Türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi

опубликованно 26.10.2018 // 711 - просмотров
 

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-täjik toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi, oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň esasy ministrlikleriniň ýolbaşçylaryndan we hünärmenlerinden, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerinden ybarat uly topar Täjigistanyň paýtagtyna geldi.

Nobatdaky duşuşygyň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri we Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Emomali Rahmonyň gepleşikleriniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meseleleri girizildi.

Taraplar soňky ýyllarda birnäçe ugurlarda, ozaly bilen bolsa söwda-ykdysady ulgamda has işjeňleşen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny seljerdiler. Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň tagallalary birleşdirmegiň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemäge, özara bähbitli bilelikdäki taslamalary, şol sanda sebit hyzmatdaşlygynyň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmasy iki ýurduň hojalyk düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berdi.

Türkmen we täjik Liderleriniň geçirýän yzygiderli duşuşyklary gatnaşyklaryň ösdürilmegine ägirt uly oňyn itergi berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Täjigistana bolan resmi saparynyň çäklerinde hökümetara ylalaşyklaryň 13-sine gol çekildi. Örän möhüm resminamalaryň hatarynda Strategik hyzmatdaşlyk hakynda şertnama bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Duşenbe şäherine şu gezekki saparynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapky ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi, olaryň barşynda ýakyn ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ugurlary bellenildi. Soňra duşuşyklar hökümetara toparyň çäklerinde dowam etdirildi, toparyň agzalary hyzmatdaşlygyň anyk gurallaryny ara alyp maslahatlaşdylar, bitewi bir pikire esaslanyp, hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda eksport-import amallarynyň ösdürilmegine ýardam edýän iş ýüzündäki geljekki ädimleri talap edýändigini bellediler.

Söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklary, ulag we energetika pudaklary, ekologiýa, bilim, medeniýet, sport ulgamlary ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň wekilleri täjik kärdeşlerini milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzda bu ulgamlary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hem-de hyzmatdaşlyk üçin täze açylýan mümkinçilikler bilen tanyşdyrdylar, öz anyk tekliplerini hödürlediler.

Nebitgaz toplumy boýunça Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Täjigistanyň alýuminiý kompaniýasy bilen nebit koksuny ibermek babatynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Öz nobatynda Türkmenistan Täjigistan Respublikasyndan alýuminiý simlerini almaga gyzyklanma bildirdi.

Täjik işewürler toparlary tarapyndan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýokary hilli önümlerini (benzin, dizel ýangyjy, uçar kerosini, hereketlendirijiler üçin ýaglar, suwuklandyrylan gaz we polipropilen) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklaryna gatnaşmak arkaly satyn almaga gyzyklanma bildirildi. Täjik kompaniýalarynyň “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilýän suwuklandyrylan gazy, kükürdi, gazhimiýa önümlerini (polietilen, polipropilen we gazbenzin) satyn almak mümkinçilikleri öwrenilýär.

Mundan başga-da, täjik kompaniýalary “Türkmenistanyň nebiti we gazy” halkara maslahatyna hem-de halkara gaz kongresine gatnaşmaga çagyryldy.

Elektroenergetika türkmen ykdysadyýetiniň ýene bir möhüm pudagydyr. Pudagyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de onuň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy netijesinde Türkmenistan bu ugurda hem önümçiligiň we eksportyň möçberlerini ýyl-ýyldan artdyrýar. Biz güýz-gyş pasyllarynda, haçan-da elektrik energiýasyna islegiň birnäçe esse artýan döwründe Owganystanyň üsti bilen Täjigistana onuň iberilmegini amala aşyrmaga taýýardyrys diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň Duşenbä bolan sapary mahalynda kärdeşi Emomali Rahmon bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça meseleleriň uly toplumyna garaldy. Bellenilişi ýaly, ulag düzümi köp sanly iri milli we sebit ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň hereketlendiriji güýji bolup, daşary söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam berýär. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda Aşgabatda hem-de Türkmenabat şäherinde halkara howa menzilleri, Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz porty ulanmaga berildi. Iri logistika merkezleriniň gurluşygy alnyp barylýar, içerki demir ýollar we awtomobil ýollary döwrebaplaşdyrylýar.

Iki döwletiň geografik ýagdaýyny we üstaşyr-ulag mümkinçiliklerini hasaba alanyňda bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň uly ähmiýeti bar. Şu nukdaýnazardan taraplar Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda göni howa gatnawynyň ýola goýulmagy hem-de möhüm düzümleýin taslamanyň öz wagtynda ulanyşa girizmek bilen Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegi babatda aýtdylar.

Dokma we azyk senagatynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi bar. Oba hojalygy we oba senagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklarynda, balyk hojalygynda gatnaşyklary ýola goýmak aýratyn wajyp bolup görünýär. Şu nukdaýnazardan iki döwletiň çäklerinde bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça çärelere garaldy. Olar oba hojalyk önümlerini: miweleri we gök önümleri, eti we süýdi gaýtadan işleýän, süýji önümlerini öndürýän kärhanalar-da, şeýle hem duzy gazyp çykarýan, gurluşyk serişdelerini, halylary, şol sanda el işlerini öndürýän kärhanalar hem bolup bilerler.

Hökümetara toparyň mejlisinde bilelikdäki işleri, şol sanda 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisinde kabul edilen Bilelikdäki beýannamadan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça sebitiň beýleki döwletleri we halkara guramalary bilen bilelikdäki işleriň geçirilmegine garaldy. Bu işler Aral deňziniň sebitiniň ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna hem, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hasaba almak bilen suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna hem degişli hyzmatdaşlyk ugurlaryny öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu meseläni birtaraplaýyn tertipde çözmek mümkin däldir hem-de olara täzeçe çemeleşmeleriň gözlenilmegi Orta Aziýada bolup geçýän we döwletleriň gatnaşyklarynyň dürli ulgamlaryny öz gerimine alýan goşulyşmak işleriniň işjeňleşmegine ýardam berýär.

Mälim bolşy ýaly, Täjigistanyň belent daglarynda Penj we Wahş derýalarynyň akymlarynyň goşulyşýan ýerinden Orta Aziýanyň iň köp suwly derýasy — Amyderýa öz gözbaşyny alýar, ol ýurduň iň iri derýa ulgamyny döredýär. Türkmenistanda gurulýan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň iň möhüm wezipeleriniň biri Amyderýanyň hapalanmagynyň öňüni almakdyr. Bu örän möhüm ekologiýa taslamasynyň maksady ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerlerinden lagym suwlaryny yzygiderli toplamak hem-de olary Garagumuň merkezindäki ägirt uly tebigy Garaşor çöketligine sowmak üçin bitewi lagym ulgamyny döretmekden ybaratdyr. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga hem-de sebit ösüşine goşýan uly goşandydyr.

Ynsanperwer ulgamynda, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat ugurlary boýunça Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasat köp babatda ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek esasynda guralýan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Şunda kitaphana we muzeý işi, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, işgärleri taýýarlamak we hünärmenleri alyşmak hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi. 2019-njy ýylda Türkmenistanda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmek barada teklip aýdyldy. Şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, taraplaryň ikisi hem bu ugurda uly mümkinçiliklere eýedir.

Gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalar Türkmenistanyň we Täjigistanyň dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Bilelikdäki toparyň mejlisiniň dowamynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, mümkin bolan maýa goýumlary we söwda taslamalary baradaky maglumatlary alyşmagy çaltlandyrmak, iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň ösdürilmegi, özara maýa goýumlarynyň akymynyň artdyrylmagy we beýlekiler üçin amatly ýagdaýy döretmek maksady bilen anyk maslahatlar işlenip taýýarlanyldy.

Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň sebitleriniň derejesinde gatnaşyklary, olaryň ykdysady düzümleriniň senagat taýdan goşulyşmagyny, göni söwda gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny höweslendirmek bu çäreleriň hatarynda görkezildi. Milli önümleriň gezekleýin köpugurly sergileriniň guralmagy, şeýle hem işewürler maslahatlarynyň geçirilmegi iki ýurduň işewürler toparlarynyň habardarlygynyň artdyrylmagyna ýardam berer.

Yzygiderli esasda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň geçirilmeginiň uly ähmiýetini belläp, toparyň agzalary şu gezekli mejlisiň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon tarapyndan öňde goýlan giň gerimli wezipeleriň oňyn çözülmegine, Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de taryhyň, medeniýetleriň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy esasynda birleşen iki doganlyk halkyň abadançylygyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi. Taraplar Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-täjik bilelikdäki toparynyň dokuzynjy mejlisini 2019-njy ýylda Aşgabatda geçirmek barada ylalaşdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter