Dünýä rekordlary bilen ahalteke bedewleriniň şöhraty artýar | TDH
Jemgyýet

Dünýä rekordlary bilen ahalteke bedewleriniň şöhraty artýar

опубликованно 21.09.2018 // 970 - просмотров
 

Her bir taryhy döwürde halkyň, zamananyň ruhuny, gazanylýan üstünlikleri, ýeňişleri doly derejede äşgär edýän mukaddeslik bar. Türkmen ilinde gadymyýetden bäri iň gowy arzuw-hyýallary, belent ýörelgeleri özünde jemleýän mukaddeslik bedew at hasaplanylýar. Gadymy ýyl ýazgylary we köp sanly ylmy çeşmeler iň gadymy we dünýä belli atşynaslyk merkeziniň Türkmenistanyň çäginde ýerleşendigine şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni baştutanlygynda we howandarlygynda atçylyk sportunyň has-da ösdürilmegine, ahalteke bedewleriniň taryhy watanynda bedewler bilen baglanyşykly milli ýörelgeleriň bütin dünýäde wagyz edilmegine gönükdirilen yzygiderli çäreler geçirilýär. Ahalteke bedewleriniň atçylyk sporty hem-de sirk sungaty boýunça daşary ýurtlarda geçirilýän dürli ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi milli Liderimiziň bu ulgama berýän aýratyn ünsüniň miwesidir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedewiň iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metr aralyga görkezen netijesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Akhan 10 metr aralyga 4,19 sekunt wagt sarp edip, şondan ozalky iň oňat netijäni iki esse gowulandyrdy.

Munuň özi türkmen bedewleriniň aýratyn ukyba eýedigini ýene bir gezek subut edip, diňe bir ajaýyp hem-de kämil keşbi, çalasynlygy hem-de çydamlylygy bilen däl-de, seýis bilen sulhy alyşmak başarnygyna eýedigini görkezýär. Sebäbi türkmen bedewlerini türgenleşdirmän, ozaly bilen, terbiýeleýärler, şondan soňra seýisleýärler. Bu türkmen atşynaslarynyň baş ýörelgesidir.

Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň ýene-de bir aýratynlygy, bäş müňýyllygyň dowamynda kämilleşdirilen naýbaşy, arassa ganly tohumyny gorap saklamakdan ybaratdyr.

Gurply we Ruhubelent atly bedewleriň nesli bolan Akhan 2006-njy ýylda doglan gyr bedewdir. Akhan ady rowaýata öwrülen Gyrsakaryň nesil ugruna degişlidir. Gyrsakar, öz nobatynda, meşhur Boýnawyň nesil ugruny dowam etdirdi. Şeýle hem bu ugurda Kerwen, Garader, Derbi-2, Gülsary, Gökleň ýaly ýyndamlykda aýlawlary baglan atlaryň bolandygyny aýratyn bellemeli.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili Şeýda Subaşi-Gemijiniň Akhanyň goýan rekordyny resmi taýdan ykrar edilýändigi hakyndaky güwänamany gowşurmagy türkmen halkynyň ahalteke bedewlerine bolan buýsanjyny ýene bir gezek artdyrdy.

Bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň tamamlanmagy mynasybetli Hazaryň kenarynda guralan dabaralaryň çäklerinde boldy.

Akhanyň goýan rekordynyň kanunalaýykdygyna halkara derejeli eminler bilen bir hatarda, dünýäniň meşhur atşynaslary doly göz ýetirdiler. Bu habar dünýäniň atçylyk ulgamy boýunça iş alyp barýan döwürleýin neşirlerde öz beýanyny tapdy. Şolaryň köpüsi Akhanyň seýsiniň hormatly Prezidentimiziň hut özüdigini belleýärler. Milli Liderimiz tejribeli çapyksuwar bolmak bilen bir hatarda, bu ugurda halypa hökmünde ykrar edilen seýis hem hasaplanylýar.

Meşhur atlaryň gadymdan gelýän şöhraty döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen gaýtadan dikeldilýär. Akhanyň gazanan netijesi hormatly Prezidentimiziň ägirt uly yhlasynyň, seýisçilik tejribesiniň ajaýyp netije berýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylda Akhany “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat bermegi bilen şöhratly bedewiň täze üstünliklerine ýol açyldy. Akhan dünýäde meşhurlyga eýe bolan topar bilen ençeme ýurtlarda çykyş edip, halkara festiwallaryň baş baýragynyň eýelenilmegine mynasyp goşant goşdy.

Dünýäniň esasy arenalarynda Garaşsyz, Bitarap döwletimize mynasyp wekilçilik edýän bu toparyň indi ençeme ýyllaryň dowamynda sirk sungatynyň iri halkara gözden geçirilişleriniň ýeňijileri hem-de abraýly sylaglaryň eýeleri bolýandygyny bellemek gerek.

Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler ýurdumyzda guralýan baýramçylyklaryň bezegine öwrüldi. Bedewleriň gözelligi we çeýeligi hem-de çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlygy tomaşaçylarda hemişe ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlar diňe bir atçylyk sungatynyň ähli çylşyrymly tilsimlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmän, adam bilen bedewiň ajaýyp sazlaşygyny görkezýärler, diňe birek-birek bilen sulhuň alşanda şeýle bolýar.

Türkmen halkynyň ençeme müňýyllyk taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen aýrylmaz baglydyr. Bu bedewleriň kämilligi, adamlaryň ýakyn syrdaşy hasaplanylmagy türkmenleriň zehinli halkdygyna şaýatlyk edýär. Çünki şöhratly atşynaslar, zehinli seýisler ähli güýjüni, zehinini, kalbyny asylly işe bagyş edip, bedewleriň tebigat bilen sazlaşygyny, adamlar bilen utgaşykly ösüşini kemala getirmegi başarypdyrlar. Hut şonuň üçin hem türkmen milli seýisçilik ýörelgeleri sungat derejesine göterilipdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň behişdi bedewlere örän uly söýgi we alada bilen garaýandygy hemmelere mälimdir, milli Liderimiz işiniň örän köpdügine garamazdan, olar bilen didarlaşmak üçin wagt tapmaga çalyşýar. Döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň hem at çapyşyklaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýändigini bellemek gerek.

Milli Liderimiz ajaýyp bedewleri öz edebi döredijiliginde wasp edýär. Döwlet Baştutanymyzyň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitaby bedewleriň türkmenleriň durmuşyndaky ornuna düşünmäge mümkinçilik berýär. Bu neşiriň dünýäniň köp dillerine terjime edilmegi netijesinde dürli ýurtlaryň okyjylary türkmen halkynyň adamzada peşgeş beren örän gymmatly mirasy bilen ýakyndan tanşyp bilerler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler “Ganatly bedewler” we “Gadamy batly bedew” atly kitaplarda öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Akhan atly atynyň üstünligi türkmen bedewiniň keşbine baky öçmejek şöhratynyň öwüşgin atýan täjine ýene bir merjen goşdy. Şeýle ebedi şöhrat gadymy asyrlarda peýda bolup, Ýer ýüzüne doldy hem-de bu gün täze keşpde gaýdyp gelýär.

Häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça demir we awtomobil ýollary geçýär, ýöne bedewiň taryhy orny unudylmaýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde ahalteke bedewlerini kämilleşdirmek işinde täze belentliklere ýetilýär, bu naýbaşy tohum atlara buýsanjymyz artýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter