Türkmen obasy ýokary durmuş ülňüleri bilen üpjün edilýär | TDH
Jemgyýet

Türkmen obasy ýokary durmuş ülňüleri bilen üpjün edilýär

опубликованно 14.09.2018 // 835 - просмотров
 

Şu gün Ahal welaýatynyň häkimliginde sebiti ösdürmek, durmuş syýasaty ulgamyndaky wezipeleri çözmek hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaryny amala aşyrmak meseleleri boýunça maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Serdar Berdimuhamedow, welaýatyň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri, jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz hemişe halkyň saýlanlaryny ýerlerde saýlawçylar bilen yzygiderli duşuşmaga, olaryň islegleri we gündelik iş-aladalary bilen tanyşmaga çagyrýar. Munuň özi şol wezipeleriň oňyn çözülmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, raýatlaryň döwlet işlerini dolandyrmaga işjeň çekilmegine, olaryň hukuk we syýasy medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň esasy maksatlaryna ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu toplumlaýyn maksatnamanyň esasy ugurlary hassahanalary, saglyk öýlerini we merkezlerini, çagalar baglaryny, orta mekdepleri, medeniýet öýlerini, sport mekdeplerini we sport desgalaryny, şeýle hem suw geçiriji, lagym ulgamlaryny, awtomobil ýollaryny, gaz geçirijileri, elektrik geçiriji hem-de aragatnaşyk ulgamlaryny birleşdirýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy onuň möhüm bölegi bolup durýar.

Bularyň ählisi döwrebap obalary döretmekde hem öz beýanyny tapýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda täze nusgalyk obalaryň ençemesi peýda boldy. Olarda durmuş düzüminiň ýokary ülňüleri döredildi, ýaşaýjylaryň ähli amatlyklary hözirini görüp ýaşamaklary üçin zerur şertler üpjün edildi we ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy. Daşoguz welaýatyndaky Bagtyýar zaman, Lebap welaýatyndaky Berkarar zaman, Mary welaýatyndaky Döwletli zaman, şeýle hem Ahal welaýatyndaky Bereketli zaman obalary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Maslahatda şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde göz öňünde tutulan ulgamlaýyn çäreleriň ýerine ýetirilişiniň barşyna garaldy, Ahal welaýatynyň durmuş ulgamyndaky işleriň ýagdaýy seljerildi, şeýle hem ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bu sebitde durmuş maksatly desgalaryň köp sanlysyny we oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýän täze obalary gurmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, täze döwrebap obalaryň çäklerinde dürli binalary we desgalary gurmak, zähmet bazaryny, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly bolan ykdysady gurşawy kemala getirmek, işewür hem-de hojalyk başlangyçlaryny öňe sürmek, ýokary hünärli hünärmenleri çekmek bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.

Mejlisiň deputaty Serdar Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar bilen tanyşdy we olara degişli üýtgetmeleri girizdi. Parlamentariniň belleýşi ýaly, oba ýerlerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlary hil hem-de oňaýlylyk babatda halkara ölçeglere, oba ýaşaýjylarynyň durmuşynyň talaplaryna laýyk gelmelidir.

Täze ilatly ýerlerde häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän hem-de multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdepleri we çagalar baglaryny, saglyk öýlerini hem-de medeniýet öýlerini, söwda, aragatnaşyk kärhanalaryny we beýleki desgalary özünde birleşdirýän zerur bolan düzümi döretmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň raýatlaryna täze obalarda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ýeňillikli şertlerde karz almaga hemmetaraplaýyn goldaw berilýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» oba ýerleriniň sazlaşykly ösmegini, raýatlaryň, şol sanda ýaş maşgalalaryň hem-de ýaş hünärmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyny, ilatly ýerlerde durmuş we inžener düzüminiň döredilmegini, hususan-da, umumy bilim hem-de keseli bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň ulgamynyň ösdürilmegini üpjün etmek baradaky wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

Nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ösüşiň netijeli milli nusgasy döredildi. Onda döwlet gurluşynyň ýörelgeleri adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, jemgyýetiň döredijilik kuwwatyny höweslendirmek, raýat institutlarynyň kuwwatyny açmak bilen utgaşýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar milli Liderimiziň syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Deputatlaryň öz saýlawçylary bilen geçirýän yzygiderli duşuşyklary häkimiýetiň, ýurdumyzyň esasy kanunçykaryjylyk edarasynyň ilat bilen yzygiderli gatnaşyklarynyň hem-de durmuş maksatly wajyp meseleleri çözmekde aýdyň kömegiň köp sanly mysallarynyň biri bolup durýar.

2017-nji ýylyň dekabr aýynda Duşak şäherçesinde keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumynyň ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa durmuş ähmiýetli waka boldy, çünki ozal oba ýaşaýjylary lukmançylyk barlagyndan geçmek üçin paýtagtymyza gitmeli bolýardylar we munuň üçin köp wagty hem-de serişdäni sarp edýärdiler. Hassahananyň gurluşygyndan we enjamlaşdyrylyşyndan başga-da, onuň işgärler bilen üpjünçilik meselesi hem çözüldi. Munuň özi bolsa ilatyň ýokary hilli lukmançylyk kömegine elýeterliligini ýokarlandyrdy. Mundan başga-da, şu sebitde halkyň saýlanynyň meýilleşdirilen maksatnamalaýyn özgertmeleriniň çäklerinde Saglyk öýi, perinatal merkez, uzynlygy 15 kilometre barabar bolan Hywaabat — Kaka suw geçirijisi ulanmaga berildi, Kaka hem-de Babadaýhan etraplarynda döwrebap dokma toplumlarynyň ikisiniň gurluşygyna badalga berildi.

Şu ýylyň maý aýynda Kaka etrabynda durky täzelenen durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda çagalar baglary we mekdepler bar.

Ýakyn wagtda Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde çaga dogrulýan öýüň, şol etrabyň Garahan obasynda Saglyk öýüniň açylmagy meýilleşdirilýär.

Şeýlelikde, obanyň saglygy goraýyş ulgamynyň özgerdilmegi özüniň anyk netijelerini berýär. Şol özgertmelere laýyklykda ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady giňeldilýär we döwrebaplaşdyrylýar, öňüni alyş çäreleri köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligi ýokarlandyrylýar, oba saglygy goraýyş edaralarynyň işgärler bilen üpjünçiligi gowulandyrylýar.

Oba ilatyna döwrebap lukmançylyk kömegini bermek toplumlaýyn milli hem-de sebit maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Olarda döwlet ösüşiniň strategik ugurlarynda ol ýa-da beýleki welaýatyň serişdelerini has netijeli ulanmak maksady bilen sebitiň ösüşiniň aýratynlyklary nazara alynýar.

Ilatyň zähmete ukyplylygy bilen gönüden-göni bagly raýatlarymyzyň saglygynyň ýagdaýynyň döwletimiziň tutuş ykdysady işjeňligine täsir edýändigi şübhesizdir. Ýöne türkmen döwletiniň öz raýatlarynyň saglygy baradaky aladasynyň esasynda diňe bir halk hojalyk maksatlary däl, eýsem, ilkinji nobatda her bir raýatyň saglyga, döwrebap lukmançylyk hyzmatyna bolan mizemez hukugyny, ýokary hilli lukmançylyk kömeginiň ilatyň ähli gatlaklaryna deň derejede elýeterliligini üpjün etmek maksady durýar.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň bu ynsanperwerlik ugry Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has giňden açyldy. Şunda ilatyň saglygyny goramak meseleleri diňe lukmançylyk ulgamyna degişli bolman, eýsem, jemgyýetçilik, döwlet we şahsy ileri tutulýan ugurlaryň derejesine geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň ähli taraplaryny hem-de ugurlaryny gurşap aldy. Şunuň bilen baglylykda, adamyň abadançylygyna, onuň mynasyp durmuşyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Her bir welaýatyň çäk aýratynlyklaryny hem-de kuwwatyny, hojalyk gurluşyny, ulag-geografik ýagdaýyny nazara almak arkaly amala aşyrylýan döwlet, sebit syýasaty ähli çäkleriň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösmegine we ahyrky netijede, ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Maýa goýum — gurluşyk işi hem hut şu maksatlara hyzmat edýär. Ägirt uly maýa serişdeleri önümçilik ulgamyna, onuň kuwwatlyklaryny artdyrmaga hem-de tehnologik derejesini ýokarlandyrmaga, durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilýär.

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň, toplumlarynyň we obalaryň gurulmagy, ýollaryň çekilmegi, kärhanalaryň gurulmagy, şunuň netijesinde täze iş orunlarynyň döredilmegi — bularyň ählisi maýa goýum taslamalaryna degişlidir. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitleriň ykdysady ösüşiniň täze nokatlaryny kemala getirmäge, olaryň işewür hem-de innowasion işjeňligini höweslendirmäge, zähmet serişdelerini, ýokary hünärli işgärleri we ýurt möçberinde ilatyň girdejilerini sazlaşykly paýlamaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, sebitleriň ösdürilmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçiligi işjeňleşdirmäge aýratyn üns berýär. Hut kiçi işewürlik çalt üýtgäp durýan bazar şertlerine çalt uýgunlaşýar, ilkinji nobatda bolsa, ol innowasion başlangyçlara we taslamalara işjeň gatnaşýar.

Umuman, türkmen döwletiniň sebit syýasaty welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan uzak möhletleýin ösmeginiň esasy wezipelerini çözmek üçin her bir sebitde serişde — maliýe, ylmy-tehniki we işgärler kuwwatyny döretmäge gönükdirilendir. Şunda döwletimiz tutuş hojalyk ulgamynyň utgaşdyryjy merkezi, durmuş hem-de hukuk kepili bolup durýar. Ol kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak hem-de durmuş ugurly çykdajylary artdyrmak bilen raýatlarymyza lukmançylyk kömeginiň, ýokary hilli bilimiň deň derejede elýeterliligini, pensiýalaryň, dürli kömek pullarynyň öz wagtynda tölenilmegini hem-de durmuş taýdan goramagyň beýleki gurallarynyň netijeli işlemegini raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär.

Sebitlerde durmuş hem-de senagat düzüminiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy ýurdumyzyň bitewi ykdysady giňişliginiň kemala getirilmegine, milli ykdysadyýetimiziň täze, senagatdan soňky ösüş tapgyryna geçmek üçin şertleri döretmäge hem-de halkymyzyň abadançylygynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyz barada ýadawsyz alada edýändigi, raýatlarymyzyň netijeli işlemegi hem-de göwnejaý dynç almagy, ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy babatda döredýän şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter