Türkmenistanyň döredijilik wekilýeti Täjigistanyň Hatlon oblastynyň Dusti şäherçesine baryp gördi | TDH
Medeniýet

Türkmenistanyň döredijilik wekilýeti Täjigistanyň Hatlon oblastynyň Dusti şäherçesine baryp gördi

опубликованно 15.10.2018 // 428 - просмотров
 

Türkmenistanyň Täjigistanda geçirilýän Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin gelen ýurdumyzyň wekilýetiniň agzalary Hatlon oblastynyň Jaýhun raýonynyň dolandyryş merkezi bolan Dusti şäherçesine baryp gördüler.

Dustide türkmenleriň uly diasporasy ýaşaýar, olaryň wekilleri ýurdumyzyň Täjigistanda geçirilýän Medeniýet günlerine gatnaşýan ildeşlerimiz bilen mähirli salamlaşdylar. Olar türkmen däbine görä, myhmanlary milli sazlardyr we täsirli tanslar, milli tagam -- pişme bilen garşylaylar.

Dabaranyň dowamynda Dusti raýonynyň dolandyryş edarasynyň wekilleri Ergeş Soltanow adyndaky daýhan birleşiginde mekdep gurmak başlangyjy we onuň gurluşygyna hut özüniň howandarlyk edýänligi üçin türkmen Liderine minnetdarlyk bildirdiler.

Medeniýet öýüniň foýesinde kitap sergisi gurnaldy, onuň aglaba bölegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleridir, şeýle hem türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri, çagalar edebiýaty, ýurdumyz, onuň taryhy, arheologik we tebigy gözellikleri, häzirki güni barada gürrüň berýän habarlar maglumatlarydyr.

Medeniýet öýüniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby bilen tanyşdyrylşyndan soňra Türkmenistanyň döredijilik işgärleriniň Hatlon oblastynyň bilim we medeniýet işgärleri bilen duşuşygyndan soň bolsa, türkmen-täjik dostlugy konserti boldy.

Göz öňünde tutulan çäreler tamamlandan soň ýurdumyzyň wekilýetini türkmen ruhunda bolan toýa çagyrdylar. Türkmen artistleriniň ýerine ýetiren küştdepdisi ýaş çatynjalar, olaryň dogan-garyndaşlary we obadaşlary üçin ýakymly sowgat boldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter