Birža täzelikleri 28-nji Fewral | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri 28-nji Fewral

 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Pakistandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyk kerosinini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, M-100 kysymly mazudy we awtoulag ýagyny satyn aldylar.

Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Şweýsariýadan, Täjigistandan gelen täjirler daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, pagta-süýümi we portlandsement satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 75 million 381 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin, umumy bahasy 137 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter