Daşary işler ministrliginde ýaş diplomatlar üçin okuw maslahaty geçirildi | TDH
Jemgyýet

Daşary işler ministrliginde ýaş diplomatlar üçin okuw maslahaty geçirildi

опубликованно 09.10.2018 // 939 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň ýaş diplomatlary üçin okuw maslahaty geçirildi. Onda esasy lektor hökmünde Awstriýa Respublikasynyň Wena Diplomatiýa akademiýasynyň professory Markus Kornprobst çykyş etdi.

Okuw maslahatynyň başynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory hem-de Awstriýanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gerhard Saýller gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Maslahat okuw we tejribe sapaklaryny öz içine alyp, diplomatiýada parahatçylygyň we abadançylygyň orny olaryň esasy temasy boldy.

Bu tema hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2019-njy ýyly “Parahatçylyk we Abadançylyk ýyly” diýip yglan etmek hakynda öňe süren başlangyjy bilen baglylykda aýratyn möhüm bolup durýar. Türkmen tarapynyň ählumumy, mäkäm we uzak möhletleýin howpsuzlygy üpjün etmek meselesiniň ileri tutulýan ähmiýeti bilen şertlendirilen bu teklip dartgynlylygy peseltmäge, jedelleriň we gapma-garşylyklaryň parahat, syýasy-diplomatik ýagdaýda çözülmegine, bu babatda BMG-niň öňdebaryjy we jebisleşdiriji orny eýelemeginde jogapkärli we oýlanyşykly çözgütleriň kabul edilmegine gönükdirilen anyk çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli diplomatiýanyň ylalaşdyryjylyk ýörelgeleriniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny hem-de türkmen halkynyň baý mirasynda, gadymy däp-dessurlarynda öz beýanyny tapýandygyny bellemek gerek. Bitarap Türkmenistan döredijilikli we daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, öz gatnaşyklaryny dünýäniň döwletleri we halklary, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen, birek-biregi hormatlamak we netijelilik, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda gurýar.

Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan şol öňdengörüjilikli strategiýasyny amala aşyrmaga gönükdirilendir. Bu gullugyň öňünde möhüm we jogapkärli wezipeler goýuldy. Bu bolsa, öz nobatynda, onuň işgärlerinden ussatlygyň ýokary derejesini, iş tejribesinde öňdebaryjy usullaryň ulanylmagyny hem-de ylmy esasda çemeleşmegi talap edýär.

Häzir ýaş türkmen diplomatlary üçin hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek üçin zerur bolan ähli şertler döredildi. Bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda esasy halkara okuw merkezleri bilen netijeli gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Mysal üçin, dünýäde abraýly we baýry okuw mekdebi bolup durýan Wena Diplomatiýa akademiýasy ýokary derejeli, hünärli işgärleri taýýarlamakda baý tejribä eýe bolup durýar.

Ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklar däbe öwrülen türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşlerde, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Türkmenistanyň we Awstriýanyň bitarap daşary syýasy ugra eýermekleri döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli bolmagyna ýardam edýän ähmiýetli oňyn şert bolup durýar. Munuň özi dürli ugurlarda özara düşünişmegi hem-de hyzmatdaşlygy berkitmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar.

Okuw maslahatynyň barşynda oňa gatnaşyjylaryň arasynda pikir alyşmalar boldy, soňra professor Markus Kornprobst diňleýjileri gyzyklandyrýan sowallara jogap berdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter