Türk­men-awst­ri­ýa işe­wür­ler fo­ru­my — işe­wür Ýew­ro­pa bi­len gep­le­şik­ler üçin oňaý­ly meý­dan­ça | TDH
Ykdysadyýet

Türk­men-awst­ri­ýa işe­wür­ler fo­ru­my — işe­wür Ýew­ro­pa bi­len gep­le­şik­ler üçin oňaý­ly meý­dan­ça

опубликованно 06.09.2018 // 571 - просмотров
 

Awst­ri­ýa­nyň paý­tag­tyn­da, “Savoyen Vien­na” myh­man­ha­na­syn­da Türk­men-awst­ri­ýa işe­wür­ler fo­ru­my ge­çi­ril­di. Oňa ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň uly we­ki­li­ýe­ti, Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň döw­let dü­züm­le­ri­niň hem-de işe­wür to­par­la­ry­nyň, beý­le­ki Ýew­ro­pa döw­let­le­ri­niň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň en­çe­me­si­niň ýo­ka­ry we­zi­pe­li we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Je­mi türk­men we da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 130-a go­la­ýy öza­ra bäh­bit­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dy­lar.

We­ki­li­ýe­ti­mi­ziň ag­za­la­ry­nyň nyg­taý­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýew­ro­pa­ly hyz­mat­daş­lar bi­len gat­na­şyk­la­ra, şol san­da işe­wür­ler dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da gö­ni hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga uly äh­mi­ýet be­rip, türk­men te­le­ke­çi­li­gi­ni ös­dür­mek üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýär.

Awst­ri­ýa ta­ra­pyn­dan Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň wi­se-prem­ýe­ri R.Şens hem-de şu dü­zü­miň baş sek­re­ta­ry K.Kopf gut­lag sö­zi bi­len çy­kyş et­di­ler. Soň­ra Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Fe­de­ral Yk­dy­sa­dy Pa­la­ta­sy­nyň Gün­do­gar Ýew­ro­pa we Mer­ke­zi Azi­ýa bi­len da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­la­ry bo­ýun­ça se­bit di­rek­to­ry M.An­ge­rer hem-de Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýew­rob­ren­ding ins­ti­tu­ty­nyň di­rek­to­ry G.Hre­bi­çek, Ýew­ro­pa­nyň Abat­la­ýyş we ösüş ban­ky­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bo­ýun­ça di­rek­to­ry N.Mak­keýn hyz­mat­daş­ly­gyň wa­jyp me­se­le­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­dy­lar.

Işe­wür­ler mas­la­ha­ty­na şeý­le hem Awst­ri­ýa­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­den, Yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gin­den, Işe­wür­ler gu­ra­ma­syn­dan, Se­na­gat­çy­lar bir­leş­me­sin­den jo­gap­kär adam­lar gat­naş­dy­lar. GFR-iň Mer­ke­zi Azi­ýa­da­ky işe­wür­lik bo­ýun­ça ge­ňe­şi, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň “Türk­me­nis­tan­da döw­let do­lan­dy­ry­şy­nyň ösü­şi­ni gol­da­mak” tas­la­ma­sy hem-de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň “EU Pro­ject SARD III” we “Türk­me­nis­tan­da oba ho­ja­ly­gy­ny we dur­nuk­ly oba­ny ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­mek” tas­la­ma­sy türk­men-awst­ri­ýa fo­ru­my­na öz we­kil­le­ri­ni ýol­la­dy­lar.

Gör­ke­zi­len wi­deo­film hä­zir­ki Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty ba­ra­da aý­dyň­lyk bi­len gür­rüň ber­di. On­da ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ama­la aşy­ry­lan ägirt uly öz­gert­me­ler öz be­ýa­ny­ny tap­dy.

Şu du­şu­şy­gyň bar­şyn­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň we ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň dür­li ul­gam­la­ryn­da, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ba­bat­da gat­na­şyk­la­ry tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­gyň ýol­la­ry, Türk­me­nis­tan bi­len Awst­ri­ýa­nyň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy­ny gi­ňelt­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri öw­re­nil­di. Ta­rap­lar iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň ýag­da­ýy­na ga­ra­dy­lar, mun­dan beý­läk gat­na­şyk­la­ryň gel­je­gi­ni sel­jer­di­ler we ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar­da bi­le­lik­dä­ki işiň anyk me­ýil­na­ma­la­ry­ny bel­le­di­ler.

Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar hyz­mat­daş­ly­gyň uly müm­kin­çi­li­gi­niň bar­dy­gy­ny bel­läp, go­şu­lyş­ma­gyň tä­ze usul­la­ry­ny göz­le­me­giň wa­jyp­dy­gy ba­ra­da bir pi­ki­re gel­di­ler, fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len tek­lip­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.

Hu­su­san-da, 2017-nji ýy­lyň iýun aýyn­da We­na­da açy­lan Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň we­kil­ha­na­sy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri bel­le­nil­di. Bu we­kil­ha­na ýur­du­my­zyň hem-de Ýew­ro­pa­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň ara­syn­da bag­la­nyş­dy­ry­jy mer­kez bo­lar, eks­port-im­port amal­la­ry­nyň hem-de öza­ra ibe­ril­ýän ha­ryt­la­ryň we hyz­mat­la­ryň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga, şeý­le hem iki döw­le­tiň ho­ja­lyk dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga ýar­dam eder.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýur­du­myz­da se­na­gat we hyz­mat ediş kär­ha­na­la­ry­ny dö­ret­mek, türk­men önüm­le­ri­ni Awst­ri­ýa­nyň we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň beý­le­ki ýurt­la­ry­nyň ba­zar­la­ryn­da iler­let­mek üçin Awst­ri­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň tej­ri­be­si­ni we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny çek­mek bo­ýun­ça türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň öňün­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mek ba­ra­da gür­rüň edil­di.

Bu iş­de we­ki­li­ýet­le­ri alyş­ma­ga, iş sa­par­la­ry­ny, okuw­la­ry hem-de ta­nyş­lyk sa­par­la­ry­ny gu­ra­ma­ga, dür­li ugur­lar bo­ýun­ça iri hal­ka­ra fo­rum­la­ra hem-de pu­dak­la­ýyn ser­gi­le­re gat­naş­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy, Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Fe­de­ral yk­dy­sa­dy pa­la­ta­sy, iki ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ne ýa­kyn­dan ýar­dam ber­ýän Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Aş­ga­bat­da­ky il­çi­ha­na­sy­nyň Söw­da we­kil­ha­na­sy we onuň mas­la­hat­çy­sy mö­hüm orun eýe­le­ýär.

Bu­la­ryň äh­li­si uzak möh­let­li hyz­mat­daş­ly­ga, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ba­şy­ny baş­lan yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­ga, hu­su­san-da, Türk­me­nis­tan­da önüm­çi­lik top­lum­la­ry­ny gur­mak bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­ga, azyk we beý­le­ki önüm­le­ri ön­dür­mek üçin iň tä­ze en­jam­la­ry iber­mä­ge we beý­le­ki­le­re uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Fo­rum­da “Ha­zar ba­lyk”, “Guş top­lu­my” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri, “Hoş za­man” we “Be­re­ket­li” ho­ja­lyk jem­gy­ýet­le­ri, “Be­ýik Ýü­pek ýo­ly” hu­su­sy kär­ha­na­sy, “Der­ýap­las­tik” ýa­ly iri kär­ha­na­la­ryň we beý­le­ki­le­riň, şol san­da sy­ýa­hat­çy­lyk fir­ma­la­ry­nyň, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän, gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry türk­men işe­wür­li­gi bi­len ta­nyş­dyr­dy­lar. Bi­ziň we­ki­li­ýe­ti­mi­ziň dü­zü­mi­ne şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň şertli belgiler bo­ýun­ça mil­li gu­ra­ma­sy­nyň, “Rys­gal” paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň, “Aw­to­ban” we “Türk­men ka­liý” ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Ulag-lo­gis­ti­ka as­so­sia­si­ýa­sy­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ma­za­ri-Şe­rif şä­he­rin­dä­ki (Ow­ga­nys­tan) Söw­da öýü­niň we­kil­le­ri gir­di­ler.
Awst­ri­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň ne­şir­ýat ul­ga­myn­da öň­den gel­ýän hyz­mat­da­şy “Hei­del­berg”, şeý­le hem “De­loit­te Aust­ria”, “En­gi­nee­ring Do­ber­sek GmbH”, “Nou­ri­wit”, “Gebrüder Weiss”, “Ra­il Car­go Aust­ria”, “Glo­bal GAP” we beý­le­ki­ler bar.

Işe­wür­ler mas­la­ha­tyn­da ulag we lo­gis­ti­ka, gur­lu­şyk hem-de dü­züm­ler, se­na­gat we oba ho­ja­lyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry azyk se­na­ga­ty we beý­le­ki­ler hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­ne yna­nan tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek ba­bat­da dag-mag­dan işin­de we aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny gur­mak­da Ýew­ro­pa­nyň tej­ri­be­si­ni öw­ren­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­di.

Du­şu­şyk­da ga­ra­lan beý­le­ki me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da da­şa­ry ýurt­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik hem-de eks­por­ty hö­wes­len­dir­mek bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­la­ry bar, ola­ra la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da in­no­wa­si­ýa hä­si­ýet­li kär­ha­na­la­ryň, şol san­da gur­lu­şyk, hi­mi­ýa, dur­muş mak­sat­ly we beý­le­ki önüm­le­riň giň gör­nüş­le­ri­ni ýer­li çig ma­lyň esa­syn­da ön­dür­ýän des­ga­la­ryň on­lar­ça­sy­nyň, ba­lyk önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek we ön­dür­mek bo­ýun­ça kär­ha­na­la­ryň gur­lu­şy­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.

Türk­me­nis­tan­da hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da, ýe­ňil se­na­gat­da, ma­şyn­ gur­lu­şy­gyn­da we beý­le­ki­ler­de hä­zir­ki wagt­da ama­la aşy­ry­lan köp san­ly tas­la­ma­lar te­bi­gy hem-de mi­ne­ral — çig mal se­riş­de­le­ri­niň top­lum­la­ýyn öz­leş­di­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Bu mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň esa­sy bö­le­gi­ni döw­le­ti­miz Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­ne ynan­dy.

We­ki­li­ýet­le­riň ýol­baş­çy­la­ry türk­men — awst­ri­ýa hyz­mat­daş­ly­gy­nyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni bel­läp, şu ge­zek­ki işe­wür­ler mas­la­ha­ty­ň bar­şyn­da ga­za­ny­lan hem-de de­giş­li tes­wir­na­ma­lar­da (je­mi 10-dan gow­rak iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma) ber­ki­di­len tä­ze yla­la­şyk­la­ryň, öza­ra me­ýil­le­riň do­ly möç­ber­li hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.

Şeý­le hem mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di, ola­ryň do­wa­myn­da ma­ýa go­ýum hyz­mat­daş­ly­gy­nyň, bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ry dö­ret­me­giň, hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da, ýük gat­naw­la­ry­ny gu­ra­mak­da, in­no­wa­si­ýa hä­si­ýet­li en­jam­la­ry iber­mek­de we beý­le­ki ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ýew­ro­pa eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa türk­men mi­we, bak­ja, oza­ly bi­len bol­sa ga­wun önüm­le­ri­ni iber­mek me­se­le­si uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.

Hä­zir­ki­ za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak ul­ga­myn­da tej­ri­be alyş­mak mak­sa­dy bi­len türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň Awst­ri­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy kär­ha­na­la­ry­na, şol san­da mal­dar­çy­lyk hem-de et-süýt önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi, gök önüm­le­ri we mi­we­le­ri gaý­ta­dan iş­le­mek ul­ga­myn­da ýö­ri­te­le­şen kär­ha­na­la­ra ta­nyş­lyk sa­par­la­ry gu­ral­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow hal­ka­ra işe­wür­ler mas­la­hat­la­ry­ny ge­çir­mek bo­ýun­ça gör­kez­me­le­ri ber­mek bi­len şeý­le çä­re­le­riň söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na we gi­ňel­dil­me­gi­ne, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne Türk­me­nis­ta­nyň ma­ýa go­ýum we eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gör­ke­zil­me­gi­ne, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ryň iler­le­dil­me­gi­ne, onuň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýo­ka­ry hü­när de­re­je­sin­de hyz­mat­daş­ly­gyň uzak ­möh­let­le­ýin me­ýil­na­ma­la­ry üçin bin­ýa­dyň go­ýul­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­li­gi­ne türk­men ha­ryt­la­ry­ny da­şa­ry ba­zar­lar­da, şol san­da Ýew­ro­pa ug­ry bo­ýun­ça ýer­le­mek we ösüş mil­li mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de uly or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­le­ýär. We­na­da ge­çi­ri­len Türk­men-awst­ri­ýa işe­wür­ler mas­la­ha­ty bu ugur­da ýe­ne bir mö­hüm ädim bol­dy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter