Täze söwda merkezi paýtagtyň durmuş-ýaşaýyş düzümleriniň üstüne goşuldy | TDH
Jemgyýet

Täze söwda merkezi paýtagtyň durmuş-ýaşaýyş düzümleriniň üstüne goşuldy

опубликованно 13.10.2018 // 749 - просмотров
 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň awgust aýynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň meýdanynda gurlan jaýlardaky öýleri şäher ilatyna bermek barada karar kabul etdi, şeýle hem söwda merkezini döretmek boýunça tabşyryk berdi, ol şu gün dabaraly ýagdaýda ulnamaga berildi.

Paýtagtyň durmuş-ýaşaýyş düzümleriniň üstüni ýetiren iki gatly hyzmatlar merkeziniň açylyş dabarasyna şäher we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulylar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Aşgabadyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Dabarada aýdym-sazly, türgenleriň çykyşlary boldy.

Toplumyň birinji gatynda azyk önümleriniň, ikinjisinde – senagat we hojalyk harytlarynyň giň görnüşi bar. Söwda bölümleriniň marketing düzgünlerine we hyzmatyň döwrebap ugrunyň talaplaryna laýyklykda oýlanşykly ýerleşdirilmegi alyjylar üçin amatly şertler döredýär, olara ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümler teklip edilýär. Merkeziň içişiginde oturdylan alyjylar üçin oňaýly maglumatlar terminaly gerekli önümiň ýa-da harydyň barlygy barada maglumat almaga mümkinçilik berýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter