Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada sport toplumyna bardy | TDH
Jemgyýet

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada sport toplumyna bardy

опубликованно 15.09.2018 // 896 - просмотров
 

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky köpugurly sport toplumyna bardy.

Mälim bolşy ýaly, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary görkezijiler sportuny ösdürmek Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolup durýan döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyza, ozaly bilen, ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Ine, şu gün hem döwlet işlerini işjeň dynç almak bilen utgaşdyran milli Liderimiz wagtyny sport bilen meşgullanmaga sarp etdi.

Säher bilen hormatly Prezidentimiz “Awaza” sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar.

Milli Liderimiz ýygnananlar bilen salamlaşyp, Hazaryň kenarynda sazlaşykly emele gelýän, birnäçe ýyl mundan öň halkara derejeli şypahananyň düzüminiň üstüni ýetiren sport toplumynyň zallarynyň birine bardy. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, türgenleri taýýarlamak, dürli derejedäki, şol sanda halkara derejeli ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

“Awaza” sport toplumy ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde oturdylan köpugurly maşk enjamlary tejribeli türgenler we höwesjeňler, dürli ýaşdaky adamlar üçin tälimleriň netijeli bolmagyny üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde oturdylan enjamlarda degişli maşklary ýerine ýetirmegiň adam synasy üçin peýdasy barada aýtdy. Bu maşklar adam synasyny pugtalandyrmakda we ösdürmekde ähmiýetlidir.

Milli Liderimiz egindeşleri bilen gürrüňdeşlikde enjamlaryň her biriniň aýratynlygyna ünsi çekip, olary dogry we dürs ulanmagyň ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, sport maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek adamyň saglygyna oňyn täsir edip, bedeniň taplanmagyna ýardam edýär, bu bolsa sagdynlygyň we ruhubelentligiň baş kepili bolup durýar.

Soňra hökümet agzalary özara toparlara bölünip, woleýbol oýnadylar.

Häzir Türkmenistanda sport diňe adamlaryň müňlerçesini sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek bilen çäklenmän, eýsem, halkymyzyň durmuşynyň keşbi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, durmuş strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýan sport ulgamynda döwlet syýasatynyň baş maksady beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek bolup durýar. Sport — bu güýjüň, gözelligiň, saglygyň hem-de täze belentliklere tarap okgunlylygyň beýanydyr diýip, mähriban Arkadagymyz nygtap aýtdy. Hut şonuň üçin ýurdumyzda sportuň tarapdarlary barha artyp, jemgyýetde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Ýurdumyzda degişli düzümiň döredilmegi, ähli ýerlerde sport desgalarynyň gurulmagy, türkmenistanlylaryň müňlerçesini — dürli ýaşdaky we kärdäki adamlary öz älemine çekýän köpçülikleýin sport ýaryşlarynyň geçirilmegi, sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi, ýurdumyzyň türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegi bu ugurda geçirilýän uly işleriň netijeleridir.

Döwlet Baştutanymyz türgenleşigini tamamlap, ajaýyp deňiz tebigatyny hem-de Awazanyň binagärlik gözelliklerini synlady.

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenaryndaky deňiz şypahanasy ýylsaýyn çäklerini giňeldip, ýurdumyzda giň meşhurlyga eýe bolup durýar hem-de daşary ýurtlarda gyzyklanma döredip, milli Liderimiziň başyny başlan bu ajaýyp taslamasynyň geljeginiň uludygyny we üstünliklere beslenýändigini tassyklaýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň amatly howa şertleri hem-de baý sagaldyş kuwwaty, innowasiýalara, öňdebaryjy binagärlik we inženerçilik-tehniki pikire tarap ugurlar, hyzmatyň ýokary derejesi türkmen topragynyň bu ajaýyp künjeginiň halkara syýahatçylygyň hem-de şypahana dynç alyş we sport merkezi hökmünde ykrar edilmegi üçin ähli şertleri döredýär.

Bu ýerde soňky ýyllarda okgunly ösüşe eýe bolan Awazanyň ajaýyp keşbi görünýär. Syýahatçylyk zolagynyň özboluşly binalary, seýilgäh toplumlary deňiz gurşawy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, ynsan ruhuna oňyn täsirini ýetirýär. Munuň özi ynsan paýhasy we eli bilen döredilen gudratyň alamaty bolup, Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynyň jenneti mekana öwrülmegini üpjün etdi.

Şu gün Awazada jemlenen “Amul — Hazar 2018” rallisi munuň aýdyň mysaly bolup, oňa dünýäniň dürli döwletlerinden toparlaryň onlarçasy gatnaşdylar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen bu ýaryşyň guralmagynyň özi sport döwleti hökmünde berkarar bolýan Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk, dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatynyň giňden ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bedenterbiýe-köpçülikleýin hereketini hem-de ýokary görkezijiler sportuny ösdürmäge uly üns bermegiň möhümdigini belläp, ähli pudaklarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň, ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça özara sport bäsleşikleri yzygiderli guramak bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz sport toplumyndan çykyp, ýolugra milli syýahatçylyk zolagynyň desgalaryny synlady, onuň çäklerinde kaşaň myhmanhanalar, çagalar dynç alyş merkezleri, maşgala bolup dynç almak üçin ýokary amatlykly kottejler we willalar, köpugurly şypahanalar, medeni-dynç alyş toplumlary, seýilgähler guruldy.

Halkymyzyň abadançylygyny hemmetaraplaýyn üpjün etmäge, dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy we oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilip amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň aýdyň netijesi bolmak bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän özgertmeleriniň aýdyň nyşany bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna barýan ýoluň çatrygynda oturdylan «Hazar merjeni» binasynyň ýanynda saklandy. Milli Liderimiz ýol çatryklarynyň merkezinde gurulýan binalaryň gurluşygynda milli binagärlik usullary bilen häzirki zaman tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny aýdyp, olar ýerli tebigy we şäher gurşawy bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidir diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berip, bu ýerden ugrady.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter