Türkmenistanda ählumumy howplara garşy göreşmek boýunça sebit derejesindäki maslahat geçirilýär | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanda ählumumy howplara garşy göreşmek boýunça sebit derejesindäki maslahat geçirilýär

опубликованно 15.10.2018 // 758 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça milli we sebit mümkinçiliklerini berkitmek maksady bilen serhetleri goramak we dolandyrmak babatda öňdebaryjy tejribe” atly sebit derejesindäki maslahat öz işine başlady. Ol ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hem-de BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi bilen bilelikde guraldy.

Ady agzalan çäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda beýan eden netijeli başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça maksatnamanyň çäklerinde geçirilýär. Şonda döwlet Baştutanymyz syýasy beýannama bilen çykyş etdi. Degişli maksatnamada döwlet Baştutanymyzyň 2019-njy ýyly «Parahatçylyk we Abadançylyk ýyly» diýip yglan etmek hakynda teklibini amala aşyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutuldy.

Milli Liderimiziň BMG-niň belent münberinden belleýşi ýaly, degişli başlangyç dartgynlylygy peseltmäge, jedelleri we gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik usul bilen çözmäge, bu babatda jogapkärli we oýlanyşykly çözgütleri kabul etmäge gönükdirilen anyk çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýar. “Uzak möhletleýin we ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegi Merkezi Aziýa döwletleri üçin örän möhüm mesele bolup durýar. Terrorçylyga garşy göreş sebit gün tertibiniň örän möhüm ugrudyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Birnäçe gün dowam etjek maslahata Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň, döwlet düzümleriniň wekilleri hem-de Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Owganystandan terrorçylyga garşy göreşmek boýunça hünärmenler, şeýle hem halkara bilermenler gatnaşýarlar.

Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, terrorçylyga garşy göreşmek bilen baglylykda, serhetleriň milli we sebit howpsuzlygyny berkitmek ählumumy ýaramaz hadysalara garşy göreşmegiň halkara ulgamynyň ýola goýulmagy, uzak möhletleýin esasda dürli döwletleriň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy netijesinde has täsirli gurala öwrülýär. Türkmenistan öňüni alyş diplomatiýasyna möhüm orun berýär hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine uly ähmiýet berýär. Bu merkez sebitiň döwletleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine hem-de däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly goşant goşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýä ýüzünde döreýän islendik dawaly ýagdaýlary kadalaşdyrmagyň halkara meselelerini diňe syýasy-diplomatik usullar we serişdeler bilen çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýär we çykyş etmegini dowam eder. Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmak boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryna Türkmenistanyň goşýan goşandy, şeýle hem biziň ýurdumyzyň goňşy döwleti durmuş-ykdysady taýdan dikeltmek boýunça yzygiderli berýän kömegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, biziň döwletimiziň sebitde we dünýäde ylalaşdyryjylyk orny hem-de Bitaraplyk derejesi, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüp gelýän nesli belent ahlak maksatlary hem-de türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleri esasynda terbiýelemäge we hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli we netijeli syýasaty islendik ekstremistik ideologiýalarynyň ýüze çykmalaryna netijeli garşy durmaga mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, bilermenleriň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň degişli ugurda gazanan üstünlikleri terrorçylyk howpuna garşy göreşmekde dünýä bileleşigi hem-de abraýly düzümler üçin aýratyn gyzyklanma döredýär, ýurdumyzyň toplan tejribesi bolsa dürli görnüşdäki transmilli howplaryň öňüni almak we olara garşy durmak boýunça halkara iş tejribesini kämilleşdirmäge hyzmat edip biler.

Türkmenistan BMG bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirip, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Sebit derejesinde geçirilýän maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça anyk ädimleri hem-de terrorçylyga garşy göreşmek boýunça milli we sebit mümkinçiliklerini berkitmek maksady bilen serhetleri goramak we dolandyrmak babatda milli çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter