Ýur­du­my­zyň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne go­şant üçin döwlet sy­lag­la­ry | TDH
Jemgyýet

Ýur­du­my­zyň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne go­şant üçin döwlet sy­lag­la­ry

опубликованно 26.09.2018 // 1010 - просмотров
 

Şu gün paý­tag­ty­myz­da halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­nyň iň go­wy iş­gär­le­ri­ne, önüm­çi­li­giň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­na, özyg­ty­ýar­ly Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­ne, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gy­na şah­sy go­şant go­şan mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, dü­züm­le­riň we gu­ra­ma­la­ryň iş­gär­le­ri­ne, dö­re­di­ji­lik we­kil­le­ri­ne ýo­ka­ry döw­let sy­lag­la­ry­ny we hor­mat­ly at­la­ryň ber­len­di­gi­ni aň­lad­ýan ny­şan­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy bol­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çe­ken res­mi­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da köp­ýyl­lyk ha­lal we dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti üçin ýo­ka­ry sy­lag­la­ra hem-de ny­şan­la­ra my­na­syp bo­lan wa­tan­daş­la­ry­my­zyň hor­mat­lan­ma­gy ýur­du­myz­da öz işi­ne us­sat iş­gär­le­re, öz tej­ri­be­si­ni, bi­li­mi­ni, ze­hi­ni­ni mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­za gul­luk et­mä­ge ba­gyş­la­ýan adam­la­ra aý­ra­tyn hor­mat go­ýul­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Mak­sa­da ok­gun­ly, ze­hin­li, öz borç­la­ry­ny nus­ga­lyk de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­tir­ýän, Wa­ta­ny­my­zyň bäh­bi­di­ne gul­luk ed­ýän adam­lar ýaş­lar üçin nus­ga­lyk bo­lup dur­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik we ag­zy­bir­lik ýag­da­ýyn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­la­ra Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry gat­naş­dy­lar. Olar bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ry Ga­raş­syz­lyk baý­ram­çy­ly­gy bi­len gut­lap, hem­me­le­re bagt, aba­dan­çy­lyk, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de tä­ze ýe­ňiş­le­ri we dö­re­di­ji­lik üs­tün­lik­le­ri­ni ar­zuw et­di­ler.

My­na­syp bo­lan sy­lag­la­ry­ny uly buý­sanç we tol­gun­ma duý­gu­sy bi­len ka­bul eden adam­lar zäh­met­le­ri­ne ber­len ýo­ka­ry ba­ha üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den çyk­ýan ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da­ky ösü­şi şan­ly sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ynam­ly ga­dam ur­ýan­dy­gy­ny has aý­dyň­ly­gy bi­len äş­gär ed­ýär.

Türk­men hal­ky­nyň ön­dü­ri­ji­lik­li we dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de Wa­ta­ny­myz gün-gün­den gül­läp ös­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ägirt uly dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­lar, se­na­gat­laş­dyr­mak, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi kö­pu­gur­ly esas­da ös­dür­mek we onuň eks­port kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak ba­bat­da iri tas­la­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik bo­ýun­ça tä­ze döw­re­bap kär­ha­na­lar, ulag-ara­gat­na­şyk dü­zü­mi­ne de­giş­li des­ga­lar gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet we sport ul­gam­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne ägirt uly ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri gö­nük­di­ril­ýär.

Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­sin­de örän wa­jyp çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­niň döw­le­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de saz­la­şyk­ly ösü­şi üçin kuw­wat­ly iter­gä öw­rül­jek­di­gi, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na hyz­mat et­jek­di­gi bel­le­nil­di.

Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny aý­dyp, öz­le­ri­niň äh­li güýç-kuw­wat­la­ry­ny we ukyp­la­ry­ny mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan oňyn we giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne, mil­le­tiň ag­zy­bir­li­gi­niň we bi­te­wü­li­gi­niň, jem­gy­ýe­ti­miz­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne mun­dan beý­läk-de ak ýü­rek­den gul­luk et­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter