Halklaryň arasyndaky medeni-ruhy gatnaşyklary ösdürmegiň bähbidine | TDH
Medeniýet

Halklaryň arasyndaky medeni-ruhy gatnaşyklary ösdürmegiň bähbidine

опубликованно 29.05.2015 // 903 - просмотров
 

Mary, 29-njy maý (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde “Gadymy Merw—türki dünýäsiniň medeni merkezi” atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady. Welaýat kitaphanasynyň maslahatlar zalynda onuň ýapylyş dabarasy boldy. Dabarada bu möhüm forumyň işiniň jemleri jemlendi.

Günüň birinji ýarymynda gadymy türkmen şäheri bolan Marynyň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan deilmegine bagyşlanan çäreleriň çäklerinde geçirilen maslahata gatnaşyjylar “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördüler. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde Beýik Seljuklar döwletiniň iň soňky hökümdary Soltan Sanjaryň kümmeti ýerleşýär. Bu kümmet Gadymy Merwiň beýik binagärlik ýadygärligi hem-de XII asyr türkmen binagärliginiň merjeni hasaplanylýar. Mawzoleý zyýaratçylaryň müňlerçesiniň gelýän ýerine öwrüldi, şeýle hem daşary ýurtly syýahatçylaryň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Taryhy-medeni goraghana toplumyna Uly Gyzgala we Kiçi Gyzgala ýadygärlikleri hem girýär. Olaryň anyk ýaşy belli bäldir, ýöne, hünärmenler bu ýadygärlikler VI asyrdan XII asyra çenli döredilipdir diýip hasaplaýarlar. Ýagny, bu gadymy türkmen galalary tutuş müňýyllygyň wakalarynyň şaýatlary bolupdyr. Olar palçykdan gurlan beýik diwarly galalardyr. Bu galalar orta asyr türkmen binagärligiň aýdyň alamatlarydyr. Häzirki wagtda olarda ýadygärlikleri dikeltmegiň halkara kadalaryna laýyklykda meýilleşdirilen bejeriş-abatlaýyş işleri alnyp barylýar. Şol kadalar bolsa ÝUNESKO-nyň medeni we tebigy mirasy aýawly saklamak baradaky Konwensiýasynda öz beýanyny tapýar.

Goraghananyň çäginde ylmy foruma gatnaşyjylary milli lybasly gyzlar däp bolan türkmen süýjülikleri we nag-nygmatlary bilen garşyladylar. Bu ýerde myhmanlar üçin türkmen durmuşyny şöhlelendirilýän özboluşly uly bolmadyk etnografiki sergi guraldy. Myhmanlar zenanlarymyzyň tamdyrda çörek bişirişlerine, şeýle hem meşhur pişmäniň taýýarlanylyşyna uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Sazandalar gopuzda saz çalyp, ussat zenanlar bolsa özleriniň döreden ajaýyp nagyşlaryny görkezip, dabara özboluşly öwüşgin çaýdylar.

“Gadymy Merw-türki dünýäsiniň medeni merkezi” atly halkara ylmy maslahatyň jemini jemläp, oňa gatnaşyjylar şeýle halkara ylmy maslahatlaryň taryhy we dili umumy bolan halklary ýakynlaşdyrýandygyny, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini, doganlyk halklaryň medeni we ruhy mirasyny giňden wagyz etmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler.

Forumyň daşary ýurtly gatnaşyjylary – dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen medeni-gumanitar ulgamyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli gymmatlyklary aýawly saklamaga uly üns berýändigi, halklaryň arasyndaky gumanitar gatnaşyklary ösdürmäge goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ylmy maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini bellediler. Bu maslahat halklaryň arasyndaky medeni we ruhy gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant boldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter