaryny kanunçylyga ornaşdyrmak babatda teklipleri taýýarlamak boýunça ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alnyp barylýan işleriň ähmiýetini nygtap, kanunçykaryjylyk işini hukuk taýdan üpjün etmäge gatnaşmagyň ministrligiň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Mundan başga-da, güýje girýän kanunçylyk namalaryny ilata düşündirmek işlerini geçirmäge uly üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow hasabat döwründe edaranyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz migrasiýa ulgamynda ýurdumyzyň halkara ylalaşyklaryndan gelip çykýan borçlarynyň birkemsiz ýerine ýetirilmeginiň, bu ulgamda bikanun hereketleriň ýüze çykarylmagynyň we öňüniň alynmagynyň bu düzümiň öňünde durýan esasy talaplaryň biridigini nygtady.

Soňra Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, korrupsiýa garşy göreşmek baradaky maksatnamanyň durmuşa geçirilişi hem-de hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça birnäçe guramalarda geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň bu ugurdaky syýasatynyň durmuşyň dürli ulgamlarynda ýaramaz nogsanlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýan şertleri aradan aýyrmak boýunça köptaraplaýyn we yzygiderli çäreleri amala aşyrmakdan ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu nogsanlyga garşy göreşmek maksady bilen hukuk, ykdysady we guramaçylyk gurallaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamagyň gullugyň işiniň esasy ugurlarynyň biridigini aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, Garaşsyz Watanymyzyň oňyn bitaraplyk ýörelgesine ygrarlydygyny hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan we parahatçylygyň hem-de asudalygyň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we raýatlarymyzyň abadançylygynyň ygtybarly kepili bolup çykyş edýän milli Harby doktrinanyň düzgünlerine berk eýerýändigini nygtady.

Milli Liderimiz giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde amala aşyrylýan reformalaryň ähmiýetini belläp, birnäçe ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny täzelemek şol özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridir.

Işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda ähli ýaragly düzümleriň işiniň usullaryny kämilleşdirmegiň zerurdygyny, şol sanda dünýä tejribesini öwrenmek, ýokary hünärli, halal, düzgün-tertibi ileri tutýan, häzirki zaman ýörite tehnikasyny dolandyrmaga ukyply we daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenleri taýýarlamak arkaly işleri kämilleşdirmegiň zerurdygyny ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Harby işgärleriň talabalaýyk gulluk etmegi hem-de olaryň maşgala agzalarynyň göwnejaý ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek ýurdumyzda bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridir diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi.

Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ata Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap ynamly öňe gitmeginiň möhüm şerti bolan kanunçylygy we tertip-düzgüni birkemsiz berjaý etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki käbir meselelere hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara möhüm we jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter