Birža täzelikleri 8-nji Fewral | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri 8-nji Fewral

опубликованно 08.02.2015 // 859 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan we Niderlandlardan gelen telekeçiler polipropilen, owganystanly işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Koreýa Respublikasyndan gelen işewürler toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler karbamidi (“Türkmenhimiýa”DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna bugdaý ununy, pagta ýagyny, örme önümlerini, nah matany we ýüplügi, pagta süýümini we pagta galyndylaryny satyn aldylar. Satyn alan ýurtlar: Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, BAE, Singapur, Eýran, Täjigistan, Gyrgyzystan, Ukraina, Owganystan. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 37 million 810 müň dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri bahasy 434 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (TNGIZT) satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter