Malaýziýanyň syýahatçylyk ulgamy türkmen bazaryny nazarlaýar | TDH
Ykdysadyýet

Malaýziýanyň syýahatçylyk ulgamy türkmen bazaryny nazarlaýar

опубликованно 18.02.2015 // 842 - просмотров
 

Malaýziýanyň syýahatçylyk baradaky hünärmenleri Türkmenistanyň syýahatçylyk bazarlaryny işjeň özleşdirmegi maksat edinýärler. Olar bu ugry işewürçiligi mundan beýläk-de ösdürmek üçin geljegi uly ugur hasaplaýarlar. Şunuň ýaly başlangyçlar türkmen wekiliýetiniň Malaýziýa bolan iş saparynyň çäklerinde geçirilen işewür çärelerde has-da giňden äşgär edildi. Şol günler ol ýerde iki ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanyşdyrmak çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy.

Şeýle duşuşyk 17-nji fewralda Malaýziýanyň meşhur şypahanalaryň biri bolan Langkawiniň öňdebaryjy syýahatçylyk hünärmenleri bilen boldy. Köpýyllaryň dowamynda bu ulgamda öz ornuny pugtalandyrmak bilen, yzygiderli ösýän bu şypahana şäheri ýakyn geljek üçin uly meýilnamalary işläp taýýarlady. Bu ýerde ýokary derejedäki onlarça myhmanhana toplumlarynyň gurluşygy meýilleşdirildi. Olarda syýahatçylyk önümçiligine adybir adanyň tebigy – syýahatçylyk serişdelerini örän oýlanyşykly utgaşdyrmak boýunça batyrgaý hem-de öňdengörüjilikli pikirlenmeler durmuşa geçirilýär.

Langkawi adasy türkmen hünärmenler toparynyň maglumat-tanyşdyryş saparynyň iş maksatnamasyna goşuldy. Ol dünýä ähmiýetli deňiz şypahanasynda halkara syýahatçylyk zolagyny tarp ýerden döretmegiň nusgasyna öwrüldi.

Bu ägirt uly taslamanyň taryhy 30 ýyla golaý mundan ozal ýagny 1987-nji ýyldan başlanýar. Malaýziýanyň iri syýahatçylyk ulgamynyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, topalanan tejribe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek nukdaýnazaryndan has-da peýdaly bolup biler.

Langkawiniň dörän wagtynyň Awaza bilen deňeşdirilende 20 ýyl töweregi tapawudy bar. Şeýle-de bolsa bu milli taslamalarda umumylyklary görmek bolýar. Iki ýurtlaryň baştutanlarynyň başlangyçlary esasynda döredilen şypahanalaryň döwlet ykdysadyýetiň ösüşi we ilatyň abadançylyk derejesi babatda dünýä giňişligine goşulmagyna gönükdirilendir.

- Türkmen döwleti hem Malaýziýa ýaly ýurduň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ukyply pudak bolan syýahatçylygyň ösdürilmegine, çig mal pudagynyň önümçliigni tehnologik derejä ýetirmäge gyzyklanma bildirýär - diýip, Malaýziýanyň syýahatçylygy ösdürmek baradaky Milli agentliginiň iş dolandyryjysy Abdul Hadi Çe Man belledi. Häzirki döwürde bu pudakda alnyp barylýan oýlanyşykly syýahatçyň netijesinde Malaýziýanyň syýahatçylygy düşewüntlilik babatda nebitgaz pudagynyň derejesine ýakynlaşdy we ol döwlet gaznasyna girdeýji getirmek býounça pudaklaryň arasynda dördünji orny eýeleýär.

Diňe Langkawi şypahana zolagyna dünýäniň dürli künjeklerinden her ýylda syýahatçylaryň 3 milliona golaýy geýlär. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň hem ýakyn wagtda şu şypahana bilen bäsdeşlik edip biljekdigine ynansa bolar. Türkmenistanda bu babatda ähli mümkinçilikler bar. Diňe öňe sürlen başlangyçlary durmuşa geçirmek ýeterlik. Hut şonuň üçin hem bu pudakda biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň bardygyny bellemeli. Hususanda, biziň agentligimiz syýahatçylyk ulgamy boýunça hökümetara türkmen-malaýziýa ylalaşyklarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga taýýardygyny bellemek isleýärin diýip, malaýziýaly hünärmen nygtady.

Biz Türkmenistandan gelýän syýahatçylaryň sanynyň artmagy ugrunda ähli tagallalarymyzy ederis diýip, ol aýtdy. Malaýziýa ilkinji nobatda maşgala syýahatçylygy üçin has-da amatlydyr. Bu babatda dünýä belli şüweleň seýilgähleri, şeýle hem söwda senagaty ýokary derejede ösdürilendir. Malaýziýanyň iň köp barylýan ýurtlaryň onlugyna girýändigine garamazdan, Türkmenistanda bu ýurt barada doly maglumat ýok diýip, ol aýtdy. Şeýle hem Malaýziýanyň ilaty Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamy barada köp zatlary bilmeýärler. Şunuň bilen baglylykda biz bilelikdäki we örän zerur işi amala aşyrýarys. Ol biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň üstüni etirer. Aýratyn-da bilim, ulag, nebitgaz pudaklaryndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegini, Malaýziýanyň ilaty üçin Türkmenistanyň syýahatçylyk ugrunyň netijeliliginiň ýokarydygyny şertlendirer.

... Langkawide birnäçe günüň dowamynda syýahatçylyk desgalarynyň birnäçesine barlyp görüldi. Olarda türkmen wekiliýeti özüniň malaýziýaly kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar we ekologiýa, deňiz, ekstremal syýahatçylyk we jahankeşdeligiň beýleki görnüşleri boýunça iň öňdebaryjy işläp taýýarlamalary öwrendiler. Bu ýerde ýurdumyzyň syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny ösdürmek üçin öwrenere zat bar. Ýeri gelende aýtsak, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy bilen Langkawiniň nyşanlarynda çeperçilik taýdan täsin sazlaşyk duýulýar. Bu umumylygy möhüm alamat hökmünde atlandyrsa bolar.

Umuman, Malaýziýanyň ilaty hem türkmenler ýaly göwnaçyk we myhmansöýer halk. Olar öz tejribelerini höwes bilen paýlaşýarlar. Malaýziýanyň ilatynda hem biziň halkymyza mahsus hoşniýetlilik, ýaşululara hormat goýmak we başga-da birnäçe halklarymyzy ýakynlaşdyrýan häsiýetler bar.

Hakykatda welin, Türkmenistanda we Malaýziýada örän köp umumylyklaryň bardygyna göz ýetirmek kyn däl. Langkawi adasyna gelmezden ozal türkmen topary Kuala-Lumpurdan 20 kilometr günortada ýerleşýän Putrajaýa şäherine baryp gördi. Ol Malaýziýanyň täze edara ediş merkezi bolmak bilen, oňa paýtagtdan ýurduň möhüm pudaklary we hökümet edaralary göçürilipdir.

Onuň binagärlik keşbi özüniň gözelligi bilen, türkmen paýtagtynyň günorta künjeginde täze işewürçilik merkeziniň kemala gelýän ýeri bolan Aşgabadyň Arçabil şaýolunyň ugrunda gurlan edara binalaryny ýatladýar. Putrajaýa şäherinde hem gurluşyklar Aşgabatdaky ýaly toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Bu ýerde ýaşaýyş jaý toplumlary ähli zerur bolan durmuş düzümleri bilen bilelikde bina edilýär. Şäher giňişliginiň bezeg aýratynlyklarynda, seýilgäh zolaklarynyň döredilişinde, tebigy aýratynlyklaryň seçilip alnyşynda, yşyklandyryş ulgamlarynda hem umumylyklar bar.

Bu şäher bilen tanyşlyk 18-nji fewralda Kuala-Lumpura dolanylan pursatynda hem dowam etdi. Bu ýerde täze duşuşyklar, täze tanyşdyrylyş dabaralary boldy. Ol ýerde ýer eýeleri çagalar we ýetginjekler üçin işjeň dynç alyş, sport bilen meşgullanmak, saglygyňy berkitmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen iri söwda-dynç alyş merkeziniň toplumynda myhmanhana işewürligini guramakda şowly çözgütleri beýan etdiler. Ýeri gelende aýtsak, öňdebaryjy myhmanhana işgärleri, şeýle hem Kuala-lumpuryň, Putrajaýyň we langkawiniň ýaht-klublarynyň eýeleri türkmen wekilleriniň saparyna ýokary gyzyklanma bildirdiler we olary dürli derejeli myhmanhana otaglaryny görmäge, myhmanhana hojalygynyň gurluşy, hyzmatlar ulgamy bilen tanyşmaga çagyrdylar. Bu ýerde bu ulgamlaryň işi sazlaşykly ýola goýlupdyr.

Malaýziýany ýokary derejeli syýahatçylyk hyzmaty, dynç alyş üçin amatly şertleri bolan ýurt hökmünde hem-de işewürçiligiň ýokary derejesiniň, hünär kämilliginiň we adamlaryň ähli derejedäki işlerine jogapkärçilikli çemeleşmeleriniň beýany bolan müňlerçe adamlaryň zähmetiniň netijesi bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolan türkmen wekiliýetiniň agzalary munuň şeýledigine ýene bir gezek göz ýetirdiler.

Öz gezeginde malaýziýaly hünärmenler duşuşyklaryň, geňeşmeleriň barşynda diňe bir Türkmenistanyň syýahatçylyk ugurlary hakynda anyk maglumatlary almak bilen çäklenmän, eýsem biziň ýurdumyzda myhmansöýerlik ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklary, ýurdumyzyň dünýä bazarynyň möhüm ugry bolan syýahatçylyk babatdaky artçykmaçlyklary barada gyzykly maglumatlary aldylar. Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyz jahankeşdeler üçin örän özüne çekijidir.

Şeýle hem syýahatçylyk ugry boýunça iri halkara çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar, olar şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda geçiriler. Şunuň bilen baglylykda Malaýziýanyň syýahatçylyk kärhanalary her ýylyň sentýabr aýynda Awazada geçirilýän “Syýahatçylyk we jahankeşdelik” atly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmaga gyzyklanmalaryny beýan etdiler we biziň ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan göni howa gatnawyny hasaba almak bilen işlenilip taýýarlanylar täze taslamalary hödürlejekdiklerini aýtdylar.

- Bu ulgama bolan gyzyklanma barha artar – diýip, Malaýziýanyň syýahatçylygy ösdürmek boýunça Milli agentliginiň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Norliza Zain gürrüň berýär – Aziýa ýurtlarynyň köpüsiniň artykmaçlyklaryny özünde jemleýän Malaýziýanyň hem türkmen bazarynda oňat orun eýelejekdigine ynanýarys we Türkmenistan sebitde biziň ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşy bolup biler. Biziň ýurdumyz kenar ýakasynda rahat dynç alyşdan başlap, ekstremal syýahatlaryna we gyzykly gezelençlere çenli syýahatçylygyň giň mümkinçiliklerine eýedir, olar öz gezeginde türkmenistanlylary gyzyklandyryp biler.

Malaýziýa iň meşhur syýahatçylyk ugurlarynyň biri hökmünde köpsanly abraýla baýraklara, şol sanda MAS howa ýollary kompaniýasynyň “Iň gowy hyzmat”, Skytraхyň pikiri boýunça “Iň gowy halkara syýahatçylygy”, “Iň gowy ekologiýa syýahatçylygy”, “Syýahatçylykda iň gowy kysym” we beýleki baýraklara mynasyp boldy. Malaýziýa diňe bir Günorta-Gündogar Aziýada däl-de, eýsem tutuş dünýäde iň howpsuz döwletleriň biri hökmünde birnäçe gezek ykrar edildi: “Parahatçylyk söýüjiligiň ählumumy ölçeginiň” netijeleri boýunça bu ýurt ilkinji otuzlyga girýär. BMG-niň hasabatlary boýunça Malaýziýa dünýäde iň az jenaýatçylykly ýurt hökmünde häsiýetlendirilýär.

Malaýziýa her ýylda jahankeşdeleriň 25 milliona golaýy gelýär, Türkmenistandan gelýän myhmanlaryň sany köp däl – ýylda bir müň adama golaý, emma indi ony birnäçe esse köpeltmäge mümkinçilik açyldy. Birinjiden, göni howa aragatnaşygynyň ýola goýulmagy bilen biziň ýurtlarymyza gelmek we gitmek has aňsat bolar. Ikinjiden, Malaýziýa gelýän jahankeşdelere, eger olar 30 günden köp bu ýerde bolmasalar wiza hökman däldir, Türkmenistanyň raýatlary üçin bolsa iki ýurduň baştutanlarynyň çözgüdine laýyklykda 90 güne çenli wizasyz bolmak ygtyýar berilýär. Üçünjiden, biziň ýurdumyz örän meşhur iki syýahatçylyk ugrunyň – Tailandyň we Singapuryň arasynda ýerleşýär, bu bolsa gatyşyk gezelençleri guramaga mümkinçilik berýär.

Syýahatçylyk, aýdylyşy ýaly, ikitaraplaýyn gatnawly köçedir. Türkmenistan hem öz nobatynda malaýziýaly syýahatçylar üçin özüne çekijidir, ozaly bilen bolsa özüniň örän baý we gadymy taryhy, täsin arheologiýa merkezleri, medeni ýadygärlikleri, gaýtalanmajak tebigy künjekleri we häzirki zaman binagärlik keşbi bilen özüne çekýär, diýip Norliza Zain öz kärdeşleriniň köpüsiniň pikirini beýan edýär. Biziň ýurdumyzyň ýaşaýjylaryň syýahatçylyk üçin ýurdy saýlap alanlarynda ol ýeriň howpsuzlyk ýagdaýyny, medeni gymmatlyklaryny, yslam dini bilen baglanyşykly ruhy mirasy esasy ölçeg hökmünde alýarlar. Biziň watandaşlarymyzyň köpüsi yslama uýýarlar, bu babatda olara türkmen milli tagamlary ýakyndyr. Sebäbi ol biziň dinimiz üçin mahsus bolan iýmit kadalaryna laýyk gelýär.

- Ýene bir zady aýdasym gelýär, tutuş wekiliýetimiz bilen Aşgabat-Kuala-Lumpur aralygynda ilkinji uçuşy amala aşyrmazdan ozal birinji gezek Türkmenistanda bolanymda, siziň paýtagtyňyzyň gözel keşbine haýran galdym. Aşgabat – gaýtalanmajak özboluşly şäherdir, onuň ak mermerli ajaýyp binagärlik keşbi, örän arassalygy, ýaşaýjylarynyň ýokary durmuş derejesi bolan häzirki zaman şäheri hökmünde özüne çekijiligi boýunça gadymy ýadygärliklerden kem däldir. Şunda ähli zatda geçmiş bilen häzirki döwrüň baglanyşygy duýulýar. Bu zatlarda milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly tagallasy bar, biziň bilşimiz ýaly türkmen Lideri ýurduňyzda syýahatçylygy ösdürmek meselesine ägirt uly üns berýär.

Hakykatdan hem bu ulgamda Türkmenistan ägirt uly mümkinçiliklere eýedir, men bu ugurdaky siziň ähli meýilnamalaryňyzyň hökman amala aşjakdygyna ynanýaryn. Malaýziýa syýahatçylyk boýunça siziň ygtybarly hyzmatdaşyňyz bolmaga taýýardyr we şeýlelekde biz netijeli gatnaşyklarymyzy has-da giňelderis. Biziň ýurtlarymyzyň nebitgaz pudagynda senagat, tehnologiýa hem-de bilim mümkinçiliklerini herekete getirip, iri göwrümli taslamalary durmuşa geçirişleri ýaly, biz syýahatçylyk pudagyny, şol sanda bu ugur boýunça işgärleri taýýarlamak meselesinde hem siziň teklipleriňizi şatlyk bilen kabul ederis, gürrüňsiz suratda bu pudagyň geljegi örän uludyr.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter