Türk­me­nis­tan­da Tai­land Pa­ty­şa­ly­gy­nyň il­çi­si işe baş­la­dy | TDH
Syýasat habarlary

Türk­me­nis­tan­da Tai­land Pa­ty­şa­ly­gy­nyň il­çi­si işe baş­la­dy

опубликованно 13.09.2018 // 922 - просмотров
 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa Tai­land Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si ha­nym Pan­ti­pa Iam­sud­ha Ýe­ka­ro­hit­den ynanç ha­ty­ny ka­bul et­di.

Mil­li par­la­men­tiň ýol­baş­çy­sy döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň adyn­dan Tai­lan­dyň do­ly yg­ty­ýar­ly we­ki­li­ni jo­gap­kär­li dip­lo­ma­tik we­zi­pä bel­le­nil­me­gi bi­len gut­lap, iki ýur­duň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Il­çi öz no­ba­tyn­da hoş­ni­ýet­li ar­zuw­lar üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mä­ge hem-de iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan et­di.

Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da il­çi Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy, giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek şol sy­ýa­sa­tyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şeý­le hem dip­lo­mat mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da we jem­gy­ýe­tiň dur­mu­şyn­da ama­la aşy­ryl­ýan tas­la­ma­lar bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Hu­su­san-da, ila­ty sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne çek­mek, spor­ty we sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­le­riň oňyn­dy­gy bel­le­nil­di.

Ha­nym Pan­ti­pa Iam­sud­ha Ýe­ka­ro­hit Mej­li­siň dü­zü­mi hem-de köp­ta­rap­la­ýyn iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy.

Tai­lan­dyň do­ly yg­ty­ýar­ly we­ki­li öz ýur­du­nyň Türk­me­nis­tan bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn iş­jeň­leş­dir­mä­ge hem-de gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän dür­li ugur­lar bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe bo­lan iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki döw­rüň ýag­daý­la­ry­na hem-de öza­ra bäh­bit­le­re la­ýyk gel­ýän türk­men-tai­land gat­na­şyk­la­ry­ny tä­ze de­re­jä çy­kar­mak üçin äh­li şert­le­re eýe bo­lup dur­ýan­dy­gy­na ynam bil­di­ril­di. Şeý­le hem iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ber­kit­me­giň mö­hüm şer­ti bo­lup hyz­mat ed­ýän par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge taý­ýar­ly­gyň bar­dy­gy bel­le­nil­di.

***

Şu gün Tai­land Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de ka­bul edil­di. Döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy.

Şeý­le hem mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gin­de, “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­nin­de hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­sin­de du­şu­şyk­lar göz öňün­de tu­tul­dy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter