Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi ýapyldy | TDH
Medeniýet

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi ýapyldy

опубликованно 27.02.2015 // 788 - просмотров
 

Aşgabat, 27-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň X ýöriteleşdirilen sergisi öz işini tamamlady. Aşgabatda yzygiderli geçirilýän bu ykdysady forum türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyny hem-de hyzmatdaşlaryň dürli ugurlar boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge özara gyzyklanmasyny nobatdaky gezek äşgär etdi.

Türkmenistan ykdysady kuwwatyny ynamly artdyryp, halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak strategiýasyny yzygiderli amala aşyrýar hem-de täze tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp düzmeleri önümçilige ornaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli ýöredýän “Açyk gapylar” syýasaty daşary ýurtly maýadarlary ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň giň gerimli taslamalaryny amala aşyrmaga, geljegi uly türkmen bazarynda mynasyp orun eýelemäge ymtylýan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ägirt uly ünsüni özüne çekýär.

Paýtagtymyzda geçirilen nobatdaky sergide hem Eýranyň dürli senagat merkezlerinden öňdebaryjy iri konsorsiumlaryň we hususy kompaniýalaryň 120-den gowragy öz teklipleri, senagat işläp taýýarlamalary we hyzmatlary bilen tanyşdyryp, türkmen bazarynyň uly isleg bildirýän döwrebap tehnikalaryny we enjamlaryny, gurluşyk serişdelerini we himiýa önümlerini, metal gurluşlaryny, awtomobilleri we durmuş harytlaryny, dokma we azyk önümlerini hem-de beýleki önüm öndürýänleriň sanawyny ep-esli artdyrdy.

Serginiň işiniň barşynda geçirilen tanyşdyrmalara işjeň gatnaşanlaryň hatarynda biziň ýurdumyz bilen, onuň ýol-ulag we nebitgaz, gurluşyk, elektroenergetika, suw hojalygy we obasenagat toplumlary ýaly ileri tutulýan ugurlarynda özara gatnaşyklaryň uly tejribesine eýe bolan ygtybarly hyzmatdaşlar bar. Olaryň hatarynda “ISTA”, “Fanavazan enerjy”, “Jouybar”, “Sepahan industrial”, “Sadra porofile tehran”, “Khoshnam khorasan”, “Sane mashhad”, “Bojnord plastic”, “Esfarayen industrialcomplex”, “Kayson”, “Bojnord cement”, “Towzingar Co.”, “Oil Desigh & Construction Co.”, “Arian trading”, “Kabir panel” kompaniýalary we beýlekiler bar.

Ulaglaryň we enjamlaryň, uly agramly gurluşlaryň, metaldan, polipropilenden we aýnadan turba önümleriniň, dürli maksatly örtüji we bezeg örtükleriniň nusgalarynyň, elektrik abzallaryň we enjamlaryň maketleriniň köp sanly diwarlyklarynyň golaýynda hojalyk harytlarynyň—öý mebelleriniň we garniturlarynyň, el we fabrik halylarynyň, ýapynjalaryň, saçaklaryň we ýaglyklaryň, önümler üçin dürli görnüşli karton turba we metal gaplarynyň, durmuş himiýasy we motor ýaglary guýulýan çüýşeleriň nusgalary ýerleşdirildi. Eýran kökeleriniň we süýjüleriniň, kakadylan önümleriniň, konserwirlenen gök önümleriniň, şireleriniň we içgileriniň hatarlary dürli öwüşginli gaplary bilen ünsüňi özüne çekdi.

Eýran halkynyň özboluşly amaly-haşam sungatynyň önümleri, sowgatlyklary sergä milli öwüşgin çaýdy.

Üç gün dowam eden serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de olaryň Eýran Yslam Respublikasyndan kärdeşleriniň işewür hyzmatdaşlygynda Sergi merkeziniň meýdançalarynda türkmen we eýran önüm öndürijileriniň, bilermenleriniň—ykdysatçylarynyň, marketing boýunça hünärmenleriniň, söwda telekeçileriniň köp sanly duşuşyklary we gepleşikleri geçirildi. Serginiň işlän günleri guralan türkmen-eýran işewürler maslahaty hem dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmäge bolan isleginiň uludygyny aýdyň görkezdi.

Ýurdumyzyň esasy pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň gatnaşan maslahatynyň gün tertibine ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny has-da giňeltmek, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, Gazagystan—Türkmenistan—Eýran halkara demir ýoluny gurmagyň ägirt uly taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge, özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga, iki dostlukly ýurduň telekeçileriniň arasyndaky işewür gatnaşyklary has-da giňeltmäge hyzmat eder.

Çykyş edenler ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etjekdigine hem-de türkmen we eýran halklaryny asyrlarboýy baglanyşdyrýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da berkejekdigine ynam bildirdiler.

Ykdysady serginiň jemleýji güni geçirilen ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşanlaryň hemmesine degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň X ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda türkmen topragyndaky myhmansöýerlik, ykdysady serginiň ajaýyp guralandygy we ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlyga berilýän giň goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edilýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter