Türkmen samboçylarynyň Çarwadarlaryň oýunlaryndaky üstünligi | TDH
Sport

Türkmen samboçylarynyň Çarwadarlaryň oýunlaryndaky üstünligi

опубликованно 07.09.2018 // 846 - просмотров
 

Şu gün Gyrgyzystanda geçirilýän Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda sambo boýunça ýaryşlar başlandy, onda türkmenistanly türgenler ýeňiş gazanmagy başardylar. Biziň ýygyndymyz ýene-de üç medala — iki altyn we bir bürünç medala mynasyp boldy.

Yzgant şäherçesiniň sport mekdebiniň tälimçisi Kerim Allanurow 57 kilograma çenli agramlyk derejesinde öz toparyna ýokary derejeli baýragy getirdi. Şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Rahat Bäşimow (74 kilograma çenli agramda) altyn medala mynasyp boldy.

Milli sport we syýahatçylyk institutynyň üçünji ýyl talyby Parahat Bäşimow (82 kilograma çenli agramlyk derejede) ýaryşyň bürünç medalyny gazanmagy başardy.

Oýunlaryň alty gününiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy eýýäm 27 medala — 10 altyn, 5 kümüş we 12 bürünç medala mynasyp boldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter