Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

опубликованно 27.09.2018 // 1140 - просмотров
 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow öz egin­deş­le­rin­den — Mej­li­siň Baş­ly­gyn­dan, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ryn­dan, ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ryn­dan, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­rin­den ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gut­lag­la­ry ka­bul et­di.

Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy bu şan­ly se­ne bi­len gut­lap, berk jan sag­lyk, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň we gül­läp ösü­şi­niň, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň art­dy­ryl­ma­gy­nyň, hal­ka­ra gi­ňiş­li­k­de ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan giň möç­ber­li iş­le­rin­de tä­ze üs­tün­lik­ler ar­zuw et­di­ler.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, çuň­ňur oý­la­ny­şyk­ly da­şa­ry we içe­ri sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­myz öň gör­lüp-eşi­dil­me­dik ro­waç­ly­gyň we dö­re­di­ji­li­giň, mil­le­ti­mi­ziň ru­hy-me­de­ni taý­dan gül­läp ösü­şi­niň be­lent sep­git­le­ri­ne çy­kyp, ösüş­le­riň we ägirt uly dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýar. Dö­re­di­ji­lik ru­hu­nyň düýp maz­mu­ny hä­zir­ki dö­wür­de mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen baş ýö­rel­ge­sin­de öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Bu bol­sa hä­zir­ki ta­ry­hy eý­ýam­da hal­kyň be­lent ru­hu­ny äş­gär ed­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan Dur­nuk­ly Ösü­şiň Mak­sat­la­ry­na ýet­me­giň ýo­lun­da dün­ýä­niň ok­gun­ly ös­ýän döw­let­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de yk­rar edil­ýär. Her ýyl ýur­du­my­zyň kar­ta­syn­da tä­ze ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry­na we ýa­şyl se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­na, hä­zir­ki za­man umu­my­bi­lim ber­ýän we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne, ça­ga­lar bag­la­ry­na, sag­lyk we sport mer­kez­le­ri­ne, me­de­ni­ýet eda­ra­la­ry­na bes­le­nen tä­ze et­rap­lar, şä­her­ler, oba­lar dö­re­ýär.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de köp pu­dak­ly türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň kuw­wa­ty çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýär. Ýur­du­myz­da önüm­le­ri dün­ýä ba­zar­la­ryn­da ýo­ka­ry is­leg­den peý­da­lan­ýan tä­ze ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik we gaý­ta­dan iş­le­ýän top­lum­lar gu­rul­ýar we ula­ny­şa gi­ri­zil­ýär. Di­ýa­ry­myz­da de­mir we aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň, ho­wa we de­ňiz men­zil­le­ri­niň, köp­rü­le­riň we hä­zir­ki za­man ulag- ara­gat­na­şyk dü­züm­le­ri­niň, şeý­le hem ener­ge­ti­ka ul­ga­my­nyň beý­le­ki des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy ýaý­baň­lan­ýar.

Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar hä­zir­ki “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­ly­nyň Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy de­mir ýo­lu­nyň, Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň we Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň, azot dö­kün­le­ri­ni ön­dür­mek­de kuw­wa­ty we teh­no­lo­gik taý­dan aja­ýyp bo­lan “Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid” za­wo­dy­nyň ula­ny­şa gi­ri­zil­me­gi ýa­ly üs­tün­lik­ler bi­len şöh­rat­la­nan­dy­gy­ny buý­sanç bi­len bel­le­di­ler. Ola­ryň açy­lyş da­ba­ra­la­ry­na mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi gat­naş­dy. Şu ýyl ba­dal­ga alan, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­ne se­bi­tiň halk­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy­na hyz­mat et­jek iri tas­la­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň no­bat­da­ky gur­lu­şy­gy, bu ugur bo­ýun­ça elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­ri­niň we op­ti­ki sü­ýüm­li ul­gam­la­ry­nyň çe­kil­me­gi ýa­ly iri tas­la­ma­lar bar.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty döw­let­le­riň we halk­la­ryň ara­syn­da deň­hu­kuk­ly­lyk, raý­daş­lyk hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň tä­sir­li gu­ra­ly bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­niň (EKO­SOS) 2019 — 2021-nji ýyl­lar üçin ag­za­ly­gy­na saý­lan­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de se­bit­de we tu­tuş­ly­gy­na Ýer ýü­zün­de aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çir­ýän çä­re­le­ri­niň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de hal­ka­ra sport gi­ňiş­li­gin­de hem ata Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy bar­ha be­len­de gal­ýar. Ýur­du­myz­da iri ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek üçin ze­rur bo­lan äh­li şert­ler dö­re­dil­di, şol ýa­ryş­la­rda halk­la­ry we me­de­ni­ýet­le­ri bir­leş­dir­ýän, tu­tuş dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost­lu­gy ber­kit­mä­ge ýar­dam et­mä­ge ukyp­ly çä­re­le­re äh­mi­ýet be­ril­ýär. “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen şy­ga­ryň hor­ma­ty­na ge­çi­ri­len “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si, we­lo­si­ped­li we yl­gaw ýa­ryş­la­ry uly üs­tün­lik­le­re bes­len­di. Şu ýyl ge­çi­ril­jek Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da üs­tün­lik­le­re bo­lan umyt-ar­zuw­lar sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň we ýo­ka­ry ne­ti­je­ler spor­tu­nyň ta­rap­da­ry mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň ady bi­len berk bag­ly­dyr.

Mil­li Li­de­ri­miz gut­lag­lar üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­di­rip, Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň öň ýa­nyn­da ge­çi­ri­len Halk Mas­la­ha­tyn­da mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny, eziz Wa­ta­ny­my­zyň ro­waç­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len tä­ze mak­sat­la­ryň we we­zi­pe­le­riň öň­de goý­lan­dy­gy­ny bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň in­no­wa­si­ýa­lar we ösüş ýo­ly bi­len iler­le­me­gi­ne ýar­dam et­jek äh­li me­ýil­na­ma­la­ryň we giň ge­rim­li mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­jak­dy­gy­na berk ynam bil­di­rip, bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ra mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan jo­gap­kär­li iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter