Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçysyna gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçysyna gynanç bildirdi

опубликованно 21.09.2018 // 964 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary Nguen Fu Çonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Çan Daý Kuangyň biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda Çan Daý Kuangyň görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolandygyny, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň hem-de onuň halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly goşant goşandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Wýetnamyň dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini ýetirdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter