Türkmenistanyň Prezidenti egindeşlerine baýramçylyk mynasybetli ýadygärlik nyşanlaryny gowşurdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti egindeşlerine baýramçylyk mynasybetli ýadygärlik nyşanlaryny gowşurdy

опубликованно 24.09.2018 // 880 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgüniň “Şat” otagynda Mejlisiň Başlygyna, wise-premýerlere, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşanlaryny hem-de özüniň täze döreden “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ikinji kitabyny we “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly ylmy kitabyny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary ýetip gelýän şanly baýram — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk hem-de Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň wekilleri ýokary ynam hem-de bildirilen hormat üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirip, geljekde hem eziz Watanymyza wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde gazanylan belent sepgitler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty we milli Liderimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, bu syýasat Türkmenistanyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini we belent halkara abraýyny şertlendirendir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitleri tanalmaz derejede özgerdi, ýylyň-ýylyna senagat we medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýüzlerçesi ulanmaga berilýär. Ilatyň durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Ähli ulgamlaryň we pudaklaryň hünärmenleriniň döredijilikli zähmeti üçin zerur şertler döredilýär.

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň, onuň asylly däpleriniň, şeýle hem ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň öwrenilmegine ägirt uly üns berilýär, munuň özi milli Liderimiziň ylmy we edebi döredijiliginde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Tutuşlygyna, bularyň ählisi milli medeni mirasyň geljekki nesiller üçin saklanylmagy, onuň bütin dünýäde giňden wagyz edilmegi babatynda uly ähmiýete eýedir diýip, çykyş edenler bellediler.

Ýygnananlar ähli watandaşlarymyzyň adyndan döwlet Baştutanymyzy milli senenamamyzyň şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler, bu syýasat döredijilik we ösüş ýoly bilen ýurdumyzyň mundan beýläk-de ynamly öňe gitmeginiň ygtybarly kepili bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn egindeşleri şeýle hem milli Liderimiziň şahsy göreldesinden ruhlanyp, öz halkymyza we eziz Watanymyza wepaly gulluk etjekdiklerine, ähli bilimlerini we tejribelerini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirjekdiklerine ynandyrdylar.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, hökümet agzalaryny hem-de halkymyzy mukaddes Garaşsyzlygyň ägirt uly gazananlarynyň nyşany bolup durýan ýetip gelýän baýram bilen ýene bir gezek gutlady hem-de hemmelere bagt, abadançylyk, Watanymyzyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter