Halkyň asuda durmuşyny üpjün etmek ugrundaky goşant üçin sylaglar | TDH
Jemgyýet

Halkyň asuda durmuşyny üpjün etmek ugrundaky goşant üçin sylaglar

опубликованно 27.09.2018 // 1007 - просмотров
 

Şu gün baş mil­li baý­ra­my­myz — Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şyr­ma­gy bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry­na hem-de iş­gär­le­ri­ne ýo­ka­ry döw­let sy­lag­la­ry­ny gow­şur­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.

Mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň şöh­rat­ly däp­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­di­ri­ji­ler bo­lan ser­ker­de­ler, es­ger­ler, har­by ta­lyp­lar, ýa­rag­ly dü­züm­le­riň iş­gär­le­ri döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da we go­ra­mak­da, Türk­me­nis­ta­nyň çäk bi­te­wü­li­gi­ni hem-de kons­ti­tu­sion gur­lu­şy­ny go­rap sak­la­mak­da, ra­ýat­la­ryň howp­suz­ly­gy­ny we asu­da­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­ny eder­men­lik hem-de wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin sy­lag­la­ra hö­dür­len­di­ler.

Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çe­ken Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, Wa­ta­na, öz hal­ky­na päk hem-de we­pa­ly gul­luk ed­ýän­dik­le­ri, mu­kad­des har­by bor­jy ak ýü­rek­li ýe­ri­ne ýe­tir­ýän­dik­le­ri üçin Türk­me­nis­ta­nyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry­nyň hem-de iş­gär­le­ri­niň to­pa­ry­na har­by we ýö­ri­te at­lar hem-de de­re­je­ler be­ril­di.

Öz yk­ba­ly­ny mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zy go­ra­mak bi­len aý­ryl­maz bag­la­nyş­dy­ran da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar sy­lag­la­ry alyp, dyz­la­ry­ny epip, har­by ka­sam­la­ry­na we­pa­ly­ly­gyň, Wa­ta­na ba­ky yg­rar­ly­ly­gyň hem-de türk­me­nis­tan­ly­la­ryň pa­ra­hat we dö­re­di­ji­lik­li dur­mu­şy­nyň go­ra­gyn­da gaý­rat­ly dur­jak­dyk­la­ry­na taý­ýar­ly­gyň ny­şa­ny hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň mu­kad­des Döw­let baý­da­gy­ny öp­ýär­ler.

Türk­men hal­ky bü­tin ta­ry­hyň do­wa­myn­da pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne we­pa­ly bo­lup gel­di. Bu ýö­rel­ge­ler hä­zir tä­ze eý­ýam­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň öze­ni­ni düz­ýär. Ýur­du­myz öz­baş­dak ösüş ýo­lu­na ga­dam go­ýup, döw­let gur­lu­şy­nyň tä­sin nus­ga­sy­ny dö­ret­mek bi­len bir­lik­de, amat­ly jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy ýag­da­ýy üp­jün et­me­gi hem ba­şar­dy. Bu bol­sa Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň öň­de goý­lan be­lent mak­sat­la­ry­na ta­rap üs­tün­lik­li he­re­ket et­mek üçin mö­hüm şert bo­lup dur­ýar.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň go­ra­nyş ukyp­ly­ly­gy­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ber­kit­mek, Ýa­rag­ly Güýç­le­riň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak we­zi­pe­le­ri mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan iş­le­ni­lip taý­ýar­la­ny­lan Türk­me­nis­ta­nyň Har­by dokt­ri­na­sy­nyň esa­sy düz­gün­le­ri­ne pug­ta la­ýyk gel­ýär. Bu dokt­ri­na di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lup, ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sat ýö­rel­ge­si­ne do­ly ky­bap gel­ýär.

Onuň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän iri möç­ber­li har­by öz­gert­me­ler har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň dü­zü­mi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek, har­by gul­luk­çy­la­ryň hem-de ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň dur­mu­şy we gul­luk et­me­gi üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ma­gy­ny göz öňün­de tut­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döw­re­bap ser­het ga­la­la­ry­ny gur­mak hem-de ozal bar bo­lan­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, har­by şä­her­çe­le­ri, oňaý­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, sport des­ga­la­ry­ny hem-de beý­le­ki mö­hüm bi­na­la­ry gur­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak­dan baş­ga-da, ösüp gel­ýän nes­li wa­tan­çy­lyk taý­dan ter­bi­ýe­le­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da açy­lan ýö­ri­te­leş­di­ri­len mek­dep­ler­de hem-de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de har­by us­sat­ly­gyň tä­lim­le­ri­ni ele al­mak we okat­mak üçin aja­ýyp şert­ler dö­re­dil­di. Bu okuw mek­dep­le­ri har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­lar üçin ýur­du­myz­da hü­när­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň mer­ke­zi­ne öw­rül­di.

Ýur­du­my­zyň ýaş nes­li­ne nus­ga al­ma­ga şah­sy­ýet­le­ri­miz bar — Wa­ta­ny­my­zyň azat­ly­gy­ny we ga­raş­syz­ly­gy­ny go­ran mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­myzyň şöh­ra­ty ba­ra­da­ Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy. Ikin­ji ja­han ur­şu­nyň sö­weş­le­rin­de il­deş­le­ri­mi­ziň müň­ler­çe­si deň­siz-taý­syz mert­li­gi­ni, har­by bor­ja we­pa­ly­ly­gy­ny, Wa­ta­na mi­ze­mez söý­gü­le­ri­ni gör­kez­di­ler. Ola­ryň ara­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew hem bar. B.An­na­ýe­wiň ömir ýo­ly hä­zir türk­men ýaş­la­ry üçin ha­ky­ky wa­tan­çy­ly­gyň hem-de bor­ja we­pa­ly­ly­gyň nus­ga­sy bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýa­kyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň my­na­syp bo­lan “Eder­men­li­gi üçin” di­ýen me­dal gow­şu­ryl­dy. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew Wa­ta­ny go­ra­mak­da we har­by bor­jy ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de gör­ke­zen şah­sy eder­men­li­gi, Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şy ýyl­la­ryn­da gör­ke­zen ba­tyr­ly­gy hem-de gaý­duw­syz­ly­gy üçin bu me­dal bi­len sy­lag­lan­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýo­ka­ry döw­let sy­la­gy­nyň — “Eder­men­li­gi üçin” di­ýen me­da­lyň ikin­ji ja­han ur­şu­nyň sö­weş meý­dan­la­ryn­da Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne ba­şy­ny go­ýan wa­tan­daş­la­ry­my­za be­lent sar­pa go­ýul­ýan­dy­gy­nyň ny­şa­ny­dy­gy­ny hem-de ýaş es­ger­le­ri uly ýe­ňiş­le­re ruh­lan­dyr­jak­dy­gy­ny bel­le­di.

Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar öz­le­ri hak­da­ky ala­da hem-de Wa­ta­ny­my­zyň we mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň öňün­dä­ki hyz­mat­la­ry­na ber­len ýo­ka­ry ba­ha üçin Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedowa çuň­ňur ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan edip, mu­kad­des har­by we ra­ýat­lyk borç­la­ry­ny gy­şar­nyk­syz ber­jaý et­mek bi­len, öz­le­ri­niň mun­dan beý­läk-de türk­men döw­le­ti­niň mil­li bäh­bit­le­ri­niň hem-de howp­suz­ly­gy­nyň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň pa­ra­hat dur­mu­şy­nyň go­ra­gyn­da du­rup, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň be­ýik ga­za­nan­la­ry­ny go­ra­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy­lar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter