Türkmenistanda Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň mejlisi geçirilýär | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanda Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň mejlisi geçirilýär

опубликованно 04.10.2018 // 859 - просмотров
 

Türkmen paýtagtynda Aziýa —Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Aşgabatda şeýle wekilçilikli halkara forumyň geçirilmegi halkara gatnaşyklar meselelerinde işjeň orny eýeleýän hem-de sebit we ählumumy derejede abadançylygyň durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen syýasaty yzygiderli alyp barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşanydyr.

Ozal habar berlişi ýaly, ABU-nyň Baş Assambleýasynyň mejlisine hem-de onuň çäklerinde guralýan çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna bu halkara düzümiň ýolbaşçylary, guramanyň agzasy bolup durýan ýurtlaryň resmi wekiliýetleri, dünýäniň dürli döwletlerinden teleradio kompaniýalaryň ýolbaşçylary we beýlekiler geldiler.

Forumyň açylmagynyň öň ýanyndaky günler “Ýyldyz” myhmanhanasynda teleradiokompaniýalaryň we ýörite enjamlary öndüriji kompaniýalaryň, şeýle hem hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän düzümleriň mümkinçiliklerini äşgär edýän sergi guraldy, dolandyryjylaryň okuw maslahaty, aýry-aýry ugurlar boýunça, şol sanda “Sport”, radiogepleşikler, meýilleşdirmek we strategiýalaşdyrmak, şeýle hem tehniki topar boýunça iş toparlarynyň mejlisleri we beýleki çäreler geçirildi. Gepleşikleri özara alyşmak, döwrebap tehnikalary we öňdebaryjy tehnologiýalary teleradiogepleşiklerde ulanmak meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Sport gepleşiklerini alyp eşitdirmek we görkezmek meselesine bagyşlanan mejlisde türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çykyş etdiler. Iri sport çärelerini beýan etmekde türkmen media toparlarynyň tehniki we döredijilik mümkinçilikleri görkezildi. Şu babatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty — 2018-iň tanyşdyrylyşy boldy, bu çempionat 28-nji oktýabr — 10-njy noýabr aralygynda Aşgabatda geçiriler.

2-nji oktýabrda “Women With the Wave” 7-nji her ýyllyk Zenanlar forumy geçirildi hem-de “Teleradiogepleşikler hemmeler üçin: gender deňligi we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde köpdürlilik” atly ABU forumlar toplumynyň bölegi bolan ussatlyk sapaklary guraldy. Bu çäre zenanlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerine çekmek hem-de olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek ugrundaky göreşde tagallalaryň birleşdirilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň Halkara zenanlar gaznasynyň (IWMF) orny nygtaldy, bu gazna köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zenanlaryň derejesiniň ýokarlanmagy boýunça ýöriteleşdirilendir hem-de zenan žurnalistleri goldamak boýunça maksatnamalaryň giň toplumyny öz içine alýar.

Forumyň çäklerinde “ABU TV Song Festival” VII aýdym festiwaly guraldy, onda Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Hytaýdan, Hindistandan, Wýetnamdan, Indoneziýadan, Maldiw adalaryndan, Owganystandan, Türkiýeden, Russiýadan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Afrika ýurtlaryndan gelen aýdymçylar, şeýle hem türkmen aýdymçylary öz sungatyny görkezdiler. Bu uly konsert dünýäniň 20-den gowrak ýurdunda alnyp görkezildi we eşitdirildi.

Myhmanlar üçin medeni çäreler, taryhy künjekler boýunça we türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerlerine gezelençler guraldy.

Şu gün bolsa forumyň açylmagynyň öňüsyrasynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda türkmen halk sazandalarynyň we tans toparlarynyň çykyşy boldy.

Açylyş dabarasyna türkmen tarapyndan hökümet agzalary, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ugurdaş fakultetleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän esasy daşary ýurt habarlar agentlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjylara gutlag çykyşynda Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň Aşgabatda geçirilmeginiň parahatçylyk döredijilik daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýynyň nyşanydygy bellenildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de baştutanlygy bilen giň gerimli özgertmeleriň geçirilmegi netijesinde teleradiogepleşikler ulgamynyň öňünde täze mümkinçilikler açylýar. “Türkmen Älem 52oE” hemrasynyň uçurylmagy bilen bu ulgamyň ösdürilmegi üçin täze giňişlikler peýda boldy. Häzirki wagtda türkmen teleýaýlymlary doly HD görnüşinde alnyp görkezilýär, häzirki zaman 4K görnüşli tehnika bu ulgamyň işgärleriniň ygtyýaryndadyr.

Syýasy, ykdysady, medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

Dabara gatnaşyjylara Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmegiň barşy, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygy astynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň ähmiýeti hakynda gürrüň berýän ýörite taýýarlanan wideofilm görkezildi. Şonda halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamakda, türkmen paýtagtyny ösdürmekde we beýleki ugurlarda gazanylan üstünlikler beýan edildi.

Ak mermerli Aşgabadyň ajaýyplyklarynyň hatarynda özboluşly binagärlik çözgüdi bilen tapawutlanýan hem-de şäheriň ýatda galyjy nyşanlarynyň biri bolan “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň binasy görkezildi.

Mälim bolşy ýaly, täze telemerkezi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň baýram edilýän döwründe — 2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ulanmaga berildi. Bu täsin inžener-tehniki desga Aşgabadyň günortasynda, Köpetdagyň belent gerşiniň üstünde bina edildi. Telemerkeziň keşbi Oguzhanyň ägirt uly sekizburçluk ýyldyzyny emele getirýär.

Köpetdagyň 1020 metr belentlikdäki gerşinde gurlan bu telemerkez deňiz derejesinden ýokarda ýerleşişi boýunça dünýäde iň beýik binalaryň biri hasaplanylýar. Onuň beýikligi kuwwatly antenna bilen bilelikde alanyňda, 211 metre barabardyr. Bu beýikligi 38 metrlik antenna dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryna laýyk gelmek bilen, analog we sanly gepleşikleri alyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Signallaryň ýetýän giňişligi 100 kilometre barabardyr. “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň binasy açylandan soň tiz wagtda Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. “Ginnesiň bütindünýä rekordlary” kompaniýasynyň wekilleri merkeziň telediňini bezeýän Oguzhanyň ägirt uly sekizburçluk ýyldyzyny dünýäde ýyldyzyň binagärlik taýdan iň uly şekillendirilişi diýip ykrar etdiler.

Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş sekretary jenap Jawad Mottagi dabaraly çärä gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlenip, ABU-nyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmäge ýardam edenligi we türkmen topragynda mähirli myhmansöýerlik bilen garşylanandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Myhman forumyň ähmiýeti barada aýdyp, Aşgabatda ilkinji gezek geçýän şu duşuşygyň öz ýolbaşçylyk edýän halkara guramasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmaga, sebitde mundan beýläk-de teleradiogepleşikleri ösdürmäge we oňa gatnaşyjylaryň, şeýle hem bütin dünýäniň teleradiogepleşikler kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendigini belledi.

Jawad Mottagi ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş ulgamynda bolup geçýän giň möçberli özgertmelere ýokary baha berip, bu işde döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly ornunyň we şahsy goşandynyň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Onuň Alyhezretleriniň sebitde köpçülikleýin-mediany (köpçülikleýin habar beriş serişdelerini) ösdürmäge goşan görnükli goşandy üçin Güwänamany gowşurmak hakynda birleşigiň kabul eden çözgüdini habar berdi.

Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň prezidenti hanym Supriýa Sahu Aşgabat duşuşygynyň ýokary derejede guramaçylykly geçýändigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk sözlerini aýtdy. Ol foruma gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag sözi bilen ýüzlenip, ABU-nyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň dünýäniň iň bir owadan şäherinde, ählumumy parahatçylyga we rowaçlyga gönükdirilen iri halkara çäreleriniň birnäçe gezek guralan ýeri bolan Aşgabatda geçirilmegini aýratyn buýsanç hasaplaýandygyny belledi. Biziň umumy maksadymyz iň täze tehnologiýalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornunyň ösüşini nazara alanyňda, häzirki zamanda barha aýratyn ähmiýete eýe bolýan gepleşikler ulgamynda ählumumy wezipeleri çözmekden ybaratdyr diýip, Supriýa Sahu nygtady.

Çykyş edenler 2012-nji ýylyň aprel aýyndan bäri ABU-nyň doly hukukly agzasy bolan Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijeliligine ýokary baha berdiler.

Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, şeýle hem beýleki iri halkara sport bäsleşikleriniň göni tele we radio ýaýlymlaryna berilmegini guramakda üstünlikli hyzmatdaşlyk bellenildi. Türkmenistan — ABU hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni – ynsanperwer durmuşy, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleriniň durmuşy barada seljeriş makalalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatynda tejribeleriň yzygiderli alşylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Ýygnananlar şu gezekki duşuşygyň ähmiýeti barada aýdyp, forumyň geçirilmeginiň žurnalistleriň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň öňdebaryjy habar-kommunikasiýa tehnologiýalaryň ýaýradylmagyna ýardam etjekdigine, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigine agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny ýola goýmak üçin usullary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.

Dabaraly bölüm tamamlanandan soňra forum öz işini dowam etdi. Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleleriň hatarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemlemek hem-de geljek üçin meýilnamalary, halkara alyp eşitdirmek ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary, şol sanda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, göni gepleşikleri guramak ulgamynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri kesgitlenildi.

Günüň ahyrynda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda media, teleradiogepleşikleri we degişli enjamlary döretmek babatynda aýratyn tapawutlananlara Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň ýörite sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Şu gün şeýle hem ABU-nyň ýolbaşçylarynyň we agzalarynyň birnäçesiniň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda göni gatnaşyklaryň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen türkmen teleradio ýaýlymlarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.

Ertir forumyň çäklerindäki maslahatlar tamamlanandan soňra geçirilen işleriň jemleri jemleniler hem-de mejlisiň ýapylyşy bolar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter