Türkmen-awstiýa dostlugy: medeni gatnaşyklarda parahatçylyk waspy | TDH
Medeniýet

Türkmen-awstiýa dostlugy: medeni gatnaşyklarda parahatçylyk waspy

опубликованно 15.05.2015 // 1128 - просмотров
 

Şu hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna bolan resmi sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädime öwrüldi. Ol geljekki gatnaşyklar, bilelikdäki taslamalar we täze meýilnamalar üçin esas boldy we netijeli türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň artdyrylmagyna kuwwatly itergi berdi. Onuň çäklerinde medeni gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir.

Milli Liderimiziň Awtsriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişer we Federal Kansleri Werner Faýman bilen bolan duşuşyklarynyň barşynda gumanitar ulgamdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy.

Taraplaryň pikirine görä, medeniýet ulgamy döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýär. Ol halklaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, olary ýakynlaşdyrýar. Adamlaryň oňyn bolan ornuň gatnaşyklaryny höweslendirýär.

Milli Liderimiz Wena şäherinde bolmagynyň barşynda Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Bergeri kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň we Awstriýanyň halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklary pugtalandyrmak, medeniýet, sungat ulgamlarynda, maglumat alyşmakda işewür we netijeli gatnaşyklary ýola goýmak boýunça ägirt uly işler alyp barýan Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň 2008-nji ýylyň güýzünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wena şäherine ilkinji resmi saparynyň öňüsyrasynda döredilendigini bellemeli. Şu döwürde jemgyýetiň gatnaşmagynda birnäçe wajyp bilelikdäki taslamalar amala aşyrylydy. Olaryň hatarynda “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň we adybir žurnalynyň döredilmegi, dürli duşuşyklaryň, tanyşdyryş çäreleriniň, sergileriň, döredijilik alyşmalaryň guralmagy bar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Wena şäherinde geçirilen çykyşlaryny, şeýle hem Aşgabatda Wena balynyň guralmagyny medeni çäreleriň iň täsirlileri hökmünde görkezmek bolar.

Hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň, türkmen paýtagtynda geçirilýän halkara işewürlik we maýa goýumlaryň geçirilmegi arkaly ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam bermek we beýleki çäreler jemgyýetiň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň 2010-njy ýylyň güýzünde Wena şäherinde geçirilen dokma, haly we zergärçilik önümleriniň sergisine bu jemgyýetiň gatnaşandygyny bellemeli. Ol Wena şäheriniň ilatyny we myhmanlaryny diňe bir ýurdumyzyň özara peýdaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçiliklere eýe bolan dokma pudagynyň eksport mümkinçilikleri bilen däl, eýsem, türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen tanyşdyrdy. Ajaýyp türkmen halylary we haly dokamagyň nesilden-nesle geçip gelýän nepis usullary milletiň bahasyz mirasynyň möhüm bölegi bolmak bilen, ýewropaly hünärmenlerde ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Geçen ýylyň oktýabr aýynda türkmen wekiliýeti atlara we atçylyk sportuna bagyşlanan “Apropos Pferde-2014” halkara sergisine, şu ýylyň ýanwar aýynda bolsa Wenada geçirilen “Ferien-Messe Wien” halkara syýahatçylyk
sergi-ýarmarkasyna gatnaşdy.

Şu we beýleki wakalar Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň saýtynyň sahypalarynda öz beýanyny tapdy. Onuň üsti bilen ýewropaly okyjylary Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti, häzirki döwri, ykdysady we serişdeler, syýahatçylyk kuwwaty, Hazaryň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek ýaly ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyrmaga döredilen mümkinçilikdir.

Saýtyň surat bölüminde ýerleşdirilen Türkmenistanyň häzirki döwrüniň pursatlary şekillendirilen bezegli suratlary öz gözüň bilen görmek has-da ýakymly bolsa gerek. Olarda umumymilli baýramçylyklar, iri durmuş we senagat ähmiýeti desgalaryň ulanylmagy berilmegi, türkmen paýtagtynyň gözelligi, ýurdumyzyň taryhy-medeni, tebigy ajaýyplyklary, türkmen halkynyň däp-dessurlary, senetkärçiligi we häzirkizaman sungaty öz beýanyny tapýar.

Umuman, Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň saýtynyň mazmuny Awstriýanyň we Ýewropanyň adamlarynda Türkmenistana bolan gyzyklanmalary, ýurdumyza gelip görmäge bolan höwesi oýarmakdan, halkymyzyň milli gymmatlyklary bilen tanyşdyrmakdan, baý medeni we ruhy hazynamyzy dünýä jemgyýetçiligine elýeterli etmekden ybaratdyr.

Şeýlelikde, bu saýt (http://www.turkmensitan-kultur.at) birwagtyň özünde tanyşdyrmak, hyzmatdaşlygyň serişdelerine, göz ýetirmäge
Türkmenistanyň ol ýa-da beýleki pudagynyň ösüş depginleri hakyndaky möhüm maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky barha pugtalanýan köptaraply we köp derejeli aragatnaşyklary beýan etmek bilen, ol türkmen medeniýetiniň Ýewropada we tutuş dünýäde giňden wagyz edilmegini şertlendirýär we gatnaşyklar, birek-biregi baýlaşdyrýan çalyşmalar üçin açyk bolan ýurda täzeçe garamaga, sahy we zehinli halky bilen dostlaşmaga şert döredýär.

Hanym Neda Berger milli Liderimiz bilen bolan duşuşykda döwlet Baştutanymyza goşgular ýygyndysyny sowgat berdi.

Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy “Türkmenistanym” atly şahyrana ýygyndysyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlapdyr.

Kitabyň girişinde awtor Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde alyp barýan işine goldaw edýändigi we ýokary baha berýändigi, Türkmenistan bilen medeni dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ýaýratmakda we wagyz etmekde bitiren hyzmaty üçin geçen ýyl “Magtymguly Pyragy” medaly bilen sylaglandygy üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallygyny beýan edýär.

Täze kitapda ýerleşdirilen “Sen biziň beýik oglumyz” atly goşgy beýik türkmen şahyryna sena hökmündek ýazylypdyr. Şeýle hem bu kitaba Türkmenistan, Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly, milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda gadymy türkmen topragynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň nyşany hasaplanýan Aşgabat we Awaza hakdaky goşgular, dostluk, döwür, parahatçylyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýaly türkmen halkynyň täze eýýamy hakyndaky şahyrana oýlanmaalar bar.

Umuman, bu ýygyndyny Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň toý dabaralaryna bagyşlanan gutlag—kitaby hökmünde kabul etmek mümkin.

Şu ýerde bu goşgynyň manysy hakynda durup geçmek ýerlikli bolar. Onda Türkmenistanyň öz ýurdundan uzakdadygy, şol bir wagtyň özünde hem kalbyna ýakyndygy, ajaýypdygy, onuň arzuwlaryň we çogly güneşiň, Bitaraplygyň ýurdudygy barada aýdylýar. Şeýle hem sähralara, beýik daglara, ägirt uly tebigy baýlygyna, Hazar deňzine eýe bolan ýurduň Prezident tarapyndan gülleýändigi, onuň halkynyň kalbynyň giňdigi, arzuwlarynyň ganatlydygy, ajaýyp halylarynyň we bedewleriniň bardygy barada aýdylýar.

Şeýle hem awtor bu goşgusynda Türkmenistanda gadymyýetiň ýaňynyň bardygy, onuň uly geljege eýedigi, türkmeniň kalbynyň tämizdigi, ýurduň täzeden galkynýandygy, dünýäniň dürli ýurtlary we halklary bilen ýürekdeşdigi açyklyk esasyndaky gatnaşyklara giň gerim berilýändigi hakynda aýdýar. 20 ýylyň dowamynda birnäçe wakalar bolup, şu döwürde ýurduň mümkinçiliginiň, kuwwatynyň artandygy, paýhasly syýasatyň belentliklere, parahatçylyga, bagtyýarlyga beslenýändigi hakyndaky pikirler goşgynyň özenini düzýär.

Şeýle hem “Galkynyş” žurnalynyň maý aýyndaky ýörite sany bu senä bagyşlanypdyr. Onda Awstriýanyň Federal Prezidenti Haýns Fişeriň žurnalistleriň sowalyna jogaby, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 2015-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda eden maksatnamalaýyn çykyşyndan bölekler, döwletiň jemgyýeçilik-syýasy durmuşyna degişli wakalar hakyndaky makalalar, reportažlar, ýurdumyzyň dünýäniň beýleki döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygy, türkmen-awtsriýa gatnaşyklary hakyndaky makalalar ýerleşdirilipdir. Žurnalyň sahypalarynda Aşgabat şäheri, 2015-nji ýlda türki dünýäniň medeni pýatagty diýip ykrar edilen Mary şäheri, “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilişi we ýangyç-energetika toplumyndaky, ulag pudagyndaky iri taslamalaryň durmuşa geçirilişi, milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň, Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň mümkinçilikleri hakyndaky makalalar bar.

Şeýle hem onda geçen ýylyň güýzünde Aşgabatda geçirilen ikinji Wena baly, ýurdumyzda 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk, ahalteke bedewleri, milli Nowruz baýramy, türkmen halkynyň milli lybaslary we başga-da öňde boljak möhüm wakalar barada teswirlemeler ýerleşdirilipdir.

Häzirki döwürde tutuş dünýäde bolşy ýaly, Ýewropada türkmen halkynyň özboluşly medeniýetine, baý gadymy dessurlaryna gyzyklanma barha ýokarlanýar. Aşgabat-Wena dostluk we hyzmatdaşlyk köprüsi Ýewropa ýurtlarynyň halklaryna häzirki Türkmenistan, halkymyz, häzirki döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilýän ruhy gymmatlyklarymyz barada ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz bu ýurtda saparda bolmagynyň barşynda Wenanyň Taryhy sungat muzeýine bardy we onuň ýolbaşçysy bilen bolan söhbetdeşlikde iki döwletiň degişli düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň, muzeý işi boýunça oňyn tejribe alyşmagyň, çeperçilik sergilerine gatnaşmagyň, döredijilik duşuşyklaryny we beýleki bilelikdäki çäreleri geçirmegiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary medeni maksatnamanyň çäklerinde Wena döwlet opera teatryna baryp gördüler. Ol ýerde bu iri teatryň ýolbaşçylary bilen saz we sahhna sungaty babatda özara gatnaşyk etmek hakynda gepleşikler geçirildi. Iki ýurduň medeni aragatnaşyklary öz çägini giňeltmek hem-de täze gyzykly we peýdaly başlangyçlar bilen üsti ýetirilip dowam edýär.

Hyzmatdaşlygy ösdürmek barada aýdylanda, Türkmenistanyň we Awstriýanyň Bitarap döwletlerdigini bellemeli. Aşgabat hem edil Ýewropada Wenanyň bolşy ýaly, Merkezi Aziýada iri parahatçylyk dörediji merkeze öwrülýär. Iki ýurduň paýtagtlarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklar iki halkyň arasyndaky dostluk we birek-birege ynanyşmak gatnaşyklarynyň ygtybarly köprüsini emele getirýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter