Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri dabaraly açyldy | TDH
Medeniýet

Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri dabaraly açyldy

опубликованно 15.10.2018 // 550 - просмотров
 

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň maksatnamasy nesilden nesle geçip gelýän we aýawly saklanylýan medeni däpler, şeýle hem häzirki döwürde olaryň ösüşi barada giň düşünje almaga mümükinçilik berýär.

Dostlukly ýurtda halkymyzyň medeniýetine we sungatyna döredijilik işgärleriniň uly topary wekilçilik edýär, olaryň hatarynda Türkmenistanyň medeniýet we bilim ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, tanymal bagşylar we sazandalar, estrada aýdymçylary, paýtagtyň hem-de welaýatlaryň folklor toparlary, teatr, muzeý we kitaphana işgärleri bar.

Türkmenistanyň Medeniýet günleri Duşanbäniň Milli kitaphanasynda dabaraly açyldy, oňa iki ýurduň medeniýet ministrleri, şäher dolandyryş edarasynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň Täjigistandaky diňplomatik wekilhanasynyň, şeýle hem döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler däp bolup galan türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny baýlaşdyrmaga, taryhy mirasy, doganlyk iki halkyň baý däp-dessurlaryny wagyz etmäge niýetlenen Medeniýet günleriniň ähmiýetini nygtadylar.

Şol gün täjik paýtagtynyň Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby bilen tasnyşdyrylyş boldy, şeýle hem iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň duşuşygy geçirilip, onuň barşynda türkmen – täjik ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň çäklerinde açylan Türkmenistanyň sebitelriniň ählisiniň muzeýlerinden alnan žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi Duşanbäniň medeni durmuşynda şanly waka boldy.

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynyň artistleri Täjigistanyň A. Lahuti adyndaky akademiki teatrynyň sahnasynda “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby esasynda goýlan “Daýahatyn” oýnuny görkezdiler.

“Kohi Borbad” Döwlet toplumynyň sahnasynda görkezilen baýramçylyk konsertinde duşanbeliler we täjik paýtagtynyň myhmanlary türkmen aýdym-saz döredijiligi, bagşylaryň sungaty we folklor toparlarynyň özüne çekiji çykyşlary bilen tanyşdylar, türkmen estradasynyň ýyldyzlarynyň we tans toparlarynyň ussatlygyna, halk aýdymlarynyň şahyranalygyna hem-de çuňňur manylydygyna mynasyp baha berdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter