Türkmen nebit önümleriniň eksport düzümleri döwrebaplaşdyrylýar | TDH
Ykdysadyýet

Türkmen nebit önümleriniň eksport düzümleri döwrebaplaşdyrylýar

опубликованно 24.10.2018 // 489 - просмотров
 

Şu gün Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümlerini saklamak we düşürmek üçin niýetlenen awtomatlaşdyrylan Kenar kärhanasynyň täze demirýol estakadasy ulanmaga berildi.

Bu desganyň işe girizilmegi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit terminalynyň goýberiş ukybyny ep-esli artdyrmaga, sebitde iri nebithimiýa kärhanasynda çykarylýan önümleri ýurdumyzyň we daşary ýurtlularyň sarp edijilerine ygtybarly iberilmegini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder. Täze demirýol estakadasy demir ýol boýunça ýylda nebit önümleriniň 3 million 850 müň tonnasyny, şol sanda awtomobil benzininiň 1 million 800 müň tonnasyny çeleklere ýüklemäge we ibermäge şert döreder.

Halkara ülňülerine laýyk gelýän toplum häzirki zaman tehnologiýa hem-de gözegçilik-ölçeýji enjamlar, degişli programma-tehniki serişdeler bilen üpjün edilendir. Bu enjamlar dolandyryş işlerini, nebit önümlerini düşürmegi-ýüklemegi awtomatlaşdyrmagy, enjamlaryň işi barada dessin maglumaty almagy, maglumatlary takyk hasaplamagy, olary gaýtadan işlemegi, şeýle hem awariýalara we ýangyna garşy gorag ulgamlarynyň awtomatlaşdyrylmagyny üpjün edýär.

Estakadanyň iki ýoly bar, bu bolsa şol bir wagtyň özünde her tarapdan birnäçe çelege hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Olaryň biri uçar ýangyjyny düşürmek, beýlekisi bolsa awtomobil benzinini, dizel ýangyjynyň we beýlekileriň dürli görnüşlerini düşürmek üçin peýdalanylar. Nebit önümlerini çeleklere guýmak işleri agramy çekmegiň awtomatlaşdyrylan usulyny peýdalanmak bilen, bellenilen agramlyk boýunça ýerine ýetiriler.

Bu ýerde şeýle hem nebit önümleri guýlanda ýüze çykýan buglary alyp galmaga we ýygnamaga mümkinçilik berýän ýörite enjamlar göz öňünde tutulandyr. Şeýlelik bilen nebit önümleriniň ýitgisiniň, esasy zat bolsa daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňi alnar. Mundan başga-da, taslama durmuşa geçirilende, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan goýberilýän uçar ýangyjy akdyrylýan turbalarda ýokary derejede arassalaýan süzgüçler oturdyldy. Munuň özi ýangyjyň hilini gowulandyrar, netijede, uçarlaryň howpsuzlygy ýokarlandyrylar.

Demir ýol estakadasynyň goýberiş-sazlaýyş işlerini “Türkmengaz” döwlet konserni hem-de Gollandiýanyň “Krohne Oil&Gas B.V.” kompaniýasy tarapyndan esaslandyrylan bilelikdäki “Türkmengazavtomatika&Krohne» kärhanasynyň hünärmenleri ýerine ýetirdiler. Bu kärhana nebitgaz toplumynyň ýokary tehnologiýaly desgalarynyň taslamalaryny düzmekde, olary dolandyrmagyň innowasiýa ulgamlary hem-de elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde, zerur bolan programma üpjünçiligini işläp düzmekde ýöriteleşdirilendir. Şeýle hem bu kärhana gurluşyk-gurnama hem-de goýberiş-sazlaýyş işlerini, ulanmaga berlenden soňra desgalara tehniki hyzmat etmegi ýerine ýetirýär.

Türkmenbaşy şäherinden birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýän nebit önümlerini saklamak we düşürmek boýunça Kenar kärhanasy Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen turbageçirijiler arkaly birleşdirilendir, olar boýunça nebit önümleri deňiz nebit guýujy terminala akdyrylýar. Bu ýerden milli deňiz flotunyň hem-de beýleki döwletleriň gämileri olary daşarky bazara äkidýär. Bu ýerden şeýle hem Balkan welaýatynyň günorta-günbatar çäginde ýerleşýän ýataklardan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna çig nebiti ibermegiň demir ýoly geçýär.

Şeýle hem nebit önümlerini saklamak we düşürmek boýunça Kenar kärhanasynyň “SCADA” maglumatlaryny işlemek we geçirmek boýunça telekommunikasiýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylandygyny bellemek gerek. Bu bolsa nebit önümlerini kabul etmek, saklamak hem-de düşürmek, ähli desgalary dolandyrmagyň ygtybarlylygyny, degişlilikde Hazaryň kenarynda ýerleşýän toplumyň ekologiýa howpsuzlygy ugrundaky işleriň awtomatlaşdyrylmagynyň ýokary derejesini üpjün edýär.

Ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, olaryň tehniki we tehnologiýa taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugrudyr. “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, ýakyn geljekde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze tehnologiýa enjamlaryny gurmak meýilleşdirilýär, olar işlenip çykarylýan nebit önümleriniň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter