Horwatiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy | TDH
Medeniýet

Horwatiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy

опубликованно 29.05.2015 // 976 - просмотров
 

Horwatiýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Şu hepdäniň birnäçe günleriniň dowamynda medeni çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň döredijilki toparlary, medeniýet we sungat işgärleri, meşhur aýdymçylary we sazandalary horwatiýalylara türkmen halkynyň aýdym-saz, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, şeýle hem edebiýatynyň we halk döredijiliginiň köp öwüşginliligi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Tomaşaçylar türkmen artistleriniň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar, milli medeni mirasyň gadymy gymmatlyklary bolsa sungat muşdaklarynda uly gyzyklanma döretdi.

Horwatiýa Respublikasynyň paýtagty Zagreb şäheriniň Mimara muzeýiniň maslahatlar zalynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynda bu çäräniň iki halkyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga saldamly goşant bolandygy, medeniýet we sungat ussatlaryny belent sepgitleri eýelemäge ruhlandyrandygy nygtaldy.

Dabaraly çärä Horwatiýanyň döwlet düzümleriniň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, ýurduň döredijilik we ylmy intelligensiýasy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar halkara medeni çäräniň jemini jemläp, onuň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolandygyny hem-de mundan beýläk-de medeni alyşmalar üçin ygtybarly esasy döredendigini bellediler.

Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň jemleýji konserti bolsa iki ýurduň halklarynyň dostlugynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Konsertiň maksatnamasyna nusgawy we milli saz eserleri,köp öwüşginli tanslar, ýurdumyzyň gazanýan ägirt uly üstünliklerini, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny wasp eden bagşylaryň çykyşlary girizildi.

Dabaranyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar medeni-gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, iki ýurduň halklaryny Türkmenistanyň we Horwatiýanyň bu ulgamda gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri guramaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter