Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

опубликованно 28.09.2018 // 837 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz,

Awstraliýanyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Awstraliýa Türkmenistany gutlaýar hem-de Hazar deňziniň halkara-hukuk derejesiniň kesgitlenilmeginde onuň goşandyna ýokary baha berýär. Kanunçylyk taýdan kadalaşdyrylýan hem-de özara bähbitleri berkidýän bu uly ähmiýetli sepgidiň Türkmenistanyň Gara deňiz sebitinde, Ýewropada, Ýakyn Gündogarda hem-de Aziýada söwda işleri amala aşyrylanda deňizde birleşdiriji halka bolmaga mümkinçiliklerini artdyrjakdygyna umyt edýäris.

Awstraliýa we Türkmenistan Owganystanyň howpsuz, durnukly hem-de dünýä gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşýan döwlet bolmagyna gyzyklanýarlar. Biz bu maksada ýetmek ýolunda Türkmenistanyň üznüksiz hemmetaraplaýyn tagallalaryna ýokary baha berýäris.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.

Piter KOSGROUW,
Awstraliýa Bileleşiginiň general-gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti,
Ministrler Kabinetiniň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlygyň 27 ýyllygy mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Russiýa bilen Türkmenistany strategik häsiýetli dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn depginlerini, iri bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyny aýratyn bellemek isleýärin.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de doganlyk türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we tüýs ýürekden gutlaglarymy uly şatlyk bilen beýan edýärin.

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan uly ykdysady ösüşe, jemgyýetiň abadançylygyna eýe boldy hem-de ägirt uly üstünlikler gazandy. Türkmenistanyň alyp barýan oňyn bitaraplyk syýasaty Siziň pähim-paýhasyňyzyň we öňdengörüjilikli syýasatyňyzyň subutnamasydyr. Owganystan Yslam Respublikasynyň Halk bitewüliginiň hökümeti Siziň bu syýasatyňyzy doly goldaýar.

Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilelikdäki geljegi uly taslamalar ykdysadyýetiň ösmegine hem-de biziň ýurtlarymyzyň we tutuş sebitiň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Halk bitewüliginiň hökümeti Türkmenistanyň syýasat, howpsuzlyk, ykdysadyýet we söwda ulgamynda yzygiderli goldawyna ýokary baha berýär hem-de Owganystanyň owgan — türkmen döwlet serhedinde durnuklylygyň we howpsuzlygyň saklanylmagy we iki döwletiň milli bähbitlerine howp salýan ähli wehimlere garşy durmak babatda aňrybaş tagallalary etjekdigine Sizi ynandyrýar.

Iki ýurduň hoşniýetli erk-isleginiň çuňňur taryhy kökleri bolan hem-de özara hormata we umumy bähbitlere esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna oňyn täsir etjekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Doktor Abdulla ABDULLA,
Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize iň mähirli gutlaglarymy we tüýs ýürekden arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna we hökümetine bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, meniň çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Muhammad ben Salman ben Abdel Aziz AL SAUD,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer şazadasy,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
goranmak ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize we dostlukly türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly şatlykdyr we hormatdyr.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we abadançylyk, dostlukly halkyňyza bolsa Siziň Alyhezretiňiziň parasatly baştutanlygynda mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Meniň iň gowy arzuwlarymy we dostluk duýgularymy hem-de belent hormatymy kabul ediň!

Muhammed Bin Raşed AL MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,
premýer-ministri, Dubaý häkimliginiň Hökümdary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize we dostlukly türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly şatlykdyr we mertebedir.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly halkyňyza bolsa Siziň Alyhezretiňiziň parasatly ýolbaşçylygynda mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Meniň iň gowy gutlaglarymy we dostluk duýgularymy we belent hormatymy kabul ediň!

Muhammed Bin Zaýed AL-NAHAÝAN,
Abu-Dabiniň Mirasdüşer şazadasy,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter