Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasyna gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasyna gynanç bildirdi

опубликованно 28.10.2018 // 547 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdalla II ýurtda bolup geçen, adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren suw joşguny zerarly, çuňňur gynanjyny ýollady. Bu heläkçilikde çagalaryň gurban bolmagy has hem gynançlydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter