Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň eder­men­li­gi bi­len ýaş­la­ry­my­zyň wa­tan­çy­lyk ru­hy ýo­kar­lan­ýar | TDH
Jemgyýet

Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň eder­men­li­gi bi­len ýaş­la­ry­my­zyň wa­tan­çy­lyk ru­hy ýo­kar­lan­ýar

опубликованно 26.09.2018 // 2432 - просмотров
 

Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Mer­ke­zi Ser­ker­de­ler öýün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň my­na­syp bo­lan “Eder­men­li­gi üçin” di­ýen me­da­ly­ny Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len 1-nji har­by mek­de­be gow­şur­mak da­ba­ra­sy bol­dy.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, mil­li Li­de­ri­miz 24-nji sent­ýabr­da Ru­hy­ýet köş­gün­de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Adat­dan da­şa­ry we Do­ly ygt­ýar­ly il­çi­si Alek­sandr Blo­hi­ni ka­bul et­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň my­na­syp bo­lan “Eder­men­li­gi üçin” di­ýen me­dal gow­şu­ryl­dy. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew Wa­ta­ny go­ra­mak­da we har­by bor­jy ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de gör­ke­zen şah­sy eder­men­li­gi, Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şy ýyl­la­ryn­da gör­ke­zen ba­tyr­ly­gy hem-de gaý­duw­syz­ly­gy üçin bu me­dal bi­len sy­lag­lan­dy.

Du­şu­şyk­da Rus­si­ýa­nyň do­ly yg­ty­ýar­ly we­ki­li bu Per­ma­ny da­ba­ra­ly ýag­daý­da oka­dy hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze iň ýo­ka­ry de­re­je­li har­by sy­lag­la­ryň bi­ri bo­lan me­da­ly, şeý­le hem Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň gul­lu­gy­na da­hyl­ly Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň har­by ar­hiw­le­rin­den ýyg­na­lan ki­tap gör­nü­şin­dä­ki res­mi­na­ma­la­ry gow­şur­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti W.Pu­ti­ne çuň­ňur ho­şal­lyk bil­di­rip, Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­we ber­len ýo­ka­ry döw­let sy­la­gy­nyň ikin­ji ja­han ur­şun­da Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne sö­we­şen wa­tan­daş­la­ry­my­zyň be­lent sar­pa­lan­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýo­ka­ry sy­la­gy Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­ne gow­şur­mak bi­len, “Eder­men­li­gi üçin” di­ýen me­da­lyň ýaş es­ger­le­ri uly ýe­ňiş­le­re ruh­lan­dyr­jak­dy­gy­ny bel­le­di.

... Ir bi­len Mer­ke­zi Ser­ker­de­ler öýü­niň eý­wa­nyn­da har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry we iş­gär­le­ri, har­by ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­riň mu­gal­lym­la­ry hem-de ta­lyp­la­ry, ýö­ri­te­leş­di­ri­len mek­dep­le­riň okuw­çy­la­ry, ýur­du­myz­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň har­by at­ta­şe­le­ri, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri ýyg­nan­dy­lar.

Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar bu ýer­de gu­ra­lan ser­gi bi­len ta­nyş­dy­lar, on­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ki­tap­la­ry, yl­my iş­le­ri hem-de Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň gah­ry­man­çy­lyk­la­ra, ýo­ka­ry dö­re­di­ji­lik ru­hu­na ýug­ru­lan zäh­met ýo­ly ha­kyn­da gür­rüň ber­ýän kö­pö­wüş­gin­li di­war­lyk­lar, şeý­le hem Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň mu­ze­ýin­den gym­mat­lyk­lar gör­ke­zil­di.

Soň­ra alyp­ba­ry­jy ýyg­na­nan­la­ra gut­lag sö­zi bi­len ýüz­le­nip, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny go­ra­mak hem-de pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça uly iş­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döw­le­ti­miz pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hem-de giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dyr. Ýur­du­my­zyň go­ra­nyş kuw­wa­ty­ny üp­jün et­mek, har­by hem-de hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, ýo­ka­ry de­re­je­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­lar yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýar.

Har­by gul­luk­çy­lar we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri Wa­ta­ny­my­zyň we hal­ky­my­zyň öňün­dä­ki mu­kad­des bor­ju­ny my­na­syp ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň gah­ry­man­çy­lyk­ly däp­le­ri­ni do­wam et­dir­ýär­ler. Türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy, Wa­ta­ny­my­zyň şöh­rat­ly ogul­la­ry­nyň çäk­siz eder­men­lik­le­ri­niň hem-de gaý­duw­syz­lyk­la­ry­nyň my­sal­la­ry­na baý­dyr. Ola­ryň ha­ta­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew hem bar. Mu­gal­lym we es­ger, öz top­ra­gy­nyň wa­tan­çy­sy bol­mak bi­len, ol Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da gaý­duw­syz sö­weş­di. Onuň dur­muş ýo­ly hä­zir­ki wagt­da ýaş ne­sil üçin wa­tan­çy­ly­gyň we bor­ja we­pa­ly­ly­gyň aý­dyň nus­ga­sy bo­lup hyz­mat ed­ýär di­ýip, gut­lag çy­ky­şyn­da bel­le­nil­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­lan­ýar. Soň­ra “Eder­men­li­gi üçin” di­ýen me­dal, Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň gul­lu­gy­na da­hyl­ly Rus­si­ýa­nyň har­by ar­hiw­le­rin­den bir ki­tap gör­nü­şin­de top­la­nan res­mi­na­ma­lar, şeý­le hem Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň bu har­by sy­la­gy gow­şur­mak ba­ra­da­ky Per­ma­ny­nyň nus­ga­sy da­ba­ra­ly ýag­daý­da sah­na çy­ka­ryl­ýar.

Çy­kyş eden­le­riň nyg­taý­şy ýa­ly, sa­da we hal­kyň ara­syn­da uly ab­ra­ýa eýe bo­lan mu­gal­lym, uruş we­te­ra­ny, ha­ly­pa Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň şöh­rat­ly dur­muş we zäh­met ýo­ly hä­zir­ki döw­rüň ýaş­la­ry üçin çäk­siz zäh­met­sö­ýü­ji­li­giň, eder­men­li­giň we gaý­duw­syz­ly­gyň, ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan mu­kad­des top­ra­ga söý­gi­niň aý­dyň nus­ga­sy bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da onuň Ag­ty­gy — umu­my yk­rar edi­len mil­li Li­de­ri­miz, türk­men hal­ky­nyň aba­dan dur­mu­şy ug­run­da äh­li ta­gal­la­la­ry ed­ýän Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len be­ýik mak­sat­na­ma­lar we giň ge­rim­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Gök­de­pe et­ra­by­nyň ga­dy­my Yz­gant oba­syn­da dog­lan ýö­ne­keý oba mu­gal­ly­my Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew tu­tuş öm­rü­ni ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek ýa­ly asyl­ly işe ba­gyş et­di. Il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da fron­ta gi­dip, agyr ýa­ra­la­nyp, uruş­dan gaý­dyp gel­di, em­ma ýaş nes­li okat­mak we ter­bi­ýe­le­mek ýa­ly asyl­ly işi do­wam edip, wa­tan­daş­la­ry­my­zyň ha­ky­da­syn­da ýag­şy ýat­la­ma­la­ry gal­dyr­dy. Mu­gal­lym­çy­lyk Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew üçin di­ňe bir hü­när bol­man, eý­sem, tu­tuş dur­ky bi­len ber­len dur­muş ýö­rel­ge­si­ne, borç duý­gu­sy­na öw­rül­di. Mil­le­tiň ede­bi we halk dö­re­di­ji­li­gi mi­ra­sy­ny wa­gyz edi­ji mu­gal­lym hal­ky­my­zyň köpasyr­lyk me­de­ni­ýe­ti­ne yg­rar­ly bol­dy. Ol hal­ky­my­zyň aňy bi­len asyr­lar aşyp gel­ýän me­de­ni­ýe­ti do­wam edip, mäh­ri­ban top­ra­gyň wa­tan­sö­ýü­ji yn­sa­ny bo­lup ýa­şa­dy di­ýip, çä­rä gat­na­şy­jy­lar bel­le­di­ler.

Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky il­çi­ha­na­sy­nyň har­by at­ta­şe­si Rus­si­ýa­nyň go­ran­mak mi­nist­ri­niň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň sö­weş ýo­ly ha­kyn­da­ky de­giş­li mag­lu­mat­la­ryň top­la­nan­dy­gy­ny bel­le­di. Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew mäh­ri­ban top­ra­gyň ha­ky­ky wa­tan­çy­sy bo­lup, Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şy ma­ha­ly köp san­ly il­deş­le­ri ýa­ly sö­we­şe git­di. Ýo­wuz duş­man bi­len ýüz­be-ýüz bo­lup, öz gö­rel­de­si bi­len il­deş­le­ri­mi­zi we polk­daş­la­ry­ny gah­ry­man­çy­lyk­ly ýö­rel­ge­le­re ruh­lan­dyr­dy.

Mer­ke­zi Ser­ker­de­ler öýün­dä­ki da­ba­ra aý­dym-saz­ly çy­kyş­lar bi­len do­wam et­di. Oňa har­by gul­luk­çy­la­ryň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry gat­naş­dy­lar. Çy­kyş­lar­da ne­sil­le­ri­mi­ziň ara­bag­la­ny­şy­gy, türk­men hal­ky­nyň pa­ra­hat­çy­ly­ga-yla­la­şy­ga, yn­san­per­wer­li­ge we dö­re­di­ji­li­ge bo­lan üýt­gew­siz yg­rar­ly­ly­gy öz be­ýa­ny­ny tap­dy.

Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da oňa gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze Ýüz­len­me ka­bul et­di­ler. On­da Wa­ta­ny­myz­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan düýp­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy pug­ta­lan­dy­ryl­dy di­ýip bel­le­nil­ýär.

Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedowa bil­di­ril­ýän üns-ala­da we be­lent ynam üçin ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aý­dyp, har­by gul­luk­çy­lar mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gymyzyň ga­za­nan­la­ry­ny gö­züň gö­re­ji ýa­ly go­rap sak­la­mak, türk­men top­ra­gyn­da pa­ra­hatç­yly­gy we yla­la­şy­gy ber­kit­mek, özyg­ty­ýar­ly Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny be­len­de gö­ter­mek ýa­ly mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň we hal­ky­my­zyň öňün­dä­ki mu­kad­des borç­la­ry­ny bir­kem­siz ber­jaý et­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar.

Soň­ra ýyg­na­nan­lar mu­kad­des Ka­sa­my ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Har­by ta­lyp­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ata­sy­nyň my­na­syp bo­lan me­da­ly­ny, şeý­le hem onuň sö­weş­jeň ýo­ly ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da ka­bul edip, çä­rä gat­na­şy­jy­lar bi­len bi­le­lik­de

Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len 1-nji har­by mek­de­be ta­rap ug­ra­dy­lar. Tu­tuş ýo­luň ug­run­da es­ger­ler ha­ta­ra dü­zül­di­ler.

Har­by mek­de­biň okuw­çy­la­ry bu sö­weş­jeň gym­mat­lyk­la­ry Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň heý­ke­li­niň öňün­de eý­wan­da goý­du­lar hem-de hor­mat ga­ra­wu­ly­ny gu­ra­dy­lar. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata­sy­nyň ýag­ty ýa­dy­gär­li­gi­ne tag­zym et­di­ler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter