Ýük Ulag Merkezi kompaniýasy gabarasy bellenilen çäkden çykýan ýükleri daşamak ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär | TDH
Ykdysadyýet

Ýük Ulag Merkezi kompaniýasy gabarasy bellenilen çäkden çykýan ýükleri daşamak ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär

опубликованно 27.09.2018 // 657 - просмотров
 

Geostrategiýa taýdan amatly ýerleşýän we halkara hyzmatdaşlygynyň ulag diplomatiýasy ýaly ugruny işjeň ösdürýän Türkmenistan logistika hyzmatlarynyň dünýä segmentinde barha işjeň ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyz doly esasda ýewropa, aziýa-ýuwaş ummany we günorta – aziýa ykdysady ulgamlarynyň özara hereketiniň yklymara ykdysady köprüsi hökmünde tanalýar, bu bolsa ulag-kommunikasiýa ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmegini talap edýär.

Döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen başlanan Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň strategiýasy serişdeler mümkinçiliklerini aňryçäk ulanmak arkaly ösüşiň senagatlaşdyrylmagynda, şeýle hem netijeli dolandyryş çözgütlerini kabul etmegiň algoritminde we telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmeginde jemlenendir. Senagat we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek klasterleriniň, gurluşyk pudagynyň çalt depginli osüşi, eksporta ugrukdyrylan we daşary ýurtlarda öndürilýän harytlary ýurdumyzda öndürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyuň durmuşa geçirilmegi täzeçil: logistiki düzümleriň işine konýuktura özgertmelerine çeýe we çemeçil çemeleşmeleri talap edýär.

Bellenilen çäkden çykýan ýükleri daşamaga ýörüteleşdirilen milli ulag-logistika kompaniýasynyň alyp barýan işi hem şeýle sazlaşykly telekeçilik-nusgasyna laýyk gelýär, “Ýük ulag merkezi” Hojalyk jemgyýetine Güýçgeldi Kakaýew ýolbaşçylyk edýär.

“Ýük ulag merkezi” 2-3-nji oktýabrda “Awaza” MSZ-da geçiriljek Heavy Caspian: Turkmenistan I halkara maslahatynyň baş hemaýatkäridir. Bellenilen çäkden çykýan ýükleri daşamaga ýörüteleşdirilen bu ýeke-täk milli ulag-logistika kompaniýasy öz işini Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen göni ylalaşyk esasynda alyp barýar we GDA, Baltika hem-de Pars aýlagy ýurtlarynyň ugurdaş iri firmalary bilen uzak möhletleýin şertnama gatnaşyklaryny ýola goýdy.

Kompaniýanyň ýerine ýetiren işleriniň arasynda häzrkizaman gurluşyk we oba hojalyk tehnikalaryny, nebit-gaz ýataklary üçin enjamlary, şeýle hem ürgün ýükleri we inert serişdeleri daşamak ýaly işler bar.

Kompaniýanyň düzüminde inženerçilik bölümi bolup, diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem GDA ýurtlarynda hem bellenilen çäkden çykýan ýükleri daşamak boýunça wezipeleri çözmek onuň ygtyýaryndadyr, baha kesmek we ätiýaçlandyryş departamenti bar, şeýle hem ýük ýüklemegi işläp taýýarlamak we sazlaşdyrmak boýunça taslama býurosy bolup, onuň hünärmenleri ýüküň ýerleşdirilişiniň we berkidilişiniň 3D modelini taýýarlaýarlar.

G. Kakaýewiň söhbetdeşligimizde belleýşi ýaly, Türkmenistanyň şertlerinde islendik ýük uzak ýola daşalanda ony bellenilen çäkden çykýan ýükleri daşamak ulgamynda iň islegli pudaklaryň biri bolan demir ýol ulaglarynda daşamak has amatlydyr. Demir ýollaryň tehniki taýdan üpjünçiligi, şol sanda döwrebap hereketli sostawy we transportýorlaryň dürli görnüşleri ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýär.

Bellenilen çäkden çykýan tehnikalary demir ýol bilen daşamak meýilleşdirilende modelirlemegiň döwrebap tehnologiýalary ulanylýar. Müşderä ony ýüklemegiň çyzgylary we düşýän agramyň hasaplamalary bolan ýüküň ýany bilen berilýän hat, platformada berkidijileriň anyk çyzgysy görkezilen ýüküň 3D modeli berilýär, şeýle hem oňa logistika işine gözegçilik etmäge mümkinçilik döredilýär. Kompaniýanyň işi we onuň hödürleýän hyzmatlary bilen www.logistics.tm. saýtynda tanşyp bolar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter