Pagta ýygymy möwsüminiň depgini: Ahal welaýaty | TDH
Ykdysadyýet

Pagta ýygymy möwsüminiň depgini: Ahal welaýaty

опубликованно 15.10.2018 // 502 - просмотров
 

Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Zähmetsöýer daýhanlar «ak altynyň» bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Indi esasy wezipe ýetişdirilen hasyly soňky übtügine çenli ýygnamakdan hem-de Watan harmanyna ýitgisiz tabşyrmakdan ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Ahal welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymy möwsümini ýokary depginde alyp barýarlar. Olar, geçen ýylda bolşy ýaly, şu ýyl hem pagtanyň 207 müň tonnasyny taýýarlamaga borçlandylar. Ýurdumyzyň ekin meýdanlaryndan gowaça üçin bölünip berlen 545 müň gektar ýeriň welaýatda 120 müň gektaryna orta süýümli we inçe süýümli pagtanyň iň gowy sortlary ekildi. Ahalyň pagtaçylary we mehanizatorlary eýýäm “ak altynyň” 102 müň tonna golaýyny ýygnadylar. Bu görkeziji bellenilen meýilnamanyň 50 göterimine golaýdyr.

Öňdebaryjy hojalyklaryň hatarynda Gökdepe, Bäherden, şeýle hem Ak bugdaý etraplarynyň daýhan birleşikleri bolup, olar şu güne çenli pagta taýýarlamagyň meýilnamasyny, degişlilikde, 80 göterim, 62 göterim we 59 göterim ýerine ýetirdiler. Gowaça ekýän beýleki etraplaryň — Kaka, Tejen, Babadaýhan we Sarahs etraplarynyň oba hojalyk meýdanlarynda pagta ýygýan tehnikalar gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işledilýär.

Möwsümde ulanylýan tehnikalar, şol sanda şu ýyl oba hojalyk önüm öndürijileriniň ygtyýaryna gelip gowşan täze pagta ýygýan kombaýnlar we beýleki ýöriteleşdirilen tehnikalar ýokary netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Welaýatyň meýdanlarynda kombaýnlaryň jemi 257-si işledilýär. Tehnikalara gije-gündiziň dowamynda tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek, mehanizatorlaryň, sürüjileriň hem-de ýygymçylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertler döredildi.

Pagta — türkmen topragynyň baýlyklarynyň biri. Bu oba hojalyk ekinini ösdürip ýetişdirmegiň taryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Ine, onsoň Türkmenistan gadymy däpleri dikeldip we dowam edip, dünýäde esasy pagta öndüriji döwletleriň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belleýşi ýaly, häzirki döwürde Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütleri mümkin boldugyça tizräk amala aşyrmak baş wezipe bolup durýar. Şonda oba hojalygyny has-da ösdürmek boýunça täze başlangyçlar beýan edildi. Milli Liderimiz öndürilen pagta süýümini özümizde doly gaýtadan işlemäge geçip, ony daşary ýurtlara satmagy bes etmegiň gerekdigini aýtdy.

Pagta ýurdumyzyň dokma senagaty üçin esasy çig maldyr. Häzir ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň çykarýan ýüplügi, matalary, şolardan taýýarlanylýan önümler dünýäniň dokma önümleri bilen üstünlikli bäsleşýär. Önümçiligiň ýokary netijeli, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary hem-de halkara ölçeglerine kybap gelýän hil görkezijisi — halkara bazarlarda biziň önümlerimize uly islegi üpjün edýän artykmaçlykdyr.

Dokma senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň baş ugry eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny hem-de eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Şunda pagta süýümini ýurdumyzyň kärhanalarynda doly gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar. Şu wezipeler bilen milli ykdysadyýetimiziň oba hojalygynda pagtaçylyk we pagtany gaýtadan işleýän pudaklary sazlaşykly ösdürmek kesgitlenendir.

Şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde bu meselelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn üns berdi. Oba hojalygyny we obasenagat toplumyny düýpli özgertmek, şol sanda Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýurdumyzyň gazananlary bilen baglylykda möhüm çözgütler kabul edildi.

Ýurdumyzyň daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmek, ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny soňky übtügine çenli ýygnap almak üçin tutanýerli zähmet çekmegi dowam edýärler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter