Türkmenistanyň içerki haryt dolanyşygy bir ýylda 17 göterim artdy | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň içerki haryt dolanyşygy bir ýylda 17 göterim artdy

опубликованно 14.01.2015 // 1158 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda düýpli durmş-ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilýän, halk hojalyk toplumynyň işine bazar ýörelgeleriniň ornaşdyrylýan döwründe söwda ulgamy Türkmenistanda uly üýtgeşmeleri başdan geçirdi. Ykdysady ösüş içerki söwdanyň ýokarlanmagyna ýardam etdi. Şol içerki söwdada giň gerimli bäsdeşlik kemala geldi, telekeçilik we maýa goýum işjeňligi aýdyň ýüze çykdy, işewürligi guramagyň häzirki zaman usullary peýdalanylyp başlandy.

Häzirki wagtda söwda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň býujet emele getiriji möhüm bölegi bolup durýar. Onuň netijeli pul dolanyşygyna, jemi içerki önüm öndürilişiniň kemala getirilmegine, önümçiligi ösdürmäge täsiri uludyr, çünki ol isleg bildirilýän sarp edijiligiň we ykdysady ýagdaýyň üýtgemegine has tiz täsir edýär.

Halkyň durmuş derejesiniň ösüşini aýdyň şöhlelendirip, söwda ulgamynda üýtgeşmeleri häsiýetlendirýän käbir görkezijilere garap geçeliň. Mysal üçin, söwdada jemi goşulan bahanyň ösüş depgini, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2014-nji ýylda 110,8 göterim boldy. Bu bolsa harytlyk önümiň artmagy bilen bolşy ýaly, ilatyň tölege ukyplylyk isleginiň ýokary derejesi bilen hem şertlenendir. Şeýle hem bu ulgam täze iş orunlarynyň döremegini üpjün edýär.

Bölek haryt dolanyşygy ýurduň içerki bazarynyň ösüşiniň görkezijisi bolup durýar. Onuň möçberi 2014-nji ýylda 35,4 milliard manatdan gowrak boldy we 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 17 göterim ýokarlandy, şunda ilata satylan harytlaryň fiziki möçberiniň ösüşi 10,7 göterimden ybarat boldy.

Statistika gullugynyň maglumatlaryna görä, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bölek haryt dolanyşygynyň durnukly ösüşi hasaba alyndy. Onuň has ýokary derejesi Aşgabatda -17 göterimden gowrak emele geldi, welaýatlarda -16-17 göterimden gowrak boldy. Görnüşi ýaly, paýtagtymyz bu görkezijiler boýunça sebitlerden az-owlak öňe geçýär. Bu bolsa söwda düzüminiň ösüşiniň sazlaşyklydygyndan hem-de sebit çäklerinde durmuş amatlyklarynyň, harytlaryň we hyzmatlaryň gyradeň paýlanandygyndan habar berýär. Şeýlelikde, içerki söwda üçin häzir bütin ýurdumyzyň bazarlarynda isleg bildirilýän harytlaryň ähli görnüşleriniň agdyklyk etmegi häsiýetlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty netijesinde ýurdumyzda telekeçiler synpy ýokary göterildi. Ol milli ykdysadyýetimiziň söwda ulgamynda esasy orun tutýar. Bölek haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň düzüminde döwlete degişli paý 2014-nji ýylda 8 göterime deň boldy. Döwlete degişli däl ulgamyň paýy bolsa 92 göterimden ybarat boldy.

2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depginleri degişlilikde 15,5 we 17,1 göterim ýokarlandy.

Döwlete degişli ulgamda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi has uly paýy eýeledi /ýyllyk ösüşi 9,4 göterim derejesinde bolan umumy möçberden 43 göterim diýen ýaly/.

Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligi boýunça bölek haryt dolanyşygynyň ösüşi 43,4 göterim boldy. Munuň özi esasan ilatyň awtomobil edinmeginiň ýygjamlaşmagy bilen baglylykda, ulag benzinleriniň sarp edilişiniň artmagy bilen şertlenendir.

Çörek önümleriniň görnüşleriniň giňelmegi “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça bölek haryt dolanyşygynyň ösüşini 74,2 göterim derejesinde kesgitledi.

Içerki bazarda harytlaryň satylýan möçberiniň görnetin artýandygyny Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça hem /2,2 esse/, Dokma senagaty ministrligi boýunça /19,6 göterim/, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça /18,4 göterim / görmek bolýar.

Şunuň bilen birlikde, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň kärhnalarynyň söwda işiniň işjeňleşmegi bölek-satuw söwdasynda harytlaryň gorlarynyň artmagynda göze ilýär, ol 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda bu görkezijini 2013-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 9,4 göterim ýokarlandyrdy. Mysal üçin, bölek-satuw söwdasynda sarp ediş harytlarynyň gorlarynyň möçberiniň ep-esli artmagy Dokma senagaty ministrlginde (63,4 göterim), Türkmen döwlet neşirýat gullugynda (56,3 göterim) göze ildi.

Ykdysady işiň görnüşleri boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygynyň paýlanylyşy barada aýdylanda bolsa, 2014-nji ýylda oba hojalygynyň paýynyň iki esse artandygyny belläp geçmeli.

Önümleri gaýtadan işleýän senagatda ösüş depgini 147,8 göterime, myhmanhana – restoran senagaty boýunça – 113,5 göterime ýetdi. Gozgalmaýan emläk bilen geçirilýän amallaryň möçberi hem 44,5 göterim artdy. Durmuş hyzmatlary boýunça ösüş depgini 130 göterime deňdir.

Geçen ýyl ýurdumyz boýunça söwda kärhanalarynyň sany ep-esli artdy, munuň özi harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň yzygiderli täzelenýän şertlerinde ilatyň artýan islegleri bilen baglanyşyklydyr. Olar ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň we iberijileriniň arasynda ýerlemegi hem-de bäsdeşligi saklamagy höweslendirmäge ep-esli täsir etdiler.

Tutuşlygyna alnanda, Türkmenistanda söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýan görkezijileri ilatymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýär, sebäbi adamlaryň maddy islegleriniň esasy bölegi satyn alnan harytlaryň kömegi bilen kanagatlandyrylýar.

Şunda gipermarketler ýaly söwdanyň görnüşleriniň peýda bolmagyny hem-de türkmen bazarynda dünýäniň esasy kompaniýalarynyň önümleriniň bolmagynyň giňelmegini belläp geçmeli. Gepiň gerdişine görä aýdylsa, şu günler Ýewropanyň EURONEWS maglumatlar teleýalymy boýunça bir gije -gündiziň dowamynda sebitde iri “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezini mahabatlandyrýan wideorolik birnäçe gezek görkezilýär, şol merkeziň açylyşy Aşgabatda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda boldy.

Supermarketler we “Ädimleýin aralaşmak bilen” söwda nokatlary ýaly söwdany guramagyň usullary hem meşhur bolmagynda galýar. Täze ýaşaýyş jaýlaryň birinji gatlarynda söwda merkezleri, dükanlar we durmuş hyzmatyny edýän nokatlar ýerleşdirilýär.

Aralykdan söwda etmek (öýe eltip bermek bilen) we internet söwdalar ýaly görnüşler ösýär. Internet – täjirçilik—munuň özi giň möçberli meýildir we häzirki wagtda biziň bu mümkinçiligi işjeň peýdalanmagymyz möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz elektron söwdanyň milli ulgamyny kemala getirmäge girişmegi tabşyrmak bilen, hökümet maslahatlarynyň birinde nygtap geçdi.

Türkmenistayň Prezidenti 2015-nji ýylda ýurdumyzyň pudaklaryny ösdürmek boýunça belli bir maksatly görkezmeleri bermek bilen, Ministrler Kabinetiniň 9-njy ýanwarda bolan giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda söwda ulgamynda mundan beýläk-de döwrebap düzümleri döretmek, Aşgabatda we welaýatlarda täze söwda merkezlerini hem-de supermarketleri gurmak boýunça belli bir ulgamlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Bu ýerde gürrüň, söwdanyň innowasion görnüşlerini ösdürmek, söwdanyň barşynyň tehnologiýalaryny täzelemek, şeýle hem bazar arkaly düzgünleşdirmegiň we işewürlik ýagdaýyny gowulandyrmagyň edaralaryny ösdürmek hakynda barýar.

Şunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagyna hem-de bähbitleriniň berjaý edilmegine netijeli gözegçiligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň hilini üpjün etmegiň dünýäniň iş tejribesinde synalyp görlen ýörelgelerine esaslanýan netijeli ulgamlaryny döretmegiň zerurdygyna bu pudagyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekýär.

Mahlasy, söwdanyň milli ykdysadyýetimiziň depginlii ösýän ulgamydygyny aýdyp geçmek gerek, onuň wezipeleri döwletimiz we ýurdumyzyň işewürligi bilen ýakyn hyzmatldaşlykda üstünlikli çözülýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter