Res­mi ha­bar­lar | TDH
Syýasat habarlary

Res­mi ha­bar­lar

опубликованно 24.09.2018 // 1043 - просмотров
 

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

***

Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek” hakyndaky Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Resminama bilen Daşary işler ministrligine, Içeri işler ministrligine, Döwlet migrasiýa gullugyna beýleki degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek barada ýüz tutan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini soňra Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmek wezipesi ýüklenildi.

***

Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy, hukuk tertibini we kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli, birkemsiz ýerine ýetirmekde gazanan ýokary şahsy görkezijileri üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir toparyny Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi.

***

Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny, jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek hakyndaky Permana gol çekdi.

***

“Hukuk namalar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 30 — 31-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna goşmaça girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda” Permana gol çekdi, resminama laýyklykda “Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 204-nji Permanynyň birinji böleginiň 12-nji bendinden soň, “121 Bütindünýä welosiped güni –3-nji iýun; mazmundaky 121 bendi goşuldy. Bu resminama bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň 2002-nji ýylyň 23-nji awgustynda çykaran “Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby bölümleriniň we birikmeleriniň söweşjeň baýdagynyň nusgasyny tassyklamak barada” № 3693 Permanyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

***

Berkarar döwletimiziň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we goranmak ukybyny, hukuk tertibini hem-de kanunçylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini, medeniýetini we sungatyny, saglygy goraýyş, ylym-bilim hem-de sport ulgamlaryny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bir topary ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy.

***

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynda täze, döwrebap obalary gurmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti “Ahal welaýatynyň Gökdepe, Ak bugdaý we Kaka etraplarynda täze, döwrebap obalary gurmak hakynda” Karara gol çekdi.

Ahal welaýatynyň häkimligine şu Karar bilen tassyklanan desgalaryň we binalaryň welaýatyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň we Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çäklerinde guruljak täze, döwrebap obalarda binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini utgaşdyrmak we bu işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek tabşyryldy. Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we bu işleri 2021-nji ýylyň sentýabrynda doly tamamlamak bellenildi.

***

Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygyny nazara alyp we olar bilen uzakmöhletleýin esasda bilelikde geçirilýän çäreleri dowam etdirmek hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ähmiýetini dünýäde wagyz etmek, halklaryň arasynda dost-doganlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine we Daşary işler ministrligine 2018-nji ýylyň 30-njy sentýabry — 5-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisini we onuň çäklerindäki çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter