Türkmenistanyň senagatçylaryň we telekeçileriň gazananlarynyň sergisi öz işini tamamlady | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň senagatçylaryň we telekeçileriň gazananlarynyň sergisi öz işini tamamlady

опубликованно 18.03.2015 // 1224 - просмотров
 

Aşgadat, 18-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününiň 7 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gözden geçiriliş öz işini tamamlady. Bu giň möçberli çäräni ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.

Giň möçberli sergi milli ykdysadyýetimiziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýan hususy pudagynyň gazanýan üstüniklerini, kiçi we orta telekeçiliginiň geljegi uly başlangyçlaryny giňden beýan etdi.

Iki günüň dowamynda Sergi köşgünde aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi gelip gördi. Olar hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň, ýurdumyzyň dürli künjekleriniň we paýtagtymyzyň aýry-aýry telekeçileriniň işleri bilen tanyşdylar.

Sergä 180 wekil gatnaşyp, onda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň partiýasy, birleşigiň “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň düzümleýin bölümleri we ýurdumyzyň telekeçilik ulgamyndaky möhüm wakalary we üstünlikleri giňden beýan edýän “Rysgal” gazeti öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. “Birleşme gurluşyk” kärhanasy “Bäsdeş” Söwda öýi, “Telekeçilik mekdebi” hem sergide çykyş etdi.

Sergide ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň möhüm ugurlaryny, olaryň gazanýan üstünliklerini, eksport mümkinçiliklerini, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, azyk harytlarynyň we balyk hojalygynyň önümçiligi ýaly pudaklardaky geljekki ugurlaryny beýan etdi. Iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy netijesinde hili, görnüşleri we bezeg aýratyklyklary boýunça daşary ýurtlardan getirilýän harytlardan pes bolmadyk önümler häzirki döwrüde ýurdumyzyň içerki bazarlaryny dürli görnüşli et we şöhlat, süýt we süýt önümleri, çörek-bulka hem-de süýji-kökeler, doňdurmalar, süýji tagamlar we miwe şerbetleri bilen üpjün edýär. Şunlukda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Türkmen telekeçiler mebel önümçiligini, tikinçilik işini, neşirýat ulgamyny, durmuş-himiýa önümçiligini, bagçylygy, şol sanda ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýola goýulýan hyzmatlaryň dürli görnüşlerini özleşdirýärler. Şeýle hem olar bilim, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport, mahabat işine mynasyp goşant goşýarlar.

Ýurdumyzyň telekeçileri gurluşyk we gurluşyk senagatynda has-da işjeňlik görkezýärler. Ýurdumyzda senagat, medeni-durmuş düzümleriniň, ulag we energetika pudagynyň sazlaşykly ösýän döwründe türkmen telekeçileri bu ugur boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirýärler. Ýerli gurluşyk kompaniýalary we firmalary Aşgabat şäherini we ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar.

Diňe geçen ýylyň dowamynda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" ýerine ýetirmegiň çäklerine türkmen telekeçileriniň tagallasy bilen köp sanly döwrebap mekdepler, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary, sport toplumlary, medeniýet merkezleri, amatly ýaşaýyş jaýlary we başga-da, medeni-durmuş maksatly binalar gurlup, ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda onlarça kilometre barabar ýollar guruldy, elektrik geçirijiler, suw üpjünçilik ulgamy çekildi.

Ykdysadyýetiň hususy ulgamyna degişli möhüm desgalaryň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Geçen ýylyň dekabr aýynda paýtagtymyzda açylan “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň, “Telekeçi” söwda merkeziniň we Aşgabadyň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda gurlan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkeziniň täze binasynyň açylmagy bu ugurda ägirt uly işleriň bitirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkeziniň maslahat zalynda birleşmäniň döredilen gününiň 7 ýyllygy mynasybetli guralan sergi bilen ugurdaş maslahat geçirildi. Oňa birleşmäniň wekilleriniň 600-den gowragy gatnaşdy. Şeýle hem bu duşuşyga Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Belarusuň işewür toparlaryndan düzülen wekiliýetleriň agzalary çagyryldy.

Maslahatyň barşynda birnäçe ýerli kompaniýalaryň we firmalaryň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, geljekki meýilnamalary barada çykyş etdiler.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň telekeçileriniň işiniň giň möçberli we köpugurly häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzda hususy telekeçiligi höweslendirmek we goldamak boýunça döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreleriň oňyn netije berýändigini alamatlandyrýar. Ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmegi we netijeli döwlet goldawynyň esasynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan we ýerli serişdelerden ýokary hilli we daşary ýurtlara ugradylýan önümleri öndürýän iri hususy kärhanalar emele gelýär.

Önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokary derejede döwrebaplaşdyrylmagy, ýurdumyzda ýokary hilli harytlaryň bolçulygy, ilata hödürlenýän hyzmatlaryň mümkinçilikleriniň artmagy, önümçilik bazarynda sagdyn bäsdeşligiň ýokarlanmagy ýurdumyzyň telekeçilik pudagynyň yzygiderli ösýändiginiň we olaryň täze işjeň başlangyçlary öňe sürýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Maslahatyň barşynda milli ykdysadyýetimiz üçin geljekki uly ugurlarda telekeçilik işini has-da artdyrmak, maýa goýum işini ýokarlandyrmak, içerki we daşarky bazaryň ýagdaýyny öwrenmek, daşary ýurtly kompaniýalar, kärhanalar bilen ýygjam gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek, Türkmenistanyň hyzmatdaş ýurtlar bilen ozal gazanan ylalaşyklaryny ýerine ýetirmek baglanyşykly birnäçe meselere ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunlukda, obasenagat toplumynda, gurluşyk materiallarynyň önümçiliginde we beýleki pudaklarda ösüşiň geljegi we oňyn başlangyçlar babatda “Ak kenar”, “Agzybirlik”, “Nurly öý” hususy kärhanalaryň, “Bereketli”, “Sahabatly”, “Merdem”, “Ferhar” we beýlekiler ýaly hojalyk jemgyýetleriniň ýolbaşçylary täzeçil pikirleri aýtdylar.

Maslahatyň çäklerinde ýylyň jemleri boýunça ýokary netije gazanan kärhananalary ýörite sylaglar gowlşuryldy

Telekeçileriň ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem daşary ýurtly kärdeşleri bilen guralýn duşuşyklary, gatnaşyklary özara gyzyklanmalaryň artmagyny, hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň emele gelmegini şertlendirýär.

Şeýle hem serginiň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin içerki bazarda işjeňlik görkezýän we halkara derejesine çykýan hususy kärhanalar bilen tanyşlyk çäresi guraldy. Olaryň hatarynda “Aýbölek “ mebel fabrigi, “Hasar” we “Merdem” köke-süýji önümlerini öndürýän kärhanalar, dürli şöhlat önümçiligini alyp barýan “Bereketli” we maldarçylyk önümlerini gaýtadan işleýän “Sahabatly” kärhanalary bar.

Şeýlelikde, senagatçylaryň we telekeçileriň ýurdumyzyň hususy ulgamynyň täze mümkinçiliklerini, olaryň milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşýan goşandyny beýan eden sergi öz işini tamamlady.

Giň möçberli serginiň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.

Sergä hem-de maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda hususy telekeçiligiň ösdürilmegine yzygiderli üns we goldaw berýä milli Liderimize hoşallyk sözleri aýdylýar. Telekeçiler möhüm döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine, ýurdumyzyň dünýä ösüşinde öňdäki hatarlara çykmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter