Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi

опубликованно 25.10.2018 // 713 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi işini tamamlady. Mejlis Daşary işler ministrligi, Senagat ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň hünär ugurly düzümleriniň esasy hünärmenleri hem-de bu ulgamyň bilermenleri gatnaşdylar.

3 günlük mejlisiň gün tertibine Hazar deňzinde biologiýa serişdelerini bikanun tutmaga (brakonýerçilik) garşy göreşmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda teswirnamanyň taslamasyny ylalaşmak baradaky meseleler girizildi. Bu resminamanyň işlenilip taýýarlanylmagy 2010-njy ýylda Bakuwda (Azerbaýjan) geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň III sammitinde Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ylalaşyk arkaly göz öňünde tutulandyr.

Türkmenistan bu ylalaşyk boýunça teswirnamalaryň ikisini işläp taýýarlamagy öz üstüne aldy. Şolaryň biri brakonýerçilige garşy göreşmek boýunça teswirnamadyr.

Ylalaşyk 2014-nji ýylda güýje girip, terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, ýaraglaryň, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, kontrabanda, adam söwdasyna we bikanun migrasiýa garşy göreşmek ýaly ulgamlarda taraplaryň ygtyýarly edaralarynyň gatnaşyk etmegi, deňiz gämiçiliginiň howpsuzlygyny üpjün etmek we beýlekiler üçin hukuk esasyny döredýär. Ol maglumatlary we iş tejribesini alyşmagy, duşuşyklaryň, geňeşmeleriň we beýleki çäreleriň geçirilmegini hem-de oňa degişli teswirnamalaryň baglaşylmagyny göz öňünde tutýar.

Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda aýratyn orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň, BMG-niň “Rio+20” ählumumy maslahatynyň münberinden hem-de bäştaraplaýyn Hazar maslahatlarynyň barşynda beýan eden döredijilikli başlangyçlary bu sebitde netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine ýurdumyzyň ygrarlydygyny tassyklaýar.

Türkmen Lideriniň teklibi bilen, 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň IV sammitinde Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlary öňünden duýdurmak we olary ýok etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk hem-de Hazar deňziniň suw biologiýa serişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly peýdalanmak hakynda ylalaşyk ýaly möhüm halkara resminamalar taýýarlanyldy hem-de şolara gol çekildi.

Döwlet Baştutanymyz ekologiýa we daşky gurşawy goramak, täsin tebigy suw howdanynyň bioköpdürlüligini gorap saklamak, baýlyklaryny rejeli peýdalanmak ulgamyny sebit hyzmatdaşlygynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi. Ýurdumyz Hazar deňzinde bar bolan hem-de ýüze çykmagy mümkin ekologiýa meseleleriniň öňüni almakda goňşy döwletler we hyzmatdaşlar, abraýly halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda çözgüdini tapmagyň täze çemeleşmelerini hödürleýär.

Şu ýylyň awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen V sammitde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa hem-de Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Hazarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem-de ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda, deňizde hadysalaryň öňüni almak hakynda hökümetara Ylalaşyklar kabul edildi. Mundan başga-da, Hazar deňzinde howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga üç teswirnama — terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek hem-de serhet goşunlarynyň edaralarynyň özara hereketleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekildi. Şolar bäştaraplaýyn gatnaşyklara hil taýdan täze depgin bermäge gönükdirilendir.

Häzirki mejlisde bilermenleriň ara alyp maslahatlaşýan Hazar deňzinde biologiýa serişdelerini bikanun tutmaga (brakonýerçilik) garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda teswirnamanyň taslamasy hem bu ulgamda bilelikdäki tagallalary üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilendir. Duşuşygyň çäklerinde taraplaryň her biri tebigaty goramak ulgamynyň wajyp meseleleriniň birini çözmäge gönükdirilen tekliplerini aýtdylar. Şunda deňizde balyk gorlaryny aýawly saklamak we artdyrmak, deňiz giňişliginde balykçylyk bilen meşgullanmak işini düzgünleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Diňe jogapkärçilikli, pugta ylmy taýdan çemeleşmäniň uzak geljekde sebitiň balykçylygy üçin zyýansyz işleriň üstünlikli ösdürilmegini üpjün ediljekdigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti V Hazar sammitinde eden çykyşynda Hazarýaka döwletleriniň bäşisi tarapyndan döredilen hökümetara edaralaryň arasynda ýakyn utgaşyklygyň zerurdygyny belledi. Bäş ýurduň bilermenleri alyp baran işleriniň barşynda Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly peýdalanmak hakynda ylalaşyk bilen döredilen suw biologik serişdeleri gorap saklamak, oýlanyşykly peýdalanmak we olary bilelikdäki gorlar arkaly dolandyrmak boýunça Komissiýanyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylýan teswirnama amala aşyrylanda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar Hazaryň tebigy baýlyklaryny gorap saklamaga we artdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň toplumyny kabul etmek babatda pikirlerini aýtdylar. Biologiýa serişdeleriniň we täsin suw giňişliginiň deňiz gurşawynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda agzaldy. Bu deňiz örän köpdürli ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan tebigatyň hakyky merjenidir. Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri — Hazar düwleni diňe şu ýerde ýaşaýar we dünýäde uly ähmiýete eýe bolan sebitiň biologik köpdürlüliginiň gymmatly genofonduny emele getirýär. Täsin bekre balyklary deňiz giňişliginiň gymmatly jandarydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gojaman Hazaryň täsin ekoulgamyny, ekologiýa howpsuzlygyny gorap saklamak meseleleri boýunça başlangyçlary Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň biragyzdan goldawyna eýe bolýar. Sammitleriň çäklerinde milli Liderleriň gatnaşmagynda Hazar deňzine ýaş bekre balyklaryny goýbermek çäreleriniň ençeme gezek geçirilmegi hem özboluşly mana eýedir. Bu çäreler kenarýaka ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygynyň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Şol hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklaryny oýlanyşykly peýdalanmak maksady bilen gatnaşyk etmekden ybaratdyr.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, diňe toplumlaýyn çemeleşmäniň hem-de döwrüň ählumumy wezipelerini, şol sanda daşky gurşawy goramak, tebigatdan aýawly peýdalanmak, Hazaryň bioköpdürlüligini gorap saklamak ulgamynda öňde duran wezipeleri çözmekde dünýä jemgyýetçiliginiň birleşen tagallalarynyň Hazar ýakasynda ýaşaýan halklaryň we tutuş adamzadyň bähbidine hem-de abadançylygyna hakyky oňyn täsirini berip biljekdigini nygtadylar.

Türkmenistan sebitde köptaraply gatnaşyk etmek meseleleri boýunça gepleşiklere işjeň gatnaşyjy hökmünde Hazar deňziniň ykbalyna umumy jogapkärçiligiň esasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter