Türkmenistan — Russiýa: medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk | TDH
Medeniýet

Türkmenistan — Russiýa: medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk

опубликованно 19.10.2018 // 468 - просмотров
 

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Ýüpek ýoly: gadymyýetden häzirki güne çenli” diýen at bilen “tegelek stol” geçirildi. Medeniýet ministrligi tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guralan foruma ýurdumyzyň hem-de Russiýanyň ylmy toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki Türkmen-rus orta umumybilim berýän mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar.

Beýik Ýüpek ýolunyň döreýşi, onuň sebitiň ýurtlarynyň medeniýetine hem-de taryhyna täsiri, bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iri möçberli başlangyçlary bilen täzeden dikeldilýän bu kerwen ýolunyň häzirki zaman dünýäsindäki ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

“Tegelek stoluň” mejlisi başlamazdan öňürti, Döwlet muzeýiniň zallary bilen tanyşlyk guraldy. Bu ýerde myhmanlara türkmen döwletiniň taryhy, hünärmentçiligiň we medeniýetiň gadymy ojaklary bolan Jeýtun, Altyndepe, Merw hem-de gadymy kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen beýleki taryhy künjekler bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Bu baradaky gürrüňler milli Liderimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen iki jiltlik kitabynda giňişleýin gürrüň edilýär. Kitapda taryhy maglumatlar getirilip, gadymy rowaýatlar barada gürrüň berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Ýoluň döremeginde hem-de işjeň hereket etmeginde esas goýujy orunlaryň biri türkmen halkyna degişlidir.

Bu kerwen ýoly gadymy siwilizasiýanyň üstünlikleriniň biri hasaplanylýar. Adamzat taryhynda ilkinji gezek ol Ýewropadan Hytaýa çenli aralygy öz içine alýan uly giňişlikde halklary birleşdirmek üçin giň ýol açdy hem-de dürli ugurlarda ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam berdi.

Forumyň barşynda çykyş edenler 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygarynyň ýurdumyzyň we umuman, sebitiň häzirki zaman ösüşiniň konsepsiýasyny beýan edýändigini nygtadylar. Ol bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “Açyk gapylar”, oňyn Bitaraplyk, özara hormat goýmak, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna daýanýar.

Russiýadan gatnaşyjylar — dürli döwürlerde Türkmenistanyň çäklerinde arheologik ýadygärlikleriň ylmy barlaglaryna gatnaşan Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň görnükli alymlary, Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy ylmy we ylmy-populýar neşirleriniň wekilleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlarynyň, onuň dowamyndaky medeni özara baglanyşyklaryň döreýşi, medeniýetleriň özara baýlaşyşy we beýleki ugurlar barada hasabatlar hem-de ylmy maglumatlar bilen çykyş etdiler.

Türkmen kärdeşleri — Ylymlar akademiýasynyň hünär ugurly institutlarynyň, Döwlet muzeýiniň, Golýazmalar institutynyň işgärleri halklary hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmagyň ýagdaýy hökmünde bu gadymy ýoluň özboluşlylygynyň wagyz edilmegine aýratyn üns berdiler.
Şunuň bilen baglylykda, 2018 — 2021-nji ýyllarda ylmy-barlag işlerini we
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşen taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň, medeni mirasy öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti bellenildi.

Maksatnama daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, arheologiýanyň, binagärligiň, etnografiýanyň we taryhyň dürli meseleleri boýunça barlaglary amala aşyrmagy, toplumlaýyn dikeldiş hem-de abatlaýyş işleriniň geçirilmegini we beýlekileri göz öňünde tutýar. Onuň baş maksady, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ösüp gelýän ýaş nesli buýsanç we milli gymmatlyklara hormat goýmak ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr.

Duşuşygyň ahyrynda foruma gatnaşyjylar halkymyzyň medeni mirasyny, ruhy-ahlak däplerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak meselelerine yzygiderli berýän ünsi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şol meseleleriň çözülmegine ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýylda geçirilýän köp ugurly çäreler hem ýardam edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter