Dünýä dillerini öwrenmek — hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýoly | TDH
Jemgyýet

Dünýä dillerini öwrenmek — hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýoly

опубликованно 22.10.2018 // 1410 - просмотров
 

20-nji oktýabrda paýtagtymyzyň Gurtly ýaşaýyş toplumynda ilata dürli hyzmatlary, ilkinji nobatda dilleri öwrenmek, onuň nazaryýetini hem-de terjime işlerini özleşdirmek hyzmatlaryny hödürleýän «Dalçyn» bilim merkeziniň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmen hususy kärhanasynyň bu ugurda alyp barýan işleri abraýly daşary ýurt hyzmatdaşlary, has takygy, Angliýanyň gadymy ýokary okuw mekdepleriniň biri Kembrij uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygynyň netijesinde aýratyn ösüşe eýe boldy.

Dabara Bilim ministrliginiň, Beýik Britaniýanyň Birleşen Patyşalygynyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary, bilim merkeziniň mugallymlary we beýlekiler gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan konsepsiýasy kesgitlenilen dil babatyndaky syýasat Türkmenistanda geçirilýän bilim özgertmeleriniň möhüm ugurlarynyň biri boldy. Onuň maksady iň täze tehnologiýalary özleşdirmäge hem-de ylymda we tehnikada oňyn özgertmeleriň başynda durmaga, şeýle hem iň möhüm hünär maglumatlaryndan habardar bolmak üçin daşary ýurt dillerini özleşdirmäge ukyply halkara derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagydyr.

Ýokarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt dillerini öwrenmegiň häzirki zaman usulyýetlerini ornaşdyrmak üçin “Dalçyn” hususy kärhanasy Kembrij uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi. Munuň özi türkmen firmasyna dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biriniň okuw serişdelerini peýdalanmaga ygtyýarly ýurdumyzda ilkinji resmi wekili bolmaga mümkinçilik berdi.

Bu merkez Türkmenistanda has uly isleg bildirilýän bäş dili — türkmen, iňlis, rus, nemes we fransuz dillerini öwrenmegi hödürleýär. Diňleýjileriň köpüsi iňlis dilini öwrenmäge gyzyklanma bildirýär, sebäbi ol halkara gatnaşyklarda giňden ulanylýan dil bolup durýar.

Bilim merkeziniň şahamçasynyň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “Açyk gapylar” hem giň hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde Türkmenistan halkara maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň, syýasy geňeşmeleriň we döredijilik çäreleriniň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi. Şeýle hem ýurdumyzda durnukly ösýän türkmen bazarynda öz orunlaryny berkitmäge çalyşýan hem-de ýurdumyzyň hünärmenlerini işe çagyrýan Türkmenistanda hereket edýän daşary ýurt kompaniýalarynyň sany artýar. Şeýlelikde, dürli ulgamlarda daşary ýurt dillerini bilýän ýokary derejeli hünärmenlere isleg ýyl-ýyldan barha ýokarlanýar. Daşary ýurt dillerini kämil derejede özleşdirmek olara bildirilýän üýtgewsiz talap bolup durýar.

Ýurdumyzyň hususy kärhanasynyň we dünýäniň iň iri ýokary okuw mekdepleriniň biriniň hyzmatdaşlygynyň netijesinde Türkmenistanda Kembrij uniwersitetiniň ygtyýarlandyrylan edebiýatynyň ilkinji dükany açyldy, bu ýerde alyjylara diňe bir okuw kitaplary we usulyýet gollanmalary däl-de, asyl dilde — iňlis dilindäki çeper edebiýat, awiasiýa, nebitgaz ulgamy, syýahatçylyk ýaly beýleki ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça kitaplar hödürlenilýär.

Bilim merkeziniň açylmagy netijesinde onlarça iş orunlarynyň döredilendigi möhüm ähmiýete eýedir, bu ýerde diňe bir daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlar däl, eýsem, beýleki ugurdaky hünärmenler hem işläp bilerler. Indi “Dalçyn” HK-synyň şahamçasynyň täze binasynyň bir ýarym müň inedördül metrlik meýdanynda kärhana ähli ýaşdaky diňleýjilere peýdaly bolan şekillendiriş sungaty, kompýuter sowatlylygy, matematika we telekeçilik boýunça okuwlary hödürläp, öz işini giňeldýär.

Täze şahamçada okuw ýylynda 2 müňe çenli okuwçy okap biler, munuň özi öňküsinden 1200 adam köpdür. Kembrij uniwersitetiniň ygtyýarlandyrylan edebiýatynyň dükany, serişde merkezi, giň naharhana we açyk howadaky sport meýdançasy diňleýjileriň hyzmatynda bolar.

Okuwçylaryň arasynda daşary ýurt dilinde gürleşmegi ýola goýmak arkaly alnan bilimleriň ylmy esasda we örän netijeli özleşdirilmegi bu okuwlaryň tapawutly aýratynlygydyr.

Bu ýerde toparlardaky okuwçylaryň sany 15-den geçmeýär, munuň özi bolsa sapak wagtynda mugallyma her bir diňleýjä ünsi gönükdirmäge mümkinçilik berýär.

Täze öwrenijilere iňlis dilini öwretmek boýunça maksatnama alty tapgyra niýetlenip, 18 aýa golaý wagty öz içine alýar.

Dil bilmekde taýýarlyklary has güýçli diňleýjiler okuwy gysgaldylan maksatnamalar boýunça tamamlap bilerler.

Okuwyň ähli tapgyrlaryny geçen diňleýjiler ýeterlik tagalla edenlerinde bilim we tejribe goruna eýe bolarlar. Bu bolsa olara işe girmekde ýa-da daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa alynmakda zerur bolan synaglary IELTS halkara ölçeglerine laýyklykda tabşyrmaga mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň taryhyny bilýän, öz ýurdunyň häzirki ýokary gazananlaryna guwanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň ýokary bilimli nesillerini ösdürip ýetişdirmek biziň esasy wezipämizdir diýip nygtaýar.

Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işlejek ýokary derejeli geljekki hünärmenlere halkara ylmy maslahatlara, medeni we sport çärelerine gatnaşmak, daşary ýurtlardaky türkmen kompaniýalarynda ýa-da ýurdumyzdaky daşary ýurt kompaniýalarynda we beýlekilerde işlemek bilen Türkmenistana wekilçilik etmek wezipesi garaşýar.

Türkmenistanda dünýä dillerini öwrenmäge bolan gyzyklanmanyň artmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler syýasaty netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň täze hil derejesine çykýandygyna şaýatlyk edýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter