Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasynda Medeniýet günleri | TDH
Medeniýet

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasynda Medeniýet günleri

опубликованно 22.05.2015 // 1010 - просмотров
 

Bişkek, 22-nji maý /TDH/. Şu gün gyrgyz paýtagtynyň T.Satylganow adyndaky Milli filarmoniýanyň uly zalynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.

Bu möhüm medeni çäräni geçirmek üçin dostlukly ýurda düzüminde meşhur aýdymçylardan we sazandalardan, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň döredijilik toparlaryndan ybarat medeniýet we sungat işgärleri bolan Türkmenistanyň uly wekiliýeti bardy. Bu çäre häzirki döwürde döwletara gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň ýene-de bir aýdyň nyşanydyr.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen türkmen-gyrgyz gepleşikleriniň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Almazbek Atambaýew medeni-gumanitar ulgamda özara gatnaşyk etmek meselesine ara alyp maslahatlaşmak bilen, gadymy döwürden emele gelen milli özboluşlylygy, iki doganlyk halklary birleşdirýän ruhy däpleri bellediler hem-de bu ugurda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Medeniýet günleriniň maksatnamasy hem şol maksatlaryň amala aşyrylmagyna bagyşlanandyr. Ol işewür we döredijilik duşuşyklaryna, konsertlere, sergilere, kinofilmleriň görkezilişine, tanyşlyklara we elbetde, sebitde iki goňşy halkyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny has ýakyn kabul etmäge ýardam edýän özara söhbetdeşliklere baýdyr.

Medeniýet gününiň açylyş dabarasyna Gyrgyzystanyň hökümetiniň, diplomatik korpusyň, giň jemgyýetçiligiň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, bu ýurtda hemişelik ýaşaýan watandaşlarymyz gatnaşdylar.

Konsertiň başlanmagynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Watanymyzda gazanylan ägirt uly üstünlikler barada gürrüň berýän “Türkmenistana hoş geldiňiz!” diýen wideorolik görkezildi. Onda ýurdumyzyň senagat pudagyndaky, ulag ulgamyny ösdürmekdäki, iri möçberli şäher gurluşygyndaky, oba senagat toplumyndaky, syýahatçylyk işlerindäki, ak mermerli paýtagtymyzyň hem-de Hazaryň kenar ýakasynyň ajaýyp merjeni bolan “Awaza” syýahatçylyk zolagynyň üstünlikleri, türkmen halkynyň ruhy-taryhy mirasynyň saklanylyşy we artdyrylyşy şöhlelendirildi. Gyrgyz tomaşaçylary doganlyk halkyň üstüniklerine tüýs ýürekden guwanyp, ýurdumyz baradaky filmi uly gyzyklanma bilen kabul etdiler.

“Türkmen we gyrgyz halklarynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň köki döwürleriň çuňlygyna siňip gidýär hem-de häzir öz ösüşiniň täze tapgyrynda ýurtlarymyz özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin hoşniýetli erke we giň mümkinçiliklere eýedir” diýip, Gyrgyzystan Respublikasynyň medeniýet, maglumat we syýahatçylyk ministri A.Maksutow çykyşynda aýtdy.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistany we Gyrgyzystany diňe bir geografiki ýakynlygyň däl-de, taryhy we medeni umumylygyň baglanyşdyrýandygy barada aýdyp, gumanitar ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, goňşy ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

Türkmen estrada ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilen “Türkmenistana geliň!” diýen joşgunly aýdym-sazly çykyş dostluk baýramçylygyna aýratyn ruhubelentlik çaýdy. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinden bolan ýaş wokalçylar hem-de bagşy-sazandalar mähriban topragymyza, onuň gözelligine söýgüden doly aýdymlary we sazlary joşgunly ýerine ýetirdiler.

“Näzli” tans toparynyň çykyşy has-da täsirli boldy. Olaryň görkezen çykyşlarynyň biri “Parahatçylyk mukamy” diýlip atlandyryldy. Ýerine ýetirijiler tansyň dilinde parahatçylyk, dostluk we ynam deňsiz-taýsyz gymmatlyk bolup durýan döwürdeşlerimiziň keşbini janlandyrdylar. “Laçyn” toparynyň çykyşy milli öwüşgin bilen tapawutlandy. Millilik bu toparyň her bir çykyşynyň esasynda durýar. Şol çykyşlar türkmen halkynyň tans sungatynyň halk döredijilik öwüşginlerine baýdyr.

Baýramçylyk konserti dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň şowhunly el çarpyşmagynda “Bitarap Türkmenistan” diýen joşgunly aýdymyň ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy.

Şunuň ýaly ýokary ruhubelentlik konsertiň tutuş dowamynda, sahnada we tomaşaçylar zalynda dowam etdi. Bu bolsa medeniýetiň we sungatyň hiç hili serhedingiň ýokdugy baradaky pikiri nobatdaky gezek tassyklady. Hoşal bolan tomaşaçylar Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Medeniýet günleriniň bütin dowamynda boljak şunuň ýaly joşgunly çykyşlaryň halklaryň arasyndaky gatnaşyklara oňyn täsir etjekdigi barada bir pikirde boldular. Olar ruhy-taryhy mirasa hem-de häzirki zaman sungatynyň gazananlaryna özara gyzyklanmany ösdürmäge goşmaça itergi berýär.

Ertir Gyrgyzystanyň paýtagtynyň sungat meýdançalarynda dostlukly ýurtda Medeniýet günleriniň çäklerinde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem-de Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty döwlet muzeýinde saklanýan gymmatlyklardan düzülen türkmen halkynyň milli amaly-haşam we häzirki zaman sungatynyň hem-de nakgaşlyk eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyrylar. Bişkegiň Kinolar öýünde gyrgyz tomaşaçylary türkmen kinematografiýasynyň iň oňat filmleri bilen tanyşarlar. Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Tokmak şäherine sapary meýilleşdirildi. Şol ýerde türkmen artistleri dürli konsert maksatnamasy bilen çykyş ederler.

Gyrgyz tomaşaçylary türkmen sungat ussatlarynyň zehinine ýokary baha berdiler, artistler bolsa Türkmenistanyň özboluşly we baý medeniýetine gyrgyzystanlylaryň tüýs ýürekden gyzyklanma bildirýändiklerini duýdular.

Medeniýet günleri 24-nji maýa çenli dowam eder. Şol günleriň dowamynda türkmen wekiliýeti dostlukly gyrgyz halkyny milli däp-dessurlar, häzirki zaman sungaty hem-de açyklyk we ýürekdeşlik mahsus bolan halkymyzyň ruhy mirasy bilen tanyşdyrar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter