Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar | TDH
Medeniýet

Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar

опубликованно 08.03.2015 // 2807 - просмотров
 

Ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar güni -- 8-nji mart senesini dabaralandyrmakda şu günler paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda mähriban, söýýän we söýülýän ene-mamalarymyza, gyzlarymyza we uýalarymyza bagyşlanan dabaralar guraldy.

Halkara zenanlar güni Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda döwlet derejesinde bellenip, halkymyzyň umumadamzadyň ýokary gymmatlyklaryna we maksatlaryna wepalydygyny alamatlandyrýar.

“Zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, beýik we şöhratly taryhynyň bütin dowamynda mukaddeslik hökmünde kämilleşdirip gelýän milli ýörelgeleridir. Ynsanperwerligi, edep-terbiýäni, belent ahlaklylygy rowaçlandyrýan Halkara zenanlar güni Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň bagtyýar durmuşymyza buýsanyp, döredijilikli zähmet çekmegi we perzent terbiýelemegi üçin döwletimiz tarapyndan uly goldaw berilýär we ähli mümkinçilikler döredilýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň zenanlaryna Gutlagynda belleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň bu sözleri anyk işlerde – zenanlaryň aň-paýhas we durmuş mümkinçiligini ösdürmek üçin amatly şertleri döretmekde, hukuklaryny goramak babatda kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çärelerde, enäniň we çaganyň saglygyny goramaga gönükdirilen durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli berjaý edilmeginde, köp çagaly maşgalalary goldamakda we beýlekilerde beýanyny tapýar.

2008-nji ýylda hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilen “Ene mähri” diýen hormatly at döwletimiziň köp çagaly eneleri aýratyn üns-alada we goldaw bilen gurşap alýandygynyň şaýatnamasyna öwrüldi. Bu ada 8 we ondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren zenanlar mynasyp bolýarlar. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça “Zenan kalby” ordeni hem döredildi. Onuň ady watandaş zenanlarymyzyň—beýik döredijileriň we zähmetsöýerleriň, milletimiziň mukaddes ruhy gymmatlyklaryny we ynsanperwer däplerini saklaýjylaryň belent jemgyýetçilik derejesini äşgär edýär.

Baýramçylygyň öň ýanynda tutuş ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleri hormatlamak hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýurdumyzyň ähli zenanlaryna we gyzlaryna – edaralaryň, kärhanalaryň zähmetkeşlerinden hem-de hormatly dynç alyşdakylardan tä mekdep okuwçy gyzlaryna we çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara çenli pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça 7-nji martda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda köp çagaly eneleri hormatlamak hem-de ýurdumyzyň zenanlaryna önümçilikde, ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda döredijilikli zähmeti, Watanymyzyň bähbidine alyp barýan netijeli işleri üçin döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Şol gün köp çagaly maşgalalaryň birnäçesine 13 gatly ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýyndan täze öýleriň açarlary gowşuryldy. “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneler üçin ençeme ýeňillikleriň döredilendigi bellärliklidir. Bu at, ilkinji nobatda, enäniň jemgyýetimiziň we döwletimiziň öňündäki hyzmatlaryna aýratyn uly hormatyň, ajaýyp zenanlarymyzyň Watanymyzyň gülläp ösüşine goşýan bahasyna ýetip bolmajak goşandynyň ykrar edilýändiginiň beýik alamatydyr.

Türkmenistanyň zenanlary öýlerimizdäki parahatçylyk we abadançylyk, hemmetaraplaýyn berýän goldawy, arkaýyn zähmet çekmäge hem-de çagalary terbiýelemäge döreden mümkinçiligi üçin, kalbymyzy aýratyn mähri we mylaýym ýylysy hem-de ýagtylygy bilen nur çaýýan ajaýyp bahar baýramy üçin milli Liderimize hoşallyk bildirýärler.

7-nji martda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen medeniýet we sungat ussatlarynyň döwlet konserti Watanymyzyň şöhratly aýal-gyzlaryna aýajyp sowgat boldy.

Bu belent zaldaky çykyşlary “Dünýäniň ähli gülleri, hemme şahyrana we aýdym-saz eserler Size, söýgüli zenanlar!” diýip atlandyrmak bolar. Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy, hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzdaky daşary ýurt ilçihanalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylym we bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasy, talyp ýaşlar we elbetde, dabaranyň esasy gahrymanlary bolan zenanlar ýygnandylar. Olaryň hatarynda zähmet weteranlary, ýurdumyzyň halk hojalygynyň hemme pudaklaryna wekilçilik edýän önümçiligiň öňdebaryjylary we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleri, baýramçylygyň öň ýanynda “Ene mähri” diýen hormatly ada eýe bolan köp çagaly eneler,, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan zenanlar, “Ýylyň zenany-2015” atly bäsleşigiň we beýleki döredijilik hem-de hünär gözden geçirişleriniň ýeňijileri bar.

Türkmen sungatynda zenan tagzym, parahatçylyga bolan garaýş, ylham çeşmesi, esasy keşpleriň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Gadymy döwürlerde türkmen şahyrlary hem-de ýazyjylary, sazandarlary we suratkeşleri zenanlaryň çäksiz gözelligini asmanyň çyragy bolan Güne we Aýa, ajaýyp güllere deňäpdirler. Olar bize zenana-enä çuňňur hormat goýmagyň şöhratly däbini, gyzlara we gelinlere mähirli garamagy, ajaýyp zenanlary hormatlamak we goramak baradaky parasatly öwüt-ündewleri miras goýupdyr.

Bu däpleriň nesilden-nesle geçirilip gelinýändigini baýramçylyk konsertine gatnaşyjylar—ýurdumyzyň iň ökde döredijilik toparlary, halk döredijilik toparlary, halk sazandalary, estrada aýdymlaryny ýerine ýetiriji meşhur aýdymçylar, ýaş artistler beýan etdiler. Olaryň ýerine ýetirmeginde milli nusgawy sazlaryň eserleri, zenanlar barada hem-de zenanlar üçin, meşhur estrada we halk aýdymlary, zenan bagty hem-de wepadarlygy, ene söýgüsi we sabyrlylygy, mähriban topragymyzyň gaýtalanmajak gözelligi hem-de ýetip gelen mylaýym türkmen bahary baradaky aýdymlar ýaňlandy. Konsertiň maksatnamasyny mylaýym we owadan, akylly hem-de asylly, söýýän we söýülýän zenana bagyşlanan sena diýip atlandyrmak bolar.

Paýtagtymyzyň teatrlarynyň artistleriniň hem-de ýurdumyzyň tans toparlarynyň ýerine ýetiren “Eziz Arkadag bilen bagtyýar siz, zenanlar!” diýen edebi-sazly kompozisiýa döredijilik baýramçylygynyň ajaýyp çykyşyna öwrüldi. Bu kiçi spektaklda gözellik, göwnaçyklyk, kalby päklik we wepadarlyk, egsilmez söýgi hem-de mylaýymlyk wasp edildi. Bu duýgular bilen gyzlarymyz, gelinlerimiz, zenanlarymyz, enelerimiz we mamalarymyz aýrylmaz arabaglanyşyklydyr. Artistleriň çykyşlary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ösüşlere beslenen özgertmeler syýasaty netijesinde parahatçylyk we söýgi rowaçlanýan Garaşsyz Watanymyza bolan ägirt uly buýsanja beslendi. Şeýle ýurdumyzda ajaýyp türkmen zenanlarymyzyň ýüzleri bagtdan nurlanýar.

Söýgüli enelerimiz we mamalarymyz üçin “Ruhubelent çagalar”, “Joşgun”, “Aýjan” çagalar horeografiýa toparlary hem-de ýaş aýdymçylar “Mähriban ejem” diýen tolgundyryjy çykyşy taýýarladylar.

Sahnada mähriban zenanlarymyzyň hormatyna meşhur estrada aýdymçylary öz zehinleri bilen hezil berdiler. Olaryň ýerine ýetirmeginde milli nusgawy sazlar, zenanlar barada we zenanlar üçin aýdymlar ýaňlandy. Halk sazandalarynyň çykyşlary ajaýyp zenana bolan söýgi bolup ýaňlandy.

Ýurdumyzyň esasy sahnasynda bolup geçýän her bir konsertiň bize zehinli ýerine ýetirijileriň täze atlaryny ýüze çykarýandygy bellärliklidir. Bu gezek Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýetginjekleriniň hor toparynyň uly sahnadaky ilkinji çykyşy üstünlikli boldy. Olar Mollanepesiň şahyrana setirleri esasynda döredilen “Şirmaýy darak” diýen meşhur aýdymy uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.

“Mukam” ýaş skripkaçylar topary tomaşaçylara saz eserlerinden çemen sowgat etdiler. “Läle” diýen zenanlar topary türkmenistanlylaryň ençeme nesilleriniň söýüp diňleýän “Lälejan” diýen ajaýyp aýdymyny ýerine ýetirdi. Zenanlaryň baýramçylygy mynasybetli birleşen ýaş estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde gyzlara bagyşlanan aýdym-saz çykyşy bu ýere ýygnananlar tarapyndan mähirli garşylandy.

Ýaňlanan saz, milli lybasyň gözelligi Türkmenistanyň döwlet tans toparynyň, “Näzli”, “Meňli”, “Serpaý”, “Dokmaçylar” we “Dehistan” halk döredijilik we horeografiýa toparlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp tans kompozisiýalary bilen täsin sazlaşygy döretdi.

Wäşiler hem owadan zenanlarymyzy ýiti we täsin ýomaklary bilen begendirdiler.

Baýramçylyk maksatnamasynyň esasy böleginiň Türkmenistanyň mylaýym, mähirli we owadan, akylly hem-de asylly, wepaly we gaýratly zenanlaryna bagyşlanan täze aýdymlaryň bolandygy bellärliklidir.

Artistleriň çykyşlary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda eneligi we çagalygy döwlet tarapyndan goldamak, zenanlaryň hukuklaryny goramak, hünär we akyl-paýhas mümkinçiliginiň amala aşyrylmagy, döredijilik zehinleriniň açylmagy üçin hemme şertleriň döredilmegi babatda alnyp barylýan uly we asylly işlere şaýatlyk edýän wideoşekiller arkaly beýan edildi.

Bu ýere ýygnananlar gadymy küştdepdi tansyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Onda ählimiziň söýgüli Watanymyzyň gadymy we baky juwan topragyny mähri bilen ýyladýan türkmen baharynyň ähli köp görnüşli öwüşginleri wasp edildi.

“Bagtyýar eneler, mährem eneler!” diýen täze aýdym Zenana-Enä bagyşlanan özboluşly sena hökmünde döwlet konsertiniň jemleýji çykyşy bolup ýaňlandy. Aýdymçylara konserte gatnaşanlaryň ählisi hem-de bu üýtgeşik mähirli hem-de ajaýyp baýramçylyga mynasyp bolan dabaranyň gahrymanlary goşuldylar.

Şu günler Halkara zenanlar gününiň şanyna baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň seýilgähleriniň we dynç alyş künjekleriniň we iň oňat sahnalarynyň we konsert meýdançalarynyň ählisinde geçirilýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter