Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Ha­zar 2018” halkara aw­to­ral­li­si­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ne we gat­na­şy­jy­la­ra baý­rak­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy | TDH
Amul — Hazar 2018

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Ha­zar 2018” halkara aw­to­ral­li­si­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ne we gat­na­şy­jy­la­ra baý­rak­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy

опубликованно 18.09.2018 // 1364 - просмотров
 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ge­çen hep­de­de ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len hem-de ägirt uly üs­tün­li­ge bes­le­nen “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şan türk­men tür­gen­le­ri­ne – baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bo­lan hem-de ýa­ry­şa gat­na­şan tür­gen­le­ri­mi­ze baý­rak­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy.

Şöh­rat­ly Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­dan ge­çen bu ägirt uly aw­to­mo­bil ýa­ry­şy dün­ýä­niň 20-den gow­rak ýur­dun­dan spor­tuň özü­neçe­ki­ji gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­niň us­sat­la­ry­ny hem-de hö­wes­jeň­le­ri­ni bir­leş­dir­di. Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­na 15 eki­paž we­kil­çi­lik et­di, şo­lar dür­li ugur­lar­da çy­kyş et­di­ler. Hü­när­men­le­riň ba­ha ber­me­gi­ne gö­rä, bi­ziň aw­to­mo­bil sü­rü­ji­le­ri­miz go­wy ne­ti­je­le­ri gör­ke­zip, da­şa­ry ýurt­ly tür­gen­ler bi­len my­na­syp bäs­leş­me­gi ba­şar­dy­lar. Türk­me­nis­ta­nyň to­par­la­ry­nyň iki­si bol­sa öz­le­ri­niň gat­na­şan ugur­la­ryn­da üçün­ji or­ny eýe­läp, ýur­du­my­zyň sport üs­tün­lik­le­ri­ne sal­dam­ly go­şant goş­du­lar.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, sport sag­dyn hem-de iş­jeň dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ke­ma­la ge­tir­mek­de we şu­nuň bi­len bir­lik­de, bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da, döw­let­le­riň we halk­la­ryň ara­syn­da dost­luk gat­na­şyk­la­ry­ny hem-de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de mö­hüm şert bo­lup dur­ýar. Sport ul­ga­myn­da se­bit we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da çy­kyş ed­ýän Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan bu ugur­da ne­ti­je­li çä­re­le­ri gör­ýär hem-de anyk baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär. Hä­zir­ki ta­ry­hy dö­wür­de ýur­du­my­zyň spor­ty hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­ýar, mäh­ri­ban Di­ýa­ry­myz bol­sa ab­raý­ly sport ýa­ryş­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­ýär.

Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len ýa­ňy-ýa­kyn­da ge­çi­ri­len hem-de ge­ri­mi we äh­mi­ýe­ti bo­ýun­ça Azi­ýa­da iň iri ýa­ry­şa öw­rü­len “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si hem bar. Ýa­ryş­la­ra gat­na­şy­jy­la­ryň we­kil­çi­lik­li dü­zü­mi hem-de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan oňa giň gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­me­gi bäs­le­şik­le­riň uly üs­tün­li­ge eýe bo­lan­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. El­bet­de, bu ba­bat­da aý­dyň my­sal hök­mün­de ge­çen ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry ýa­ly ta­ry­hy äh­mi­ýet­li wa­ka­ny gör­kez­mek bo­lar. Bu ýa­ryş­lar Olim­pi­ýa şä­her­çesi­­niň sport meý­dan­ça­la­ryn­da ge­çi­ril­di. Ýa­kyn gün­ler­de bol­sa türk­men paý­tag­ty agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ka­bul eder.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň iş­jeň ta­rap­da­ry hem-de wa­gyz­çy­sy bol­mak bi­len, bu ba­bat­da il­deş­le­ri­mi­ze aja­ýyp gö­rel­de gör­ke­zip, hem­me­le­ri, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, ýaş­la­ry spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan­da be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti gör­lüp-eşi­dil­me­dik de­re­je­de kuw­wat­ly ösü­şe eýe bol­dy.

Ýur­du­myz­da sport-sa­gal­dyş ul­ga­my­ny hö­wes­len­dir­mek we ös­dür­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy, paý­tag­ty­myz­da hem-de se­bit­ler­de ýo­ka­ry de­re­je­li tür­gen­le­ri, tä­lim­çi­le­ri we beý­le­ki ýö­ri­te hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak, bu ul­gam­da dün­ýä­niň iň go­wy tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek hem-de ulan­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin de­giş­li şert­le­riň bol­ma­gy mek­dep ýa­şy­na çen­li eda­ra­la­ryň we beý­le­ki bi­lim eda­ra­la­ry­nyň hem-de ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry dü­zü­len­de hem-de gur­lan­da bil­di­ril­ýän hök­ma­ny ta­lap­dyr.

Hut hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aý­ra­tyn üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, bi­ziň ýur­du­myz­da spor­tuň muş­dak­la­ry­nyň sa­ny bar­ha art­ýar. Türk­me­nis­tan­ly­lar, aý­ra­tyn hem ýaş ne­sil spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri­ni iş­jeň öz­leş­dir­ýär. Döw­re­bap sport top­lum­la­ry hem-de sport mek­dep­le­ri ola­ryň yg­ty­ýa­ryn­da­dyr. Ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de köp ­san­ly sport mer­kez­le­ri he­re­ket ed­ýär. Her ýyl ra­ýat­la­ry­my­zyň on­lar­ça mü­ňü­si — dür­li ýaş­da­ky adam­lar hem-de dür­li hü­när­le­riň we­kil­le­ri mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ril­ýän köp­çü­lik­le­ýin sport çä­re­le­ri­ne ru­hu­be­lent­lik bi­len gat­naş­ýar­.

Şeý­le­lik­de, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu ugur­da­ky öň­den­gö­rü­ji­lik­li oňyn sy­ýa­sa­ty sport döw­le­ti hök­mün­de ata Wa­ta­ny­my­zyň tu­tuş dün­ýä­de ab­ra­ýy­nyň bar­ha be­len­de gal­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Ýur­du­myz­da ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mek bi­len bir­lik­de, türk­men hal­ky­nyň baý mi­ra­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan spor­tuň mil­li gör­nüş­le­ri­ni giň­den wa­gyz et­mä­ge hem aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri­niň us­sat­ly­gy yzy­gi­der­li art­ýar. Olar iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­r­da hem-de bäs­le­şik­le­r­de, şol san­da Azi­ýa­nyň we dün­ýä­niň çem­pio­nat­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ýar­lar.

Ir­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­herçesi­ne gel­di. Bu ýer­de, “Sport” myh­man­ha­na­sy­nyň mer­ke­zi gi­rel­ge­si­niň öňün­de mil­li Li­de­ri­mi­zi Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry mä­hir­li gar­şy­la­ýar­lar.

Myh­man­ha­na­nyň eý­wa­nyn­da mil­li Li­de­ri­miz türk­men spor­tu­nyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni gör­kez­ýän ser­gi bi­len ta­nyş­dy. Bu ýer­de aw­to­mo­bil­le­riň we mo­to­sikl­le­riň sü­rü­ji­le­ri­niň es­bap­la­ry­nyň, ýur­du­my­zyň dok­ma se­na­ga­ty­nyň kär­ha­na­la­ryn­da taý­ýar­la­ny­lan sport ly­bas­la­ry­nyň nus­ga­la­ry, tür­gen­le­ri­mi­ziň dür­li ýa­ryş­lar­da ga­za­nan ku­bok­la­ry we sy­lag­la­ry hem-de “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­li­si­ne ba­gyş­la­nan su­rat­lar gör­ke­zil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz myh­man­ha­na­nyň mej­lis­ler za­ly­na bar­ýar, şol ýer­de da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy ru­hu­be­lent­lik bi­len mü­bä­rek­le­ýär­ler. Ola­ryň ha­ta­ryn­da mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, ýur­du­my­zyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky il­çi­le­ri hem-de türk­men tür­gen­le­ri, meş­hur tä­lim­çi­ler, sport ul­ga­my­nyň ýol­baş­çy­la­ry we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri bar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zy «Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ry­şyn­da go­wy ne­ti­je ga­zan­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Bu aja­ýyp ne­ti­je bi­ziň uly üs­tün­li­gi­miz­dir. Şeý­le ab­raý­ly we ýo­ka­ry de­re­je­li ýa­ry­şy bi­rin­ji ge­zek ge­çir­ýän­di­gi­mi­ze ga­ra­maz­dan, bi­ziň tür­gen­le­ri­miz aw­to­ral­li ýa­ry­şy­nyň iň ýo­ka­ry sy­lag­la­ry­na my­na­syp bo­lan üç to­pa­ryň ha­ta­ry­na gir­me­gi ba­şar­dy. Şo­ňa gö­rä-de, in­di­ki aw­to­ral­li ýa­ryş­la­ry haý­sy ýurt­da ge­çi­ril­se-de, ýur­du­my­zyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Baý­da­gy as­tyn­da şol ýa­ryş­la­ra gat­naş­ma­ga do­ly hu­kuk ga­za­nan­dy­gy­ny ynam bi­len aý­dyp bi­le­ris di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ry­şyn­da mer­da­na hal­ky­my­zyň iň aja­ýyp hä­si­ýet­le­ri­ni gör­ke­zen us­sat tür­gen­le­ri­mi­zi bu ýe­ňiş bi­len ýe­ne-de bir ge­zek gut­lap, biz hä­zir­ki dö­wür­de Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan ägirt uly dur­muş-yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy öz­gert­me­le­re iş­jeň gat­na­şy­jy­lar bo­lup dur­ýa­rys di­ýip bel­le­di. Tä­ze-tä­ze şä­her­ler we oba­lar, iri za­wod-fab­rik­ler gö­zü­mi­ziň al­nyn­da gu­rul­ýar. De­mir we aw­to­mo­bil ýol­la­ry çe­kil­ýär, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz ösüp, jem­gy­ýe­ti­miz öz­ger­ýär.

«Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen şy­ga­ry yg­lan edip, biz ony gy­şar­nyk­syz dur­mu­şa ge­çir­ýä­ris di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di. Çöz­ýän äh­li dur­muş me­se­le­le­ri­mi­ziň ara­syn­da ada­myň be­den hem-de ru­hy taý­dan sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, sag­dyn dur­muş ka­da­la­ry­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz sag­ly­gyň he­mi­şe türk­men hal­ky­nyň esa­sy ugur al­ýan gym­mat­ly­gy­na öw­rü­len­di­gi­ni nyg­ta­dy. Sport we gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän beý­le­ki oýun­lar mer­da­na hal­ky­my­zyň köp müňýyl­lyk ta­ry­hy­nyň do­wa­myn­da ösüp gel­ýän ne­sil­le­ri be­den taý­dan ber­kit­me­giň hem-de ru­hy taý­dan kä­mil­leş­dir­me­giň mil­li mek­de­bi­niň bin­ýa­dy bol­dy.

Bi­ziň mil­li spor­tu­my­zyň we oýun­la­ry­my­zyň kö­pü­si örän ga­dy­my dö­wür­ler­de dö­räp­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di. Bu oýun­lar ösüp gel­ýän ne­sil­le­re güýç-kuw­wat be­rip­dir, olar­da ba­şar­jaň­lyk, çy­dam­ly­lyk, eser­deň­lik, ça­la­syn­lyk ýa­ly dur­muş­da ze­rur bo­lan köp san­ly hä­si­ýet­le­ri ter­bi­ýe­le­mä­ge ýar­dam edip­dir. Umu­man, şol oýun­lar berk be­den­li we mak­sa­da ok­gun­ly adam­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn ter­bi­ýe­läp­dir. Şo­ňa gö­rä-de, olar di­ňe bir gu­rak we ys­sy ho­wa­nyň ga­zap­ly şert­le­ri bi­len bag­ly kyn­çy­lyk­la­ry ýe­ňil­lik bi­len ýe­ňip geç­män, eý­sem, kuw­wat­ly döw­let­le­ri dö­ret­mek bi­len hem ta­ryh­da öç­me­jek yz gal­dy­ryp­dyr­lar. Adam­zat ta­ry­hyn­da ägirt uly ulag ug­ru­nyň — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň kö­me­gi bi­len ýurt­la­ry we halk­la­ry bir­leş­di­rip­dir­ler. Yl­my ös­dü­rip, aja­ýyp sun­gat eser­le­ri­ni dö­re­dip­dir­ler.

Şeý­le­lik­de, türk­men­le­riň öz kök­le­ri­ni ga­dy­my­ýet­den alyp gaýd­ýan sport oýun­la­ry mer­da­na hal­ky­my­zyň mil­li me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rü­lip­dir. Türk­men tür­gen­le­ri­niň hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra üs­tün­lik­li gat­naş­ma­gy, Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry­nyň tür­gen­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da iri ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­me­gi bi­ziň ga­dy­my sport däp­le­ri­mi­zi aýaw­ly go­rap sak­la­ýan hä­zir­ki ne­sil­le­ri­mi­ziň mer­da­na we ze­hin­li ata-ba­ba­la­ry­my­zyň my­na­syp mi­ras­dü­şer­le­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy.

Mu­nuň özi ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň umu­my­dün­ýä sport ul­ga­my­na iş­jeň go­şul­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Ýur­du­myz­da 2017-nji ýyl­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça örän üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len V Azi­ýa oýun­la­ry, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça gu­ra­lyp, düýn-öň­ňin ta­mam­la­nan «Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si aý­dyň my­sal­dyr.

Bu wa­ka­lar di­ňe bir Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da däl, eý­sem, da­şa­ry ýurt­lar­da hem ägirt uly jem­gy­ýet­çi­lik gy­zyk­lan­ma­sy­ny we ses­len­me­si­ni dö­ret­di. Sport döw­le­ti hök­mün­de ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­ny pug­ta­lan­dyr­dy. Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de spor­ty has-da ös­dür­mä­ge, spor­ta ýaş­la­ry giň­den çek­mä­ge tä­ze iter­gi ber­di. Mu­ňa dur­muş, sport we eko­lo­gi­ýa ul­gam­la­ry­na go­ýul­ýan ma­ýa go­ýum­la­ry­ny art­dyr­ma­ga, dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ryn­da sag­dyn ýa­şaý­şy üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän yk­dy­sa­dy şert­le­ri­miz hem ýar­dam ed­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz tür­gen­le­re ýüz­le­nip, ýur­du­myz­da «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da biz bu ga­ra­ýyş­la­ry­my­zy ra­ýat­ly­gyň we wa­tan­çy­ly­gyň be­lent de­re­je­si­ne gal­dyr­dyk di­ýip bel­le­di. Türk­men tür­gen­le­ri­niň ga­zan­ýan ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri we ýe­ňiş­le­ri hal­ka­ra sport gi­ňiş­li­gin­de ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär, ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­ri­mi­zi hem-de ga­za­nan ne­ti­je­le­ri­mi­zi be­ýan ed­ýär, saý­lap alan ösüş ýo­lu­my­zyň dog­ru­dy­gy­ny, döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň ne­ti­je­li­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Türk­men spor­tu­nyň bäs­le­şi­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin, ýo­ka­ry de­re­je­li tür­gen­le­ri, şeý­le hem tä­lim­çi­le­ri we bu ugur­dan beý­le­ki hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gy mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek, be­den­ter­bi­ýe-sport işi­niň gu­ra­ma­çy­lyk-do­lan­dy­ryş, iş­gär­ler, yl­my-usu­ly­ýet, luk­man­çy­lyk-bio­lo­gi­ýa hem-de do­pin­ge gar­şy üp­jün­çi­li­gi­ni ös­dür­mek ze­rur­dyr. Bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam et­mek bi­len, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň adam ma­ýa­sy­ny ös­dür­mä­ge, ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­ma­ga hem-de ber­kit­mä­ge, ösüp gel­ýän ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­mä­ge go­şant goş­ma­gy­ny ga­zan­ma­gyň ge­çir­ýän bu öz­gert­me­le­ri­mi­ziň ahyr­ky mak­sa­dy bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­di.

Se­bä­bi hal­kyň hal-ýag­da­ýy ýur­duň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne gö­nü­den-gö­ni bag­ly­dyr. Bu ösü­şi bol­sa di­ňe iş­jeň dur­muş ga­ra­ýyş­ly, ýo­ka­ry uky­by we müm­kin­çi­li­gi bo­lan, ru­hu­be­lent hem-de sag­dyn adam­lar üp­jün edip bi­ler di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.

Hä­zir­ki dö­wür­de sport ul­ga­my Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň hem ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Biz bu ul­gam bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny giň­den ös­dür­ýä­ris. Türk­me­nis­ta­nyň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy geo­sy­ýa­sa­tyň, pa­ra­hat­çy­ly­gy go­rap sak­la­ma­gyň we bi­ta­rap­ly­gyň, dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry bi­len bi­ziň alyp bar­ýan gat­na­şyk­la­ry­my­zyň ýe­ne-de bir tä­sir­li gu­ra­ly­dyr.

Ýur­du­myz­da üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len «Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si ha­ky­ky sport baý­ram­çy­ly­gy­na öw­rül­di. Biz, ne­sip bol­sa, agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny hem üs­tün­lik­li ge­çi­re­ris.

Dün­ýä­de iň güýç­li adam di­ýen ady al­mak ug­run­da gö­reş­mek üçin tu­tuş Ýer ýü­zün­den bel­li tür­gen­ler gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­da ge­lerler. Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­jek bu bäs­le­şik ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da spor­ty we be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mek­de, şeý­le hem öňe sü­ren mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry­my­zy, ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­mi­zi we ýe­ten sep­git­le­ri­mi­zi dün­ýä ýaý­mak­da no­bat­da­ky uly ädim bo­lar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.

Sport ägirt köp tür­gen­le­ri we jan­kö­ýer­le­ri, hö­kü­met, te­le­ke­çi­lik hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ni bir­leş­di­rip, adam­za­dyň ün­sü­ni mö­hüm äh­lu­mu­my me­se­le­le­re çek­me­giň hem öz­bo­luş­ly se­riş­de­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, «Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni ge­çir­me­giň düýp mak­sa­dy bi­ziň eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny öňe sür­mek bi­len te­bi­ga­ta aýaw­ly hem-de re­je­li ga­ra­ýyş­la­ry­my­zy ama­la aşyr­mak­dan yba­rat­dyr.

Şeý­le­lik­de, sport ýa­ryş­la­ry di­ňe bir ýaş­la­ryň be­den, ru­hy we ah­lak taý­dan ösü­şi­ne ýar­dam ber­mä­ge däl-de, eý­sem, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem he­ma­ýat ed­ýär, döw­let­le­riň ara­syn­da hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry, halk­la­ryň dost­luk­ly hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge, me­de­ni­ýet­le­riň öza­ra baý­laş­ma­gy­na şert dö­red­ýär di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.

Türk­men tür­gen­le­ri öz us­sat­ly­gy­ny gör­ke­zip, sport­da ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak we iň go­wu­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­mak bi­len bir­lik­de, di­ňe bir ösüp gel­ýän ne­sil­le­re gö­rel­de bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de hem ata Wa­ta­ny­my­za we­kil­çi­lik ed­ýär­ler. Ga­za­nan ýe­ňiş­le­ri bi­len mil­li buý­san­jy­my­zy art­dyr­ýar­lar. Eziz Di­ýa­ry­my­za şan-şöh­rat ge­ti­rip, onuň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­ýar­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow «Amul — Ha­zar 2018» aw­to­ral­li ýa­ry­şy­nyň ne­ti­je­le­ri­ne ka­na­gat­lan­ma bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň to­pa­ry­nyň in­di­ki ýy­lyň 5 — 12-nji ma­ýy ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­jek aw­to­ral­li ýa­ry­şy­na gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­za­nan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Bu ýa­ry­şyň ýol­la­ry bi­ziň ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­den ge­çer. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hem­me­le­ri bu şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lap, äh­li tür­gen­le­ri­mi­ze in­di­ki ýyl ge­çi­ril­jek aw­to­ral­li ýa­ry­şy­na go­wy taý­ýar­lan­ma­gy hem-de tä­ze üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ma­gy ar­zuw et­di.

Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ryş­la­r­da aý­ra­tyn ta­pa­wut­la­nyp, uly ýe­ňiş ga­za­nan tür­gen­le­ri­mi­zi sy­lag­la­mak ba­ra­da­ky Per­ma­na hem-de Ka­ra­ra gol çek­di we «Amul — Ha­zar 2018» aw­to­ral­li ýa­ry­şy­nyň ku­bo­gy­ny hem-de kä­bir ny­şan­la­ry­ny sport mu­ze­ýi­ne gow­şur­mak ka­ra­ry­na ge­len­di­gi­ni aýt­dy.

Ga­raş­syz döw­le­ti­miz ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga si­ziň goş­ýan go­şan­dy­ňy­za he­mi­şe ýo­ka­ry ba­ha be­rer. Köp­çü­lik­le­ýin spor­ty hem, ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty hem mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin äh­li şert­le­ri dö­re­der di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy.

Da­ba­ra­ly ýag­daý­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Per­ma­ny we Ka­ra­ry okal­ýar.

Ýyg­na­nan­la­ryň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň baý­rak­ly orun­la­ry­na my­na­syp bo­lan­la­ra hem-de ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ra sy­lag­la­ry gow­şur­ýar.

Ral­li­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça üçün­ji hor­mat bas­gan­ça­gy­na gal­ma­gy ba­şa­ran türk­men to­par­la­ry­nyň iki­si­niň ag­za­la­ry “Mercedes-Benz E200 Coupe” (sü­rü­ji Ho­ja­gu­ly An­na­mäm­me­dow), “Toyo­ta Avalon” (ýol­be­le­di Gaý­gy­syz Ak­my­ra­dow) hem-de “Toyo­ta Cam­ry” (sü­rü­ji Gu­wanç­my­rat Hom­ma­dow) we “Toyo­ta Cam­ry” (ýol­be­le­di Re­jep­ny­ýaz An­na­ber­di­ýew) ky­sym­ly aw­tou­lag­lar bi­len sy­lag­la­nyl­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ry­şy­na iş­jeň gat­na­şan iş­gär­le­riň we tür­gen­le­riň birto­pa­ry ýa­dy­gär­lik ny­şa­ny bi­len sy­lag­la­nyl­dy.

Sy­lag­la­ra my­na­syp bo­lan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze türk­men tür­gen­le­ri­niň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne be­ren ýo­ka­ry ba­ha­sy, ýur­du­myz­da sport bi­len, şol san­da aw­to­mo­bil spor­ty bi­len meş­gul­lan­mak, sport en­dik­le­ri­ni hem-de us­sat­ly­gy­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mek ba­ra­da ed­ýän yzy­gi­der­li ala­da­sy üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň spor­tu­nyň hil taý­dan tä­ze sep­git­le­re ýe­ten­di­gi­ni bel­le­di­ler.

Çy­kyş eden­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowdan hor­mat­ly sy­lag­la­ry al­ma­gyň öz­le­ri üçin uly hor­mat-sar­pa­dy­gy­ny aý­dyp, ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri­niň eziz Wa­ta­ny­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny art­dyr­ma­gyň bäh­bi­di­ne güýç-gaý­rat­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dyk­la­ry­na hem-de hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de türk­men spor­tu­na my­na­syp we­kil­çi­lik et­mek üçin mun­dan beý­läk-de tu­tan­ýer­li zäh­met çek­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar.

Mil­li Li­de­ri­miz ta­pa­wut­la­nan tür­gen­le­ri ýe­ne-de bir ge­zek gut­lap, ola­ra üs­tün­lik we ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ar­zuw et­di hem-de ýur­du­myz­da spor­tuň aw­to­mo­bil we beý­le­ki gör­nüş­le­ri­ni ös­dür­mä­ge, be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti­ni gi­ňelt­mä­ge uly üns be­ril­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Sport ula­gy mer­ke­zi­ne özü­niň 100 bel­gi­li sport aw­to­mo­bi­li ber­mek ba­ra­da­ky ka­ra­ra ge­len­di­gi­ni aýt­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şol aw­to­mo­bil­de “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň baş­lan­gyç tap­gy­ry­na gat­naş­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şeý­le hem türk­men spor­ty mu­ze­ýi­ne şu ral­li-ma­ra­fo­nyň ýol­baş­çy­sy Žan-Lui Şles­ser ta­ra­pyn­dan “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­li­si­niň üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len­di­gi we ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edi­len­di­gi üçin gow­şu­ry­lan “Af­rica Eco Race”-niň ýö­ri­te sy­la­gy­ny we bu ýa­ryş­la­ryň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da çy­kyş eden sport ly­bas­la­ry­ny gow­şur­dy.

Da­ba­ra­ly çä­re ta­mam­la­nan­dan soň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow hem­me­le­re berk jan sag­lyk, aba­dan­çy­lyk hem-de sport ul­ga­myn­da tä­ze aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

***

Şol gün türk­men tür­gen­le­ri­niň “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­sin­de üs­tün­lik­li çy­ky­şy­na ba­gyş­la­nan da­ba­ra Mil­li sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ins­ti­tu­tyn­da do­wam et­di. Tür­gen­le­ri­mi­ziň bu üs­tün­li­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sy­lag­la­ry bi­len bel­le­nil­di. Bu ýer­de şol ýa­ryş­la­ry gu­ra­ma­ga iş­jeň gat­na­şan hem-de ola­ry giň­den wa­gyz et­mä­ge we ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mä­ge sal­dam­ly go­şant go­şan meý­le­tin­çi­le­re, mu­gal­lym­la­ra hem-de ta­lyp­la­ra, dür­li ugur­ly hü­när­men­le­re we dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ne ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy.

Çy­kyş eden­ler mil­li we dün­ýä aw­to­mo­bil spor­tu­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin ral­li­niň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni nyg­tap, bu giň möç­ber­li ýa­ryş­la­ryň ha­ky­ky sport baý­ram­çy­ly­gy­na öw­rü­len­di­gi­ni hem-de dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­rin­den adam­la­ry bir­leş­di­ren­di­gi­ni bel­le­di­ler. Bu ýa­ryş­lar ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da şan­ly wa­ka öw­rü­lip, tu­tuş dün­ýä Türk­me­nis­ta­nyň sport ul­ga­myn­da­ky ägirt uly kuw­wa­ty­ny hem-de bu ugur­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy­ny gör­kez­di.

Bu ral­li­niň eko­lo­gi­ýa ugur­ly bol­ma­gy onuň ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­tyn­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, şol san­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­mi­ziň tab­şyr­ma­gy bo­ýun­ça aw­to­mo­bil ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şy­jy­la­ryň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ýan­gyç bi­len üp­jün edi­len­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris.

Bu öz­bo­luş­ly tas­la­ma­nyň yn­san­per­wer­lik ba­bat­da uly we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­ti­ren­di­gi­ni hem aýt­ma­ly­dy­rys. Çün­ki bu ýa­ryş­lar da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ry­my­za öz­le­ri üçin Türk­me­nis­ta­ny aç­mak, onuň tä­sin ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy, hä­zir­ki za­man ga­za­nan­la­ry hem-de bu gün ama­la aşy­ryl­ýan ägirt uly öz­gert­me­ler bi­len ta­nyş­mak üçin aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­di.

Şu gün “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şy­jy­la­ry sar­pa­la­mak my­na­sy­bet­li da­ba­ra­ly çä­re Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ins­ti­tu­tyn­da hem ge­çi­ril­di. Şol ýer­de Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň teh­ni­ki iş­gär­le­ri­niň we sü­rü­ji­le­ri­niň, şeý­le hem beý­le­ki iş­gär­le­ri­niň bu hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi­ne go­şan go­şan­dy bel­le­nil­di we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan ola­ra gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.

Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça eko-ral­li reý­di ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy, ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş we sport he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­mek, be­den taý­dan berk we ru­hy taý­dan baý ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek me­se­le­le­ri­ne uly üns ber­ýän­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň, sport döw­le­ti hök­mün­de hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ma­gy­nyň bäh­bi­di­ne tä­ze üs­tün­lik­ler ga­zan­mak üçin äh­li ta­gal­la­la­ry­ny hem-de ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dyk­la­ry­na ynan­­dyr­dy­lar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter