Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 19.10.2018 // 928 - просмотров
 

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyny, ýurdumyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň şöhratly taryhyny, milli mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetlerini kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler we şu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Karary “Edebiýat we sungat” gazetinde dolulygyna çap edilýär.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Hazar deňzi bilen bagly halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, sebitde halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagyna gözegçilik etmek boýunça işleri sazlaşykly dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetine we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasyna 2018-nji ýylyň 30 — 31-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Hazarýaka döwletleriniň degişli wekilleriniň gatnaşmaklarynda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň gözegçiligi boýunça Utgaşdyryjy komitetiň (KASPKOM) 23-nji mejlisini geçirmek tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter