Türkmenistanda Iordaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanda Iordaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

опубликованно 19.10.2018 // 669 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Rifaýenden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy milli Liderimiziň adyndan myhmany ýurdumyzdaky diplomatik wekilhananyň ýolbaşçylygyna bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň we Iordaniýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de ähli türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Diplomatyň belleýşi ýaly, Patyşalykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýöredýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, durnukly ösüşiň esaslaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge, häzirki döwrüň ählumumy ulag, energetika hem-de ekologiýa wezipelerini çözmäge gönükdirilen halkara tekliplerine işjeň, ýokary baha berýärler we doly goldaýarlar.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeler hem-de
baş maksady halkymyzyň abadançylygy, onuň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň özeni bolan iri möçberli taslamalar we maksatnamalar barada gürrüň berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmek boýunça ýurdumyzyň işjeň garaýşy bellenildi, şolaryň amala aşyrylmagy aýdyň durmuş häsiýetine eýedir.

Doly ygtyýarly wekil türkmen parlamentiniň düzümi we köpugurly işi bilen hem tanyşdyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda Ismail Rifaýen Iordanýianyň biziň ýurdumyz bilen döwletara gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

***

Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde kabul edildi, şonda dostlukly ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter