Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 05.10.2018 // 1082 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň oba hojalyk tehnikalary we gurallary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak hem-de agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 6-njy martynda çykaran 88-nji kararyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna, onuň esasynda satyn alynmagy bellenen oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny satyn almak barada goşmaça ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň orunbasary Şamuhammet Seýitliýewiç Nepesow Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Hojanazarowiç Gurbandurdyýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary, Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary wezipelerinden boşadyldy.

* * *

“Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyndan we halkara şertnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda Maliýe gözegçiligi gullugy döredildi.

Şeýle hem resminama bilen, ady agzalan gullugyň gurluşy hem-de bu gulluk hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de bugdaý we pagta öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter