Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

опубликованно 27.09.2018 // 1946 - просмотров
 

Şu gün türk­me­nis­tan­ly­lar özü­niň esa­sy mil­li baý­ra­my bo­lan Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ni bel­le­ýär. Sä­her bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aja­ýyp ýa­dy­gär­lik top­lu­my­nyň çä­gin­de bi­na edi­len, hä­zir­ki we gel­jek­ki ne­sil­le­riň ha­ky­da­syn­da he­mi­şe­lik orun alan, ýur­du­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­na eýe bo­lan se­ne­si­ni ala­mat­lan­dyr­ýan Ga­raş­syz­lyk bi­na­sy­nyň ete­gi­ne gül goý­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy.

Dö­wür ýur­du­my­zyň tä­ze dur­mu­şy­nyň ba­şy­ny baş­lan bu ta­ry­hy se­nä­niň äh­mi­ýe­ti­ni has äş­gär açyp gör­kez­ýär. “Şu gün biz üs­tün­den ga­dy­my ker­wen ýol­la­ry ge­çen ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da tä­ze ta­ry­hy­my­zyň ýe­ňiş­li sa­hy­pa­la­ry­ny ýaz­ýa­rys” di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz baý­ram­çy­ly­gyň öň ýa­nyn­da ge­çi­ri­len Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­sin­de eden ta­ry­hy çy­ky­şyn­da bel­le­di. Hut Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz yk­dy­sa­dy­ýet­de, sy­ýa­sat­da, jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şin­de, ylym we me­de­ni­ýet­de ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­re eýe bo­lan dün­ýä­niň gül­läp ös­ýän ýurt­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýan hem-de äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ryn­da pa­ra­hat­çy­ly­gy we yla­la­şy­gy gol­da­mak bo­ýun­ça dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň je­bis­leş­di­ri­ji ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­ýän özyg­ty­ýar­ly döw­let hök­mün­de ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy gün­sa­ýyn be­len­de gal­ýar.

“Wa­ta­ny­ňy söý­mek­den, oňa gu­wa­nyp, mer­te­be­si­ni has-da beý­gelt­mek­den, bar­ha gül­läp ös­me­gi­ne go­şant goş­mak­dan uly bagt ýok­dur. Wa­tan söý­gü­si­ne pü­re-pür ýü­re­giň şat­ly­gy­nyň lez­ze­tin­den gan­mak­dan mä­hir­li duý­gy ýok­dur” di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­ly­gy­nyň öň ýa­nyn­da wa­tan­daş­la­ry­my­za peş­geş eden “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ese­ri­niň ikin­ji ki­ta­byn­da bel­le­ýär.

Bu be­lent wa­tan­çy­lyk duý­gu­la­ry baý­ram­çy­lyk gü­ni Mil­li Ga­raş­syz­lyk se­ýil­gä­hi­ne ýyg­na­nan adam­la­ryň müň­ler­çe­si­ni bir­leş­dir­ýär.

Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar ga­dy­my we ba­ky ju­wan türk­men top­ra­gyn­da bo­lup geç­ýän oňyn öz­gert­me­le­riň ba­şy­ny baş­laý­jy we ruh­lan­dy­ry­jy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy­la­ýar­lar. Bu gün döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň yzy­gi­der­li ýö­red­ýän dur­muş ugur­ly yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan tu­tuş dün­ýä­de aba­dan­çy­ly­gyň me­ka­ny we yla­laş­dy­ry­jy mer­kez hök­mün­de giň­den ta­nal­ýar.

Baý­ram­çy­lyk ly­ba­sy­na bes­le­nen gyz­lar mil­li Li­de­ri­mi­ze aja­ýyp gül des­se­le­ri­ni gow­şur­ýar­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow iki gy­ra­sy­na pe­der­le­ri­mi­ziň şöh­rat­ly ýo­lu­ny do­wam ed­ýän Mil­li go­şu­ny­my­zyň eder­men es­ger­le­ri dü­zü­len ýo­da bi­len be­ýik ýa­dy­gär­li­ge ta­rap ug­ra­dy. Bu ýer­de otur­dy­lan bü­rünç heý­kel­ler ka­şaň ýa­dy­gär­li­giň asu­da­ly­gy­nyň go­ra­gyn­da dur­ýan my­sa­ly, Ga­raş­syz­lyk bi­na­sy­nyň al­tyn­sow ba­şy­na sä­he­riň Gün şöh­le­le­ri dü­şüp, ol owa­dan öwüş­gin­le­ri çar­ ýa­na eçil­ýär. Ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik — döw­let­li­li­gi­mi­ziň esas­la­nan bin­ýa­dy. Türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýaş nes­li hal­ky­my­zyň, ýur­du­my­zyň ta­ry­hy­ny, gah­ry­man­çy­lyk­ly geç­mi­şi­ni hor­mat­la­mak ru­hun­da ter­bi­ýe­len­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­lan­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow top­lu­myň gi­rel­ge­si­niň öňün­de otur­dy­lan ýa­dy­gär­li­giň ete­gi­ne gül des­se­si­ni goý­dy. Bu ýer­de türk­men­le­riň er­kin­lik we ga­raş­syz­lyk ug­run­da köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da alyp ba­ran gah­ry­man­çy­ly­gy, eder­men­li­gi ba­ra­da gür­rüň ber­ýän gym­mat­lyk­lar ýyg­na­nyp­dyr.

Ýur­du­my­zyň hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň Baş­ly­gy, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýö­rel­ge­si­ne eýe­rip, ýa­dy­gär­li­ge gül des­se­le­ri­ni goý­du­lar. Türk­men il­çi­le­ri we da­şa­ry döw­let­le­riň ýur­du­myz­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­rynyň we­kil­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, ta­lyp ýaş­lar, paý­tag­ty­my­zyň köp san­ly ila­ty we myh­man­lar baý­ram­çy­lyk çä­re­si­ne go­şul­dy­lar.

Şeý­le hem ýur­du­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan da­ba­ra­la­ra gat­naş­mak üçin Aş­ga­ba­da ge­len da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar türk­men hal­ky­nyň mil­li mu­kad­des­lik­le­ri­ne çuň­ňur hor­ma­ty­ny mä­lim et­di­ler.

Köp san­ly adam­lar yzy üzül­me­ýän akym bi­len ýa­dy­gär­li­giň ete­gi­ne yz­ly-yzy­na gül des­se­le­ri­ni goý­du­lar. Bi­raz wagt­dan ýa­dy­gär­lik top­lu­my­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça hal­ky­my­zyň wa­tan­sö­ýü­ji­lik duý­gu­la­ry­nyň örän çuň­ňur­dy­gy­ny has aý­dyň­ly­gy bi­len äş­gär ed­ýän ýa­kym­ly güýz gül­le­ri­ne bes­len­di.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter