Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

опубликованно 24.09.2018 // 1283 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň “Ruh” otagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Onda Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler hem-de Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň barşy, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içerki syýasatyň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.

Wise-premýer raýatlygy bolmadyk adamlary Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek boýunça degişli Permanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Ynsanperwer ugur döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar, ýurdumyzda bu meselä aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli kanunçylygyň hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini goramak hem-de kepillendirmek boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär.

2011 — 2017-nji ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen 8 müň 145 adam döwletimiziň raýatlygyna kabul edildi. Bu ynsanperwer çözgütler ýurdumyzyň BMG-niň ynsanperwer meseleleri boýunça Konwensiýalardan hem-de beýleki köptaraplaýyn halkara resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryny üstünlikli we yzygiderli ýerine ýetirýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup, dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna hem-de ykrarnamasyna eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen adalatlylyk hem-de demokratik ýörelgelere esaslanýan oňyn döwlet strategiýasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek maksady bilen, DIM we beýleki ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de dürli milletleriň wekilleri bolan adamlaryň degişli ýüztutmalary esasynda 735 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek boýunça işler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolan Garaşsyz döwletimiziň öz üstüne alan borçnamalaryny hemişe ýerine ýetirip gelýändigini nygtady. Şu gün ýokarda agzalan Permana gol çekilmegi bilen dürli taryhy ýagdaýlar sebäpli raýatlygyny ýitiren adamlaryň 700-den hem köpüsi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de bosgunlar we adam hukuklary baradaky BMG-niň dürli Konwensiýalaryna laýyklykda kömege we goldawa eýe bolýarlar diýdi.

Milli Liderimiz Permana gol çekip, milli howpsuzlyk ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýewe, içeri işler ministri I.Mulikowa we Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdowa bu adamlaryň ählisine bir aýyň dowamynda Türkmenistanyň pasportynyň berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine ýurdumyzyň raýatlygyna kabul edilen adamlara Türkmenistanyň raýatynyň pasportlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagyny üpjün etmegi, zerur bolan halatynda olaryň işe ýerleşmegine we ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilmegine ýardam bermegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçiriljek birinji mejlisiniň guramaçylyk meseleleri barada habar berdi.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösüşine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyna gönükdirilen kanunçylyk taslamalarynyň üstünde alnyp barylýan işler dowam edýär. Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak resminamalary taýýarlamak, guramaçylyk meselelerini çözmek boýunça degişli işleri ýerine ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde döwlet ösüşiniň esasy ugurlaryny, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny we dünýäniň öňdebaryjy tejribesini nazara almak bilen, kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, kadalaşdyryş-hukuk işleri Mejlisiň deputatlarynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary we ýerli ilat bilen yzygiderli gatnaşykda bolmagyny talap edýär. Çünki kanunlar, ilkinji nobatda, adamlaryň abadançylygyna, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş we durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin zerur şertleriň döredilmegine hem-de parahat we döredijilikli zähmeti üçin oňyn mümkinçilikleriň üpjün edilmegine gönükdirilmelidir.

Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirligini we bitewüligini äşgär eder, ol ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow ilata edilýän bank hyzmatlarynyň, hususan-da, nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň sanawyny giňeltmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda Ahal welaýatynyň Gökdepe, Kaka, Ak bugdaý etraplarynda täze döwrebap obalary gurmagyň taslamalarynyň meseleleri barada maglumatlar aýdyldy. Bu etraplarda durmuş maksatly binalaryň birnäçesini hem-de degişli düzümleýin desgalary gurmak meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bank ulgamyny kämilleşdirmegiň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny ösdürmek strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Öňdebaryjy usullary we iň täze tehnologiýalary peýdalanmak bilen nagt däl hasaplaşyklara geçmegiň döwrebap ulgamyny döretmäge, bank kartlaryny ulanmak arkaly hyzmatlaryň görnüşlerini hem-de sanyny artdyrmaga, elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmäge we goraglylygyny üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz ulgamda öňde duran ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekip, wise-premýere bu ugurda ähli göz öňünde tutulan işleri öz wagtynda durmuşa geçirmegiň meselelerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Ahal welaýatynyň etraplarynyň birnäçesinde döwrebap obalaryň gurulmagy baradaky meselä geçip, durmuş-ykdysady ölçegleriň ösdürilmegine, ekologiýa görkezijilerini, oba ýerlerinde ilatyň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen sebitleri özgertmek maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň oňyn özgertmeleriň aýrylmaz bölegidigini belledi.“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda” bellenen çäreleri durmuşa geçirmek sebitleriň önümçilik, ykdysady, tehniki, durmuş, hojalyk, ylym-bilim we tebigy-serişde mümkinçiligini artdyrmaga ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit önümlerini saklamak we ugratmak boýunça Kenar kärhanasynyň awtomatlaşdyrylan demir ýol menzilinde alnyp barylýan goýberiş-sazlaýyş işleri barada hasabat berdi. Bu desganyň ýylda 3 million 850 müň tonna önümi ugratmaga mümkinçiligi bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň, pudagyň kuwwatyny pugtalandyrmagyň we artdyrmagyň, degişli düzümi döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz öňdebaryjy tehnologiýalary we täzeçil işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň esasynda nebitgaz toplumynyň ähli edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” yzygiderli amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny aýdyp, wise-premýere täze nebitgaz desgalaryny işe girizmäge ýokary derejede taýýarlyk görmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň barşy barada hasabat berdi. Gallaçy kärendeçiler ýokary hilli dökünler bilen üpjün edildi. Oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işi ýola goýuldy. Şunuň bilen birlikde, gögeriş alnan ýerlerde ösüş suwy tutulýar. Pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak, hasyly kabul ediş bölümlerine we gaýtadan işlemek üçin pagta arassalaýjy zawodlara daşamak boýunça degişli işler amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ýer meseleleri boýunça welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň toparlarynyň we Döwlet toparynyň agzalary tarapyndan seljerilip taýýarlanylan tekliplere laýyklykda, ýurdumyzyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, häkimliklere hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli taslamalary amala aşyrmak üçin teklipler hödürlenildi.

Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli 28-nji sentýabrda geçiriljek baýramçylyk at çapyşyklaryna görülýän taýýarlyk barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda döwletmiziň azyk bolçulygynyň berkidilmegine, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna, sebitleriň hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň işjeňleşdirilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýurdumyzda oba hojalyk önümçiliginiň mukdarynyň artmagyny şertlendirýän agrar ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem milli Liderimiz pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişi möwsümini bellenilen möhletde, agrotehniki kadalara laýyk derejede tamamlamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi we eksporta ugradylýan önümleriň möçberini artdyrmak boýunça hereket edýän pudaklaýyn desgalary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetiň ulgam dörediji pudagy, ýokary bazar bäsleşigi şertlerinde ony öňdäki orunlara çykaryjy hökmünde bu pudagyň işini düýpli ugurlarda kämilleşdirmäge ünsi çekip, ýerli çig mal serişdelerini giňden ulanmagyň, netijeli tehnologiýalary we täzeçil usullary ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine esaslanmagyň zerurdygyny belledi. Önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy kärhanalaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, içerki bazarlary dürli görnüşli, gelşikli we hili boýunça daşary ýurt önümlerinden pes bolmadyk harytlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şunlukda, milli dokma senagatynyň täze görnüşlerini döretmegiň hasabyna onuň eksport kuwwaty artdyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we munuň üçin döwletimiziň ähli zerur şertleri üpjün edýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ulgamda ileri tutulýan ugurlary belläp, işleri çaltlandyrmak barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew paýtagtymyzy düzümleýin ösdürmek, ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Wise-premýer mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygyny mynasyp garşylamak ugrunda Aşgabadyň şäher gulluklary tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada jikme-jik hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherini mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine toplumlaýyn çemeleşmek babatynda görkezmeleri bermek bilen, abadançylyk we bagy-bossanlyga öwürmek çäreleriniň şäher hojalygynyň alyp barýan işleriniň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Hut şu ulgamda ilatyň ýokary durmuş derejesini, amatlylygy hem-de sagdyn gurşawy döretmek üçin şertler emele getirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygynyň ýagdaýyny hem-de daşky keşbini gowulandyrmak meselelerine toplumlaýyn çemeleşilmegini talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow garamagyndaky guramalarda geçirilýän işler, gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, telekeçiligi ösdürmek babatda milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýeti ösdürmekde we daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda söwda ulgamynyň möhüm ornuny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ulgamda işleri ýokary derejede guramagyň, öňdebaryjy dünýä tejribelerini ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, Söwda-senagat edarasynyň işini kämilleşdirmegiň meselelerine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz bu barada aýdyp, netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, işewürler bileleşigi, halkara pudaklaýyn gözden geçirişleri guramak ugrunda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere daşary ýurtlarda mahabat işini ýola goýmak, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli bäsdeşlige ukyply önümleriň sergisini yzygiderli geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ulag-aragatnaşyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer 9 — 12-nji oktýabr aralygynda meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Şolaryň hatarynda aragatnaşyk boýunça sebit Arkalaşygynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji ýygnagy we Utgaşdyryjy geňeşiň 24-nji mejlisi bar. Bu çärelere GDA ýurtlarynyň, başga-da birnäçe döwletleriň we abraýly guramalaryň, şol sanda Halkara elektroaragatnaşyk guramasynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşar.

Şunuň bilen birlikde, öňde boljak “Türkmentel — 2018” atly ХI halkara sergä we ylmy maslahata görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Däp boýunça geçirilýän şu ýylky gözden geçirilişde dünýäniň 21 döwletinden 80-den gowrak kompaniýa özleriniň işläp taýýarlamalaryny we tehnologiýalaryny görkezerler. Serginiň çäklerinde geçirilýän “Türkmenistan we dünýä maglumat-telekommunikasiýa ulgamlary” atly halkara maslahata Halkara elektroaragatnaşyk birleşmesinden we dünýäniň birnäçe döwletlerinden alymlar, hünärmenler, işewürler gatnaşarlar.

Milli Liderimiz häzirki ylmy-tehniki ösüş eýýamyndaky şertlerde telekommunikasiýa ulgamynyň her bir ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Düýpli özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanda pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ugurdaş düzümleriň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, dünýä tejribesiniň öwrenilmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine uly üns berilýär. Ählumumy maglumat giňişligine işjeň goşulmak maksady bilen yzygiderli çäreler amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak duşuşyklaryň we forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde aragatnaşyk ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Şolary umumy gyzyklanmalara laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna çykmak üçin herekete girizmek zerur bolup durýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen medeni çäreler, şeýle hem şu ýylyň 2 — 3-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XII Halkara kitap sergi-ýarmarkasyny hem-de ylmy maslahaty geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabatyň çäklerinde Aşgabat şäherinde geçiriljek Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Oňa dünýäniň köp ýurtlarynyň wekilleri gatnaşarlar. Döwlet Baştutanymyza degişli kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri döredijilik taýdan açyp görkezmegiň zerurdygyna ünsi çekip, şanly Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralýan medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda teleradioýaýlymlarda giňden beýan edilmelidigini tabşyrdy.

Milli Liderimiz dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen dostlukly we birek-birege ynanyşmak esasda ýola goýulýan gatnaşyklary ösdürmekde, milli ruhy mirasymyzy, ýurdumyzyň ýeten derejesini wagyz etmekde, neşirýat ulgamy boýunça tejribe alyşmakda halkara kitap forumynyň ähmiýetini belläp, bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz 30-njy sentýabr — 5-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde “Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisini guramaçylykly geçirmek hakyndaky” Karara gol çekip, öňde duran bu abraýly forumyň degişli derejede geçmegi üçin ähli çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow milli Liderimiziň görkezmelerine laýyklykda, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny ösdürmek, ýaşlar syýasaty wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aň-paýhas, beden hem-de ruhy taýdan ösen nesli kemala getirmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetini çalt depginlerde diwersifikasiýalaşdyrmakda we durnukly ösdürmekde ylmyň goşandyny üpjün etmek boýunça wise-premýere tabşyryklary bermek bilen, durmuş ulgamynyň pudaklarynyň ösdürilmeginiň adam mümkinçilikleriniň artdyrylmagynyň hem-de türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň esasy guraly bolup durýandygyny nygtady.

Soňra ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygynyň hormatyna meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi. Ýurdumyzyň düýpli we oňyn özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de ynamly gadam urmagy üçin has oňaýly şertleriň döredilmeginde bu düzümleriň işine möhüm orun degişlidigini belläp, milli Liderimiz düzümleriň alyp barýan işiniň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Ýurdumyzyň baş baýramy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk meselelerine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylygyň çäklerinde döwlet ähmiýetli wajyp çäreleriň bellenendigini aýtdy we ähli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy. Baş prokuror, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Atdaýew bu düzümiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna iş kesilenleriň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permanyň taslamasy hödürlenildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Baş prokuror B.Atdaýewe ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilenleriň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur çäreleri geçirmegi tabşyrdy. Biz günä geçmek çäresini geçirmek arkaly, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilikleri döredýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we welaýatlaryň, etraplaryň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara bu adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Günäsi geçilen adamlaryň yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşjakdyklaryny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işlere gatnaşjakdyklaryna ynam bildirdi. Ýygnananlaryň el çarpyşmalary bilen döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekdi.

Mejlisiň dowamynda Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri çykyş edip, paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, Garaşsyzlyk baýramyna toplumlaýyn taýýarlyk hem-de bellenilen medeni maksatnamalar barada hasabat berdiler.

Şeýle hem welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişini we pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek, bu möhüm işleri bellenilen wagtynda tamamlamak maksady bilen geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Hasabatlaryň dowamynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek işleri barada aýdyldy. Şunlukda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan bu maksatnamada welaýatlaryň ilatynyň durmuş üpjünçiligine we dürli maksatly binalaryň gurluşygynda ýokary hiliň berjaý edilmegine hem-de olaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli giň möçberli medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy. Medeni çäreleriň maksatnamasyna aýdym-sazly we sahnalaşdyrylan çykyşlar, dürli sport bäsleşikleri we beýleki çäreler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, oba hojalygynda wajyp möwsüm hasaplanylýan pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem baş döwlet baýramymyz mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, türkmen toýuna mahsus ruhubelentlik ýagdaýyny döretmegi tabşyrdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli medeni çärelerde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhy, ýurdumyzyň ýeten sepgitleri öz beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki meselelerine hem garalyp, olar babatda degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter