Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy | TDH
Medeniýet

Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy

опубликованно 07.03.2015 // 896 - просмотров
 

Aşgabat, 7-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde geçirilen türkmen we eýran medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti döredijilik çäresiniň jemleýji bölegine öwrüldi.

Giň gerimli medeni çäre hakyky dostluk we döredijilik baýramçylygyna öwrülip, özara düşünişmek, hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine möhüm goşant boldy. Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri iki doganlyk halkyň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny täze mazmun bilen berkitmäge bolan egsilmez islegini beýan etdi. Türkmen we eýran halklary taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen birleşendir.

Ozal habar berlişi ýaly, paýtagtymyz Aşgabada Eýrandan döredijilik ulgamynyň wekilleriniň uly topary, şol sanda medeniýet ulgamyna degişli edara--kärhanalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, aýdymçy sazandalar, suratkeşler, halk senetleriniň ussatlary geldi. Bu kärdeşleriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga, tejribe alyşmaga we özara gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etdi. Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde guralan duşuşyk medeniýet ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Hususan-da, duşuşygyň barşynda bilelikdäki döredijilik çärelerini guramakda täze çemeleşmeleri we däp-dessurlary utgaşdyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Eýranyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen çäreler aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny dostlukly halkyň dürli öwüşginli sungaty, onuň özboluşly däp-dessurlary, Eýranyň medeniýetde gazanan üstünlikleri bilen giňden tanyşdyrdy. Üç günüň dowamynda, 5-7-nji mart aralygynda paýtagtymyzda belli eýran aýdymçylarynyň we sazandalarynyň, meşhur toparlarynyň çykyşlary boldy, goňşy ýurduň kinolary görkezildi, häzirki zaman nakgaşlyk eserleriniň, foto suratlarynyň we amaly-haşam sungatynyň nusgalarynyň sergisi guraldy.

Şeýlelikde, paýtagtymyzyň “Watan” kinokonsert merkezinde eýran döredijilik toparynyň çykyşlary guraldy. Olar doganlyk halkyň gadymy medeniýetiniň baýlygyny we gözelligini tomaşaçylara açyp görkezdi.
“Aşgabat” kino merkezinde eýranly kinematografiýaçylar bilen duşuşyk kino sungatynyň muşdaklaryny diýseň begendirdi, şol ýerde soňky ýyllarda dürli žanrlarda surata düşürilen çeper filimler görkezildi.

Medeni çäräniň jemleýji güni Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda dostlukly ýurduň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin öz işini dowam etdi. Sergide belli erýan suratkeşleriniň, foto suratçylarynyň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň—hatdatlaryň, miniatýuraçylaryň, haşamlaýjylaryň, halyçylaryň, agaç we daş ussalarynyň işleri görkezildi.

Sergä gelen köp sanly adamlar pars şygryýetiniň nusgawy şahyrlarynyň eserlerini beýan edýän miniatýuralar, özboluşly heýkeller, hatdatçylyk sungatynyň nusgalary, ýazgylary çeper taýdan bezemek, gobelenler, milli lybaslar, dürli sowgatlyklar, goňşy ýurduň neşir önümleri, görnükli türkmen şahyrlarynyň we akyldarlarynyň dürli öwüşginli neşirleri we beýlekileri synladylar.

Döredijilik forumynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde biziň myhmanlarymyz ýurdumyzyň Döwlet medeni merkeziniň muzeýiniň gymmatlyklary, Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri we türkmen paýtagtynyň beýleki gözellikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

“Türkmenistan” kinokonsert merkezinde guralan iki dostlukly ýurduň artistleriniň baýramçylyk konsertiniň maksatnamasyny türkmen we eýran artistleriniň çykyşlary düzdi. Oňa halk aýdymlary we sazlary, tanslar, milli we dünýä saz medeniýetiniň sahypalarynda uly yz galdyran kompozitorlaryň eserleri girdi. Artistler aýdymlardyr sazlaryň we tanslaryň üsti bilen milli medeniýetiň özboluşlylygyny, iki halka mahsus bolan mähirliligi we parasatlylygy beýan etdiler.

Eýranyň medeniýet günlerine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we EYR-niň Prezidenti Hasan Ruhanä alyp barýan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk, iki döwletiň arasyndaky özara peýdaly medeni gatnaşyklary giňeltmek babatda alyp barýan syýasatlary üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Goňşy ýurtlaryň halklary agzybirlikde we ylalaşykda ýaşaýarlar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan gumanitar ulgamyndaky gatnaşyklara dünýäniň ähli ýurtlary we halklary, şol sanda doganlyk eýran halky bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny saklamagyň möhüm görnüşi hökmünde garaýarlar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter